Demokratiýa we hukuk — döwletiň döredijilikli syýasatynyň sütünleri | TDH
Jemgyýet

Demokratiýa we hukuk — döwletiň döredijilikli syýasatynyň sütünleri

опубликованно 16.07.2019 // 190 - просмотров
 

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan, çärýekde bir gezek çykýan «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly ћurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda eden çykyşy bilen açylýar. Şonda milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz ýurdumyzda ylmyň we bilimiň beýik geljegine uly ynam bilen garaýarys. Munuň üçin bolsa, biziň anyk maksatlarymyz we meýilnamalarymyz, şeýle hem ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar. Olaryň ählisi döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ajaýyp mümkinçiliklerdir.

Makalalaryň sanawynda okyjylaryň giň toparyna, şeýle hem hukuk ulgamynyň hünärmenlerine, döwlet häkimiýet we dolandyryş, hukuk goraýyş edaralarynyň işgärlerine, ýerli öz-özüňi dolandyryş we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine niýetlenen seljeriş makalalary bar.

«Kazylaryň etikasynyň kodeksi — adyl kazyýetligiň dabaralanmagynyň kepili» atly makalada kazylaryň ahlak ýörelgeleriniň ähmiýetini berkitmäge gönükdirilen milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek meseleleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, kazylaryň etikasynyň kodeksiniň — ahlak kadalarynyň jeminiň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Onda bellenilen hukuk kadalarynyň sanawy her bir kazynyň jemgyýetde özüni degişli derejede alyp barmagyny hem-de wezipe borçlaryny halal we päk ýürekli ýerine ýetirmegini üpjün eder.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmekde bolşy ýaly, hukuk ulgamynda hem öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet bermeli. Bu meselä Berlinden kazy Ýorg Pudelkanyň «Germaniýanyň hukuk ulanyş tejribesinde kadalary düşündirmegiň we ýuridik delillendirmegiň esaslary» atly makalasy bagyşlandy.

Makalanyň awtory Ýewropanyň iş tejribesinde hukuk kadalaryny düşündirmegiň dürli usullarynyň ulanylyşy barada gürrüň berýär, şol kadalaryň hatarynda grammatiki, taryhy, ulgamlaýyn we beýleki düşündirmeler hem bar. Makalada hukuk kadalaryny düşündirmezden, kanunlary ýokary hilli ulanyp bolmaýandygy barada aýdylýar.

Şeýle hem okyjylar üçin ýurdumyzyň ulag syýasatynyň ähmiýeti barada makala hödürlenildi. Halkara gatnaşyklarda täze ugry — ulag diplomatiýasyny berkitmek boýunça milli Liderimiziň başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär diýlip bellenilýär.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ugurda giň gerimli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, yklym ähmiýetli baglaýjy halka hökmünde Türkmenistanyň ornunyň ep-esli artmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Makalada «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda» Kanunda kesgitlenen wezipeler we ýörelgeler jikme-jik beýan edilýär.

Žurnalyň nobatdaky sanynda çap edilen «Zähmeti ylmy esasda guramak — konstitusion we halkara kadalary durmuşa geçirmegiň wajyp ugry» atly makalada adamyň zähmete bolan konstitusion hukugyny berkidýän Esasy Kanunyň hem-de beýleki kanunçylyk namalarynyň düzgünleri getirilýär.

Bellenilişi ýaly, milli maksatnamalar işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek, zähmet hukuklarynyň derejesini ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny giňeltmek we durmuş hyzmatdaşlygyna ýardam etmek ýaly toplumlaýyn ugurlary öz içine alýar.

«Bagtyýar geljegiň hatyrasyna: sagdyn jemgyýet, kämil kanun» atly makalada ýaşlar syýasaty gozgalýar, bu mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, beden we ruhy taýdan kemala getirmek, bilim almaga, hünär edinmäge bolan hukuklary amala aşyrmak ýaly meselelere uly ähmiýet berilýär. Çünki ýaşlar Watanymyzyň ajaýyp geljegidir.

Täze taryhy döwürde döwrebap hukuk binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen konstitusion özgertmeleriň aýry-aýry ugurlary barada «Prokuraturanyň işinde umumy gözegçiligi amala aşyrmagyň usullary» atly makalada gürrüň berilýär. Kanunyň hökmürowanlygyny saklamakda hem-de düzgün bozmalaryň islendik görnüşleriniň öňüni almakda prokuratura edaralaryna uly orun degişlidir.

«Türkmenistanyň medeni mirasyny goramakda we öwrenmekde halkara ylmy hyzmatdaşlyk» atly makalanyň awtory okyjylaryň ünsüni döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen soňky ýyllarda kabul edilen hem-de milli medeni mirasymyzy goramaga, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny has-da artdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň ähmiýetine çekýär.

Bu makalanyň çäklerinde ÝUNESKO — BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen halkara hyzmatdaşlyk meselesi hem beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, bu guramanyň işi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenilýän desgalaryň ähmiýetine baha bermäge gönükdirilendir.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän žurnalyň okyjylarynda hukuk adalgalaryny döretmegiň çeşmeleri we ugurlary hakynda seljeriş makalasy hem gyzyklanma döreder.

Neşiriň bu sany «Senenama» habarlar bölümi bilen jemlenýär, onda bolup geçen wakalara berlen syn ýerleşdirilip, abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň we bilermenleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar barada habarlar berilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter