Aşgabatda Aral boýunça sebitleýin iş toparlarynyň duşuşygy geçirilýär | TDH
Jemgyýet

Aşgabatda Aral boýunça sebitleýin iş toparlarynyň duşuşygy geçirilýär

опубликованно 30.07.2019 // 351 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak» atly sebitleýin maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (CAREC) bilen bilelikde amala aşyrylýan Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada Neksus Dialog» atly taslamasynyň, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) «Suw, bilim we hyzmatdaşlyk» atly taslamasynyň hem-de ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň goldaw bermeginde AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guraldy.

Sebitleýin iş toparlarynyň mejlisine Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň, şeýle hem GIZ we CAREC guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

2017 — 2019-njy ýyllarda AHHG-nyň başlygy bolmak bilen, ýurdumyz bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge düýpli çemeleşip, ony ýörite işlenilip taýýarlanylan, Gaznanyň işini kämilleşdirmegi we onuň netijeliligini artdyrmagy, Aral deňzi sebitiniň ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygyny berkitmegi ugur edinýän Konsepsiýanyň esasynda amala aşyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu meseleleriň derwaýyslygy Merkezi Aziýanyň çäklerinden alyslara çykýar, şonuň üçin bu ýerde abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen işjeň gatnaşykda yzygiderli döwletara hyzmatdaşlyk üçin mäkäm binýady döretmek zerur bolup durýar.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň bu ugurda görýän yzygiderli çäreleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Munuň şeýledigine 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen, türkmen tarapynyň başyny başlan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama aýdyň şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň AHHG-a synçynyň derejesini bermek hakynda Kararnamasy kabul edildi. Munuň özi Aral meselesiniň dünýä derejesindäki häsiýetini hem-de ony çözmek üçin halkara tagallalary bir ýere jemlemegiň zerurlygyny tassyklan tapgyrlaýyn waka boldy. Şunda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty hem-de öňe sürýän anyk başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň esasy maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryna (DÖM) ýetmek boýunça wezipeleri bilen gös-göni baglydyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişlilikde 2012-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda (Braziliýa) geçirilen BMG-niň Rio+20 sammitinde hem-de 2015-nji ýylda Tegu şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden BMG-niň Aral üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de «Suw diplomatiýasyny» ilerletmegiň zerurlygy hakynda teklipleri aýratyn mazmuna eýe bolýar.

Ýurdumyz ykdysady, durmuş, ynsanperwer we tebigaty goraýyş ulgamlarynda giň gerimli milli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek üçin toplan uly tejribesini we döredijilik mümkinçiliklerini umumy bähbidiň hatyrasyna amala aşyrmaga çalyşýar. Türkmenistan öz tarapyndan Aral ýakasynda durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Munuň özi diňe sebit däl-de, eýsem, dünýä derejesinde hem uly ähmiýete eýedir.

Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, Aral meselesi bilen baglylykda sebitde dörän meseleleri çözmegiň has netijeli gurallarynyň biri bolup durýar. AHHG-nyň döredilen gününden bäri häzire çenli ADSM, ADSM-2 we ADSM-3 ýaly maksatnamalaryň üçüsi amala aşyryldy.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň 2018-nji ýylyň 30-njy ýanwaryndan 23-nji awgustyna çenli aralykda geçirilen mejlislerinde kabul edilen çözgütlere laýyklykda, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetine Döwletara utgaşdyryjy suw hojalygy topary, Durnukly ösüş boýunça döwletara topar bilen bilelikde milli bilermenleri we halkara hyzmatdaşlary çekmek bilen ADSM-4 maksatnamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Ol suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak; ekologiýa; durmuş-ykdysady; institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek ýaly ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Bu işler Durnukly ösüş maksatlary, Howanyň üýtgemegi hakynda ylalaşyk hem-de degişli milli maksatnamalar boýunça ýurtlaryň borçnamalaryny nazara almak bilen amala aşyrylýar.

Iki günlük Aşgabat duşuşygynyň gün tertibi dört ugruň her biri boýunça ADSM-4 maksatnamasyny işläp taýýarlamak we döretmek, şeýle hem AHHG-nyň guramaçylyk düzümini we şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly taslama teklipleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny we ylalaşylmagyny öz içine alýar. Olaryň hemmesi Gaznany esaslandyryjy döwletlerde geçirilen milli geňeşmeleriň esasynda taýýarlanyldy.

Bu maksatnamanyň we öňde agzalan meseleleriň ähmiýeti 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen bu forum umumy abadançylygyň bähbitlerine gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm tapgyr boldy.

Şu günki duşuşyga gatnaşyjylar türkmen Lideriniň netijeli syýasy strategiýasyna ýokary baha berdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz Aral meseleleri bilen bagly bolan özara ylalaşykly we sazlaşykly möhüm wezipeleri işläp taýýarlamak babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge önjeýli goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu meselelerde işjeň orny eýelemek bilen, Türkmenistan geljekde hem durnukly ösüş babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň sebitdäki binýady hökmünde AHHG-nyň ornuny berkitmäge ýardam eder.

Ertir Sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy öz işini dowam eder. Gün tertibiniň çäklerinde AHHG-nyň institusional düzümini hem-de şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipler, şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa goşulmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Duşuşygyň jemleri boýunça geljekki gatnaşyklaryň ädimleri ylalaşylar we degişli çözgütler kabul ediler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter