Birinji HYF-a BSG-nyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşarlar | TDH
Syýasat habarlary

Birinji HYF-a BSG-nyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşarlar

опубликованно 11.08.2019 // 163 - просмотров
 

Birinji HYF-nyň meýdançasynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Bütindünýä bankynyň düzümine girýän Halkara maliýe korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegine garaşylýar.

Bu barada «Awaza» MSZ-nda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarow bilen Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Bütindünýä bankynyň Ýerine ýetiriji direktory Werner Gruberiň arasynda bolan duşuşykda gürrüň edildi.

Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda özara hereketiň täze ugurlary öwrenilýär. Ugurdaş pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlamak, makroykdysadyýetiň we maliýe monitoringiniň dürli ugurlary boýunça maslahatlar goldawy ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Bütindünýä söwda guramasynyň Sekretariatynyň täze ýurtlaryň goşulmagy boýunça departamentiniň direktory Maýka Oşikawa bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Bütindünýä söwda guramasy bilen işjeň özara hereket Türkmenistanyň BSG-a girmek boýunça başlanan işleri çaltlandyrmaga ýardam eder. Ýedi ýyl bäri ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bu ugurda halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kanunçylygy kämilleşdirmek we BSG-nyň gurallaryndan ugur alyp söwdany aňsatlaşdyrmak boýunça çäreler toplumy durmuşa geçirilýär.

11-nji awgustda hanym Oşikawa BSG-a girmegiň meseleleri boýunça milli seminara gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter