Bütindünýä uniwersiadanyň açylyşy | TDH
Sport

Bütindünýä uniwersiadanyň açylyşy

опубликованно 04.07.2019 // 347 - просмотров
 

Italiýanyň Neapol şäheriniň «San-Paolo» stadionynda 3-nji iýulda XXX Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy.

Stadiondan dünýäniň 127 ýurdundan türgenler, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndy topary dabaraly ýöriş bilen geçdiler.

Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjo Mattarella talyp sport oýunlaryny açyk diýip yglan etdi, uniwersiadanyň alawyny meşhur italýan futbolçysy Lorenso Insinýe ýakdy.

Dabaranyň dowamynda iň häzirki zaman şüweleň tehnologiýalary peýdalanyldy, asmandan uniwersiadanyň nyşanynyň — suw perisi Partenopanyň peýda bolmagy tomaşaçylarda aýratyn ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Aýdyň öwüşginli tanslar ýerine ýetirildi, olara 1500-e golaý adam gatnaşdy, 16 ýaşly aýdymçy gyz, «Golos» atly italýan baýragynyň eýesi Karmen Perriniň çykyşy hem dabara öwüşgin çaýdy.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda belli italýan aýdymçy zenany we aýdymlary dörediji Malika Aýane, Ýewropanyň, dünýäniň we Olimpiýa oýunlarynyň gylyçlaşmak boýunça paralimpiýa çempiony Beatriçe Wio, suwa bökmek boýunça üç gezek olimpiýa çempiony Klaus Dibiasi we beýlekiler bar.

Talyp sporty Halkara federasiýasynyň (FISU) prezidenti Oleg Matysin öz çykyşynda 60 ýyl mundan ozal Italiýada ilkinji uniwersiadanyň geçirilendigini, hut şu ýerde bu sport hereketiniň başlanyp, soňra bütin dünýä ýaýrandygyny belledi.

Dabara gatnaşyjylaryň öňünde wideogörnüş arkaly Halkara olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda dünýä meşhur aýdymçy Andrea Boçelli ajaýyp sungaty bilen baýramçylyk dabarasyny has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň ýygyndysy dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenleriň ýörişinde Garaşsyz Watanymyzyň ýaşyl Tuguny buýsanç bilen göterip barýan baýdak göterijiniň öňbaşçylygynda geçdi.

Soňra Neapolitan aýlagynyň asmanyny baýramçylyk feýerwerki bezedi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň XXX Bütindünýä tomusky uniwersiada oýunlaryna dürli agram derejelerde dzýudoçylaryň bäsleşigi bilen girişýändiklerini ýatladýarys.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter