Türkmenistanda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

опубликованно 09.08.2019 // 322 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Mýuriel Peneweýreden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzdaky jogapkärli işine başlamagy bilen ilçini milli Liderimiziň adyndan gutlap, Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň hem hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi. Bu dereje netijeli halkara gatnaşyklar üçin esas bolup çykyş edýär.

Şweýsariýada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatyny hem öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandyklaryny aýtmak bilen, ilçi Bitarap Türkmenistanyň halkara-hukuk derejesiniň ähmiýetini aýratyn belledi. Bu dereje diňe sebitde parahatçylygy we ynanyşmak ýagdaýyny saklamagyň däl-de, eýsem, ylalaşdyryjylyk diplomatiýasy nukdaýnazaryndan ählumumy meseleleri çözmegiň hem täsirli guraly bolup durýar.

Söhbetdeşligiň barşynda hanym Mýuriel Peneweýre ýurdumyzda amala aşyrylýan, döwletimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady taslamalaryň we maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ilçä milli parlamentiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi barada habar berildi.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ösdürilýän türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygy bellenildi.

Duşuşykda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ynsanperwer ulgamlary, oba hojalygy, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda gatnaşyklara özara islegiň bardygy bellenildi. Parlamentara gatnaşyklary giňeltmek meseleleri barada-da durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklere eýe bolup, iki dostlukly ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter