Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi

опубликованно 01.07.2019 // 332 - просмотров
 

2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda işleýän agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň baştutanlary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy ÝUNISEF-iň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili, şeýle hem BMGÖM-niň, HMG-niň, ÝUNFPA-nyň, BMG-niň Neşekeşlige we jenaýatçylyga garşy müdiriýetiniň, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilleri hem-de Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky toparlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda bilelikde geçirilen işleriň netijeleri jemlenildi, şeýle hem öňdäki döwür üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, bilelikdäki meýilnamalary we hyzmatdaşlyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini belläp, yzygiderli goldawy üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini aýtdy.

Ileri tutulýan wezipeler bilen baglylykda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlygynyň ýola goýlan guralyny belläp, durmuşa geçirilýän işleriň binýady bolup durýan birnäçe resminamalara aýratyn ünsi çekdiler. Olaryň hatarynda, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2016 —2020-nji ýyllarda ösüş maksatlarynyň hyzmatdaşlygynyň Çarçuwaly maksatnamasy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2016 — 2020-nji ýyllarda ýurt boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň meýilnamasy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyk, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasynda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNFPA-nyň arasynda 2016 — 2020-nji ýyllarda Ýurt maksatnamasynyň hereketleriniň meýilnamalary bar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we oňa seslenmegi utgaşdyrmakda Hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter