Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 08.08.2019 // 281 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýän Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäniň işewürleriniň esasy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde Türkmenistanda önümçilige iň döwrebap tehnologiýalary hem-de iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, «ARETI» kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Bu kompaniýa bilen bilelikde işlemegiň üstünlikli tejribesi toplanyldy.

Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi barada düýpli pikir alşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu forum halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitiň ägirt uly tebigy-serişdeler, ulag-üstaşyr, energetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmelidir. Şol kuwwatyň strategik orny bolsa köp babatda nebitiň we gazyň ägirt uly gorlary bilen şertlendirilendir.

Duşuşygyň barşynda «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow kompaniýa tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada habar berip, energetika ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Işewür bildirilýän uly ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän holdinginiň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şol sanda 2021-nji ýylda ýurdumyzda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda iri halkara ýaryşlaryny ýokary derejede guramak, ussat türgenleri taýýarlamak, ähli görkezijiler babatynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän köpugurly düzümleri döretmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi — döwrebap sport desgalarynyň iri toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Üsti ýapyk ajaýyp welotrek hem şol desgalaryň hataryna girýär.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeler sportuny ösdürmäge uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde welosiped sporty ýurdumyzda ýylsaýyn uly meşhurlyga eýe bolýar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyzçysy bolmak bilen, ildeşlerimize bu ugurda nusgalyk görelde görkezýär hem-de hemmeleri, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Igor Makarowyň belleýşi ýaly, şu gün «ARETI» welosipedleri kireýine bermegiň üç nokadynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi. Halkara derejeli sport ussady hem-de geçmişde professional türgen hökmünde men Türkmenistanda sporty ösdürmek boýunça geçirilýän giň möçberli işlere gatnaşýandygyma örän şatdyryn diýip, işewür aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman özara bähbitleri nazara almak esasynda guralýan hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen däp bolan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter