Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini gutlady

опубликованно 25.07.2019 // 623 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Boris Jonsona Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.

Milli Liderimiz Gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny mälim etdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Boris Jonsona berk jan saglyk, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň dostlukly halkynyň gülläp ösmegine we rowaçlygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter