Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine

опубликованно 21.07.2019 // 908 - просмотров
 

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri!
Gadyrly lukmanlar!

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şoňa görä-de, biz berkarar döwletimizde ynsan saglygy ugrunda alyp barýan işlerimizi, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagy, saglygy goraýyş we derman senagatyny düýpli kämilleşdirmegi maksat edinýäris. Döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bu ulgamda uzak geljege gönükdirilen tutumly işleri amala aşyrýarys.

Garaşsyz döwletimizde ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman senagaty kärhanalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

Soňky ýyllarda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda ösen maglumat we kommunikasiýa tilsimatlaryny ornaşdyrmak arkaly elektron resminamalar dolanyşygy döredildi. Ösen ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde telelukmançylyk, telemaslahatlar arkaly tejribe alyşmak we näsaglara degişli maslahatlary bermek hyzmatlary ýola goýuldy.

Garaşsyz Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Kabul edilenine 24 ýyl dolýan Maksatnamada saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek boýunça esasy ugurlar hem-de wezipeler kesgitlendi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Aýratyn-da, eneleriň we çagalaryň saglygy goralyp, birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edilip, sagdyn durmuş ýörelgeleri durmuşa ornaşdyryldy. Ilatymyz ýerli ösümliklerden hem-de çig mallardan özümizde öndürilýän dermanlar, saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün edildi.

Adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak ýaly ýörelgeler ösdürildi. Bu bolsa ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagyna, keselçiligiň peselmegine, howply ýokanç dertleriň ýok edilmegine ýardam berdi. Raýatlarymyzyň öz saglygyny goramak boýunça sowatlylygyny hem artdyrdy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň ösen döwletleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk hem alnyp barylýar. Bitarap döwletimizde halkara maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly halkara maslahatyna ençeme ýurtlardan tejribeli hünärmenler we bilermenler gatnaşdylar. Bu maslahat saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmakda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Saglyk — 2020» syýasatynyň çäklerinde geçirilen Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Ýewropa ministrler maslahatynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň durmuşa geçirilişi we geljekki maksatlar bilen tanyşdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde, şeýle hem özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Maslahatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we olaryň garşysyna göreşmekde ýurdumyzyň goşan goşandy üçin güwänamanyň gowşurylmagy bolsa, bu ugurda Garaşsyz Watanymyzda gazanylan üstünlikleriň ykrar edilendigini aýdyň görkezdi.

Berkarar döwletimiziň 2020- 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020- 2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, şeýle hem 2020- 2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmeginiň, iýmit howpsuzlygynyň berjaý edilmeginiň, ýaramaz endiklere garşy barlyşyksyz göreşiň ýola goýulmagynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Biziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatymyz netijesinde, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklar yzygiderli giňelýär. Saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlyk Germaniýa, Awstriýa, Ýaponiýa, ABŞ, Koreýa Respublikasy, Russiýa, Belarus, Türkiýe we beýleki döwletler bilen ýola goýlup, barha ösdürilýär. Biz saglygy goraýyş ulgamyny, bu ugurdaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge hemişe üns bereris.

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri!
Gadyrly lukmanlar!

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, raýatlarymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter