Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik ýüküni iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik ýüküni iberdi

опубликованно 24.07.2019 // 252 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystan Yslam Respublikasynyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegini goldamak maksady bilen, goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwerlik ýüküniň uly tapgyry bilen ýörite awtoulag kerweni ugradyldy.

Doganlyk owgan halkyna muzdsuz kömek hökmünde derman we lukmançylyk serişdeleri, dokma önümleri hem-de çagalaryň egin-eşikleri, okuw kitaplary we mekdep esbaplary, süýji-köke önümleri, beýleki harytlar iberildi.

Türkmenistan parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine, parahat durmuşyň kemala gelmegine düýpli goşant goşýar. Ýurdumyz goňşy döwletiň halkyna yzygiderli goldaw bermek bilen, däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklaýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary, durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik hem-de açyklyk syýasaty biziň döwletlerimiziň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine hyzmat edýär, iki goňşy ýurduň halklaryny gadymdan gelýän dost-doganlyk hem-de ruhy taýdan umumylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Nobatdaky hoşniýetli çäre dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň mizemezliginiň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň soňky ýyllarda Owganystanyň dikeldilmegine işjeň gatnaşýandygyna, iş ýüzünde bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ýardam edýändigine ýokary baha berýär. Biziň ýurdumyz iň ýakyn goňşy bolmak bilen, hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamalary, şol sanda owgan halkyny elektrik energiýasy, suwuklandyrylan gaz bilen ýeňillikli şertlerde üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýar. Türkmen hünärmenleri Owganystanyň çäklerinde dürli maksatly möhüm desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde türkmen tarapy kiçi beketleri we elektrik geçiriji ulgamlary gurdy, şolaryň gerimi geljekde has giňeldiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary owgan raýatlaryna bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamynda muzdsuz kömek berýärler.

Geçen ýylyň fewral aýynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň OYR-nyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna badalga berildi, bu taslama hem-de TOP ugry boýunça kuwwaty 500 kWt bolan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň düýpli bähbitlerine hyzmat eder.

Sazlaşykly ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, täze bilelikdäki düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetiniň has-da ösmegine, möhüm durmuş meseleleriniň, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek bilen bagly meseläniň üstünlikli çözülmegine ýardam edip, ýurtdaky ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär.

Şeýlelikde, şu günki waka sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynsanperwerligiň belent maksatlaryna üýtgewsiz eýerýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Şol maksatlar bolsa, täze taryhy döwürde — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasy ugrunyň özenini düzýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter