Türkmen pälwanlarynyň iki medaly | TDH
Sport

Türkmen pälwanlarynyň iki medaly

опубликованно 08.07.2019 // 535 - просмотров
 

Madridde 5 — 8-nji iýulda Ispaniýanyň «Gran-pri» halkara ýaryşy geçirildi. Oňa dünýäniň 47 ýurdundan güýçli türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy.

Bu ýaryşda Türkmenistana dürli agram derejelerinde çykyş edýän türgenleriň üçüsi wekilçilik edip, olar tutanýerli göreşiň barşynda bir altyn we bir kümüş medallary gazandylar.

Şeýlelikde, Balkanabat şäheriniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Borjakow (70 kilogram) öz agram derejesinde bäsdeşlerinden üstün çykyp, hormat münberiniň ýokarky basgançagyny eýeledi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Döwletmyrat Orazgylyjow 86 kilogram agram derejesinde jemleýji tutluşykda garşydaşyndan az-kem asgyn gelip, ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bedenterbiýäni we ýokary görkezijiler sportuny ösdürmäge uly üns berilýär. Sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmek boýunça degişli işler geçirilýär, türgenlerimiziň ussatlygy ýokarlanýar, geljekki çempionlarymyzyň hatarlary artýar.

Erkin göreş hem şol özgerişliklerden çetde galmady, netijede, milli ýygyndy toparymyzyň baýraklarynyň üsti dürli halkara ýaryşlaryň medallary bilen ýetirildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter