Birinji Hazar ykdysady forumy täze neşiriň sahypalarynda | TDH
Jemgyýet

Birinji Hazar ykdysady forumy täze neşiriň sahypalarynda

опубликованно 26.07.2019 // 253 - просмотров
 

«Hazar» türkmen-astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan şäheri) goldaw bermeginde Astrahan oblastynyň administrasiýasy bilen bilelikde neşir edildi.

Täze neşiriň sahypalarynda Hazarda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 11 — 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek babatdaky gatnaşyklaryň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy.

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji I.Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu foruma işjeň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň netijeleri boýunça degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, 11-nji awgustda Türkmenbaşy şäherinde Telekeçilik meseleleri boýunça türkmen-astrahan geňeşiniň birinji mejlisi geçiriler. Bu geňeş Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 11-nji mejlisiniň barşynda döredildi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürýärler. Bu babatda astrahanly mekdep okuwçylarynyň 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar deňzi ýurtlarynyň ikinji Çagalar medeni-sport festiwalyna gatnaşmagy, şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda Astrahanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 295 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki türkmen-rus konserti aýdyň mysal bolup biler.

I Hazar ykdysady forumy meselesine gaýdyp gelip, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň bu örän ähmiýetli waka uly gyzyklanma bildirýändiginiň forumyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekdäki we artdyrmakdaky täsirli ornunyň biçak uludygyna şaýatlyk edýändigini bellemelidiris. Onuň giň gerimliligi diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň däl, eýsem, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Forumyň gün tertibi barada aýdylanda bolsa, ol Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa bilen baglylykda, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça meseleleriň ençemesini öz içine alar. Garaşylyşy ýaly, forumyň çäklerinde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň orny, senagat, energetika, söwda, syýahatçylyk ulgamlaryna we beýleki pudaklara maýa goýumlaryny artdyrmak barada söhbetdeşlikler geçiriler. Munuň özi ýakyn we uzak geljegi nazara almak bilen, özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açar.

Öňümizdäki forumyň söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk hakyndaky hökümetara Ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça pikir alşylmagyna ýardam etjekdigi şübhesizdir. Şol resminamalara Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň netijeleri boýunça gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Hazar sebiti ägirt uly serişdeler, şol sanda energetika we ulag-üstaşyr kuwwatyna eýe bolan möhüm strategik sebitdir. Munuň özi bu ýerde umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna, birek-birege hormat goýmak we gatnaşýan taraplaryň ählisiniň bähbitleriniň deňagramlylygyna esaslanýan ylalaşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýratyn ähmiýetini şertlendirýär.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Hazar deňziniň meselesi boýunça duşuşyklaryň we halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitarap Türkmenistan hemişe şu sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmekde işjeň orny eýeläp, kenarýaka döwletleriň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar.

Ulag ulgamy netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Hazarýaka ýurtlaryň Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda örän amatly ýerleşmegi munuň şeýle bolmagyna ýardam edýär. Bu bolsa, köp şahaly ulag-üstaşyr we logistika düzümini döretmekde tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Şol düzüm bolsa «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi möhüm waka boldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu port Merkezi Aziýa we Hazar sebiti üçin strategik ähmiýete eýedir. Onuň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanylmagy Hazarýaka ýurtlary hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykaryp, olaryň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna goşulyşmagyna, kontinental multimodal aragatnaşyklar ulgamynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Bularyň ählisi forumyň maksatnamasynyň örän baý bolmagyny şertlendirýär. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary, döwletleriň, işewür toparlaryň wekilleriniň gepleşiklerini geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, halkara maslahat, şeýle hem Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi geçiriler. Onda gatnaşyjy ýurtlaryň milli diwarlyklary bilen birlikde, nebitgaz, energetika we himiýa pudaklaryndaky öňdebaryjy çözgütler, önümçilik enjamlary, dürli senagat önümleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň kuwwaty görkeziler.

Mundan başga-da, forumyň çäklerinde dünýäde awtomobil gurluşygy babatda gazanylanlary şöhlelendirýän «Türkmen sährasy — 2019» halkara sergisi geçiriler. Onda täze ýeňil, ýolagçy, ýük awtoulaglary we ýörite tehnikalar görkeziler, awtomobil gurluşygy ulgamynda innowasion işläp taýýarlamalar, awtoaudio we wideo elektronikada iň täze ugurlar öz beýanyny tapar. Giň möçberli gözden geçiriliş foruma gatnaşyjylara işewür duşuşyklar, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur şertleri döreder.

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan I Hazar ykdysady forumy Hazarda we oňa ýanaşyk sebitlerde köpugurly hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermäge, maýa goýum işini işjeňleşdirmäge, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, gojaman Hazary Ýewraziýada täze geoykdysady giňişligi kemala getirmekde möhüm orun eýeleýän hem-de häzirki döwrüň möhüm talaplaryna laýyk gelýän iri halkara ulag-üstaşyr halkasyna öwürmäge ýardam etmelidir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter