Sergeý Lebedew: Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän ýylynda Arkalaşygyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ösüşine kuwwatly itergi berildi | TDH
Syýasat habarlary

Sergeý Lebedew: Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän ýylynda Arkalaşygyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ösüşine kuwwatly itergi berildi

опубликованно 01.07.2019 // 361 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Siziň ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan we Türkmenistanyň kuwwatly, gülläp ösýän ýurda öwrülmegine gönükdirilen netijeli işiňiz çuňňur hormata mynasypdyr.

Siziň başlangyjyňyz bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän netijeli ösüş ugry ýurduň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanda durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda, milletara we dinara gatnaşyklaryň arasynda ylalaşygy üpjün etmekde, döwletiň we jemgyýetiň düzümlerini ösdürmekde Siziň tagallaňyz möhümdir.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän ýylynda Arkalaşygyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ösüşine kuwwatly itergi berildi hem-de dürli ugurlarda köptaraply möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine beslendi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter