Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 09.08.2019 // 486 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetgeldi Nurgeldiýewiç Serdarow Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Harytlaryň eksporty we importy babatdaky daşary ykdysady işi seljermegi düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň üstüne Türkmenistanda harytlaryň eksporty we importy babatdaky daşary ykdysady işi seljermek hem-de bu ugurda degişli işleri ýerine ýetirmek, harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň dünýä bazaryndaky ýagdaýynyň marketing seljermesini geçirmek hem-de daşary ykdysady işi kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak wezipeleri ýüklenildi.

Şeýle hem resminama bilen, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi hakyndaky Düzgünnama, agentligiň gurluşy tassyklanyldy.

Statistika baradaky döwlet komiteti, Döwlet gümrük gullugy we Döwlet haryt-çig mal biržasy harytlaryň eksporty we importy hakyndaky maglumatlary Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligine her aýda bermäge borçly edildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligine daşary ykdysady işi amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslardan degişli maglumatlary bellenen tertipde almaga ygtyýar berildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter