Döwlet Baştutany Owganystana ynsanperwer kömeginiň täze tapgyryny ibermek barada Buýruga gol çekdi | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet Baştutany Owganystana ynsanperwer kömeginiň täze tapgyryny ibermek barada Buýruga gol çekdi

опубликованно 21.07.2019 // 535 - просмотров
 

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlarda ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde resminamada bellenilen önümleri muzdsuz bermek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter