Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleri badalga aldy | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleri badalga aldy

опубликованно 11.08.2019 // 257 - просмотров
 

Şu gün daşary ýurtly myhmanlary häzirki günlerde güler ýüzli garşylaýan deňiz kenarynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtoserginiň açylyşy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda geçirilýän ägirt uly çäre Hazarýaka döwletleriň we olaryň hyzmatdaşlarynyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazananlaryny we bar bolan mümkinçiliklerini giňden görkezmäge ýardam berer. Bu giň gerimli gözden geçiriliş iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary peýdalanmak boýunça işjeň tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ýaýbaňlandyrmak üçin amatly meýdançadyr.

Türkmenistan dünýä tejribesinde bar bolan ähli täze we peýdaly gymmatlyklar üçin açykdyr, ol milli bähbitleri, durmuş-ykdysady we ruhy-medeni ösüşleri nazarlamak bilen, Ýer togalagynyň ähli döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary guraýar. Sergilere daşary ýurt kompaniýalarynyň — iri dünýä öndürijileriniň onlarçasynyň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýaýbaňlandyrylan serginiň dabaraly açylyşyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşýan kompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň wekillçilikli gözden geçirilişlere gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Bu çäreler diňe bir Hazarýaka döwletleriň däl, gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlaryň hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde bar bolan giň mümkinçilikleri ýakyndan tanyşdyrmakda uly orun eýeleýärler.

Milli Liderimiziň Gutlagynda bu halkara sergileriň sebitdäki ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, söwda, ulag-üstaşyr, ykdysady, maýa goýum babatdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde uly orun eýelejekdigine ynam bildirilýär.

13,7 müň inedördül meýdany tutýan sergilerde daşary ýurt kompaniýalarynyň 57-si we ýurdumyzyň kompaniýalarynyň 62-si öz gazananlaryny görkezdiler. Ägirt uly serginiň many-mazmuny Hazaryň geljekki gün tertibini kemala getirmekden, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr.

Türkmenistan häzirki döwürde senagat taýdan ösen döwlete öwrülýär, Düşewüntliligi we halk hojalyk toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ykdysady strategiýanyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Bu ugurda dünýäniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri, iň täze gazanylanlary ulanmaklyga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň geosyýasy, ykdysady, serişde we adam mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin halkara gatnaşyklara giň gerim berilýär.

Häzirki wagtda sebite ägirt uly ünsüň berilmegi birnäçe sebäpler bilen şertlendirilendir. Olaryň arasynda ähmiýeti geografik çäklerden has uzaklara ýaýraýan Hazar deňzi esasy orun eýeleýär. Çünki Hazar geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlarda esasy merkezleriň birine okgunly öwrülýär. Bu ýerde deňiz, guryýer we howa ýollaryny, geljegi uly energetik ugurlary özünde jemleýän dünýä derejeli iri ulag-aragatnaşyk ugry kemala gelýär.

Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow innowasion tehnologiýalar ulgamynda gazanylanlary görkezmek üçin şertleri döretmegi, tejribe alyşmagy, sebitiň döwletleriniň we dünýä bileleşiginiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegi Hazar innowasion tehnologiýalar halkara serginiň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi.

Sergini 100 inedördül metr meýdanda ýerleşen Türkmenistanyň Milli bölümi açdy, bu ýerde ýurdumyzyň bar bolan ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen durmuşa geçirilýän täze senagat syýasaty öz beýanyny tapdy. Sergide köpugurly önümçiligi döretmek boýunça durmuşa geçirilýän taslamalar, önümçiligiň täzeden enjamlaşdyrylyşy, kuwwatlyklaryň artdyrylyşy hem-de senagatyň dürli ugurlarynda iri maýa goýumlaryň özleşdirilişi görkezildi.

Önümçiligi doly awtomatlaşdyrmakdaky ýagdaýlara, netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, olaryň esasynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we daşary ýurtlara iberilmäge gönükdirilen önümleri çykarmak boýunça iň täze önümçiligi döretmäge aýratyn ähmiýet berlipdir.

Hususan-da, sergide dürli ministrlikleriň, şol sanda energetika, dokma senagaty, söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň diwarlyklary goýlupdyr.

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, ulag-aragatnaşyk toplumynyň agentlikleri, şeýle hem Söwda-senagat edarasy hem-de Döwlet haryt-çig mal biržasy öz işleri barada aýdyň gürrüň berýärler. Milli bölümde bank ulgamyna, suw hojalygyna, saglygy goraýşa we sporta hem uly orun berilýär.

Serginiň gymmatlyklary ýurdumyzy ösdürmegiň ähli ugurlaryny öz içine alýar, onuň jemi içerki önüminiň ösüşi geçen ýedi aýda 6,3 göterime deň boldy. Türkmenistanyň ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 30 göterimine ýetdi, olardan daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy 12 göterim boldy. 2018-nji ýylda maýa goýumlar ABŞ-nyň 11,5 milliard dollaryna deň boldy, olaryň 65 göterimi önümçilik ulgamyna gönükdirildi, netijede, iri senagat toplumlary guruldy, olar innowasiýalar sergisiniň diwarlyklarynda görkezilýär.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakynda açylan gazdan benzin öndürýän zawodyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we beýlekileriň önümlerini görmek bolýar.

Ýurdumyzyň senagat ulgamy hem döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylan möhüm düzümleýin taslamalaryň netijesinde uly üstünliklere eýe boldy. Birnäçe maglumatlary we sanlary mysal getirýäris: 2014-nji ýylda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça uzynlygy 925 kilometr bolan demir ýol şahasy ulanmaga berildi. «Demirgazyk — Günorta» ugry boýunça demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň taslamasy iş ýüzünde amala aşyryldy, ol Ýewraziýa yklymynyň demirgazyk bölegini günorta bölegi bilen birleşdirdi hem-de Pars aýlagynyň terminallaryna çykmaga mümkinçilik berdi. Owganystan ugry boýunça Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly guruldy. 2018-nji ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäheriniň iň täze deňiz porty ulanmaga berildi, ol dürli ugurlar boýunça üstaşyr ýük gatnawlarynyň sanyny birnäçe gezek artdyrmaga mümkinçilik berdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty yklymyň Aziýa böleginden Ýewropa, Baltika sebitine, Gara deňzi, Ortaýer deňzi we Ýakyn Gündogar sebitlerine harytlary ibermek üçin baglanyşdyryjy halka bolup biler.

Türkmenistanda eýeçiligiň hususy bölegine önümçilik häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde hususy bölegiň paýy energetika toplumyny hasaba almazdan, 68 göterime ýetýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy telekeçileriň güýji bilen ABŞ-nyň 4 milliard dollaryna deň bolan iri taslamalaryň 134-si amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň serişdeler binýady diýlende, ozaly bilen, gaz gorlary göz öňünde tutulýar, ol nebit ekwiwalentinde 71 milliard kub metre deňdir. Subut edilen tebigy gazlaryň gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde dördünji orny eýeläp, bu babatda diňe RF-den, Eýrandan hem-de Katardan yzda barýar. Gaz önümçiliginiň möçberleri boýunça Ýewropada we GDA-da üçünji orny eýeleýär.

Türkmen tebigy gazynyň iberilýän ugurlarynyň gerimi örän giňdir. Häzirki wagtda Türkmenistandan HHR-e ýylda, takmynan, 40 milliard kub metr gaz iberilýär, bu gaz geçirijiniň dördünji şahasynyň ulanmaga berilmegi bilen Hytaýa iberilýän gazyň möçberi ýylda 65 milliard kub metre ýetirilip bilner, häzirki wagtda bu gaz geçirijiniň gurluşygy alnyp barylýar.

Demirgazyk ugry boýunça RF-e türkmen gazyny ibermek gaýtadan dikeldildi. Şeýle hem TOPH strategik gaz geçirijisini gurmak işleri alnyp barylýar, bu taslama tamamlanandan soňra iberiljek tebigy gazyň umumy möçberleri 33 milliard kub metr derejede kesgitlenilýär. Bu gaz geçirijiniň türkmen böleginde işler ýokary depginde alnyp barylýar, owgan böleginde hem işlere girişildi. Gaz geçirijiniň taslamasyny ABŞ, Russiýa döwletleriniň hem-de iri halkara maliýe edaralaryň birnäçesiniň, şol sanda Aziýa ösüş bankynyň goldaýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Arassa ykdysady bähbitlerden başga-da, TOPH gaz geçirijisi Owganystanyň durmuş ösüşine örän düýpli goşant goşup biler. Hünärmenleriň baha bermegine görä, gurluşyk tamamlanandan soňra diňe Owganystanda 12 müňden gowrak täze iş orunlary dörediler. Munuň özi goňşy dostlukly ýurt üçin örän çynlakaý ýardamdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Innowasion tehnologiýalaryň sergisinde diňe bir ýurdumyzyň ykdysady gazananlary görkezilmeýär.

Bu ýerde şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, neşirýat gullugynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gazananlary görkezilýär, elbetde, sergide ahalteke atlary hem öz mynasyp ornuny aldy. Ýurdumyzyň welaýatlary, şeýle hem daşary ýurtlaryň kompaniýalary we firmalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýan türkmen telekeçileriniň işleri barada gürrüň berilýär.

Türkmenistanyň sergisinde täze tehnologiýalaryň, gologrammalaryň, interaktiw kartalaryň, sensor ekranlaryň, multi taslamalaryň peýdalanylmagy myhmanlara döwlet Baştutanymyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda we ýangyç-energetika toplumynda, himiýa we dokma senagatynda, oba hojalygynda başyny başlan özgertmeleriniň we taslamalarynyň netijelerini hut “öz gözleri” bilen görmäge, Garagumdaky «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň barşy bilen jikme-jik tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň hususy ulgamy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan görkezilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmekde, içki bazary daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen doldurmakda, eksportyň möçberini giňeltmekde bu ulgama uly orun berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, iş ýüzünde öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary ulanmak bilen, iri möçberli şähergurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şu ugurda telekeçiler tarapyndan türkmen paýtagtynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyklary görkezmek bolar. Bu ýerlerde telekeçiler durmuş ähmiýetli desgalaryň ýüzlerçesini tabşyrdylar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryny täze, uly taslamany — «Aşgabat-siti» adyny alan gurluşyga çagyrdy. Bu gurluşygyň nusgasy bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy netijesinde ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň wekilleri ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça ýeterlik tejribe topladylar, olar gurluşyk senagatynda we gurluşyk serişdeleri önümçiliginde daşary ýurtly kompaniýalar bilen üstünlikli bäsleşýärler. Munuň şeýledigine sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň diwarlyklary hem şaýatlyk edýär. Bular halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginde, azyk senagatynda we milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalardyr. Olaryň hatarynda «Ak toprak», «Parahat», «Owadan ülke», «Erteki», «Hasar», «Türkmenberkmetal», «Aýbölek», «Hazarbalyk», «Batly gadam», «Abadanhaly» we beýleki kompaniýalary görkezmek bolar.

Hususyýetçiler ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga ukyply milli ykdysadyýetimiziň beýleki täze pudaklarynda hem işe giňden çekilýärler. Olara kaliý dökünini öndürmek boýunça kärhananyň gurluşygynyň Aşgabat — Türkmenabat awtobanyny gurmagyň taslamalary ynanyldy.

Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, harytlaryň, enjamlaryň, hyzmatlaryň we tehnologiýalaryň dürli görnüşleriniň bazarynda öňdebaryjylar «THALES», «HYUNDAI», «CNPC», «Petronas», «LG», «Schlumberger», «DragonOil», «Buig», «JohnDeere», «Itochu», «ZEPPELIN», «Vinci», «Sumitomo», «Huawei», «GeneralElectric» we beýlekiler bar.

Türkmen bazaryna girmäge çalyşýan we Türkmenistanda şular ýaly çärelere ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bu ýerde öz gazananlaryny we tejribelerini paýlaşdylar.

Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylar innowasiýalar sergisinde bäş müňe golaý inedördül meýdany eýelediler. Öz diwarlyklaryny Hazarýaka sebitiň ýurtlary — Gazagystan, Eýran, Azerbaýjan we Russiýa Federasiýasy, şol sanda Tatarystan Respublikasy we Astrahan oblasty ýaýbaňlandyrdylar, olaryň wekiliýetleri Hazar ykdysady forumyna gatnaşýarlar. Sergä diňe işewür toparlar däl-de, eýsem, hünärmenler, öňdebaryjy alymlar we bilermenler uly gyzyklanma bildirdiler.

Bu ýerde öz studiýalaryny türkmen teleýaýlymlary gurnadylar, olar wakanyň bolýan ýerinden gepleşikleri taýýarlap, göni ýaýlyma çykýarlar. Žurnalistleriň işlemegi üçin oňat üpjün edilen metbugat merkezi hereket edip, ol ýerde serginiň wakalaryna we tanyşdyryş çärelerine onlaýn düzgüninde tomaşa edip, zerur bolan maglumatlary tapmak bolýar.

Bu ýere gelenler innowasiýalar sergisinden beýleki uly pawilýona geçýärler, bu ýerde awtomobil sergisi guralyp, ol täze we meşhur awtomobilleri ýakyndan görmäge we baha bermäge mümkinçilik berýär. Olar, mysal üçin, Russiýanyň «LADA» we «AURUS», şeýle hem «KAMAZ» we «GAZ» awtoulaglarynyň tutuş bir hatarydyr.

Öz önümlerini Azerbaýjanyň «Azermaş» awtomobil zawody görkezdi, ol «Khazar» ýeňil awtoulaglarynyň täze görnüşlerini çykaryp başlady, bu ýerde Eýranyň «Iran Hodra», Özbegistanyň «UzAvto Motors», Belarusuň «MAZ» önüm öndürijileri bar.

Dünýäde ýokary hiliň, owadanlygyň hem-de ygtybarlylygyň nusgasy hasaplanýan german önümçiliginiň awtoulaglary bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Olaryň hatarynda «Mercedes», «Volkswagen», «BMW», «AUDI» awtoulaglaryň nusgalary bar.

Dünýäde meşhur ýapon awtomobil senagaty «Toyota», «Lexus», «Mazda» we «Mitsubishi» ýaly kysymly maşynlar arkaly görkezildi. Öz awtosenagatyny Koreýa Respublikasy «Hyundai» maşynlary, Hytaý bolsa «Youtong» awtobusy bilen tanyşdyrdy.

Iňlis awtoulaglary amatlylyklary we zynatlylygy bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini sergide görkezilen «Bentleý» maşyny hem tassyklady. «Lamborghini» italýan kysymly gymmat sport awtomobiliniň hem duşundan parhsyz geçmek mümkin däl.

Bu ýerde awtoulaglar bilen bir hatarda 1966-njy ýylda çykarylan gymmatbahaly «Craysler» motosikl we welosipedleriň iň häzirki zaman nusgalaryny hem görmek bolýar.

70-den gowrak awtoulaglar ýerleşdirilen bölümden başga bu ugurdaky sergi açyk asmanyň astynda hem ýaýbaňlandyrylypdyr.

Hazar innowasion tehnologiýaly halkara serginiň işiniň barşynda birža söwdalary hem guralyp, olara Türkmenistanda öndürilen önümler çykaryldy. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan geçirilen söwdalarda ýüzden gowrak daşary ýurtly kompaniýalar bäsleşdiler. Satyn alyjylaryň çäkleri örän giň — olar ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Estoniýanyň, Şweýsariýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň kompaniýalarynyň wekilleridirler. Söwdalara Gonkongdan, Singapurdan, Lýuksemburgdan, Maltadan, Owganystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler, şeýle hem türkmen telekeçileri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda amala aşyrylýan geleşikleriň hatarynda nebit önümleri we nebithimiýa senagatynyň önümleri, benzin, dizel ýangyjy, polipropilen, uçar kerosini, suwuklandyrylan gaz, tehniki ýod, karbamid, tehniki kükürt we beýlekiler bar. Ýurdumyzyň dokma senagatynyň, oba hojalygynyň we gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümleri hem eksportyň esasy görnüşlerini düzýär. Bu pudaklaryň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns berýär.

***

Günüň ikinji ýarymynda «Berkarar» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Hazarýaka ýurtlaryň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine halkara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, sebitiň döwletleriniň dürli ulgamlaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny we tehnologiýalary çekmegiň geljegi uly bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm meseleleri girizildi.

Şeýlelikde, bölümçeleriň biri nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, onuň ugurlaryna we geljegine bagyşlanyldy. Onuň mejlisine «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Petronas» Malaýziýa kompaniýasynyň, «СNРСI» hytaý kompaniýasynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Beýleki bölümçede maýa goýum meselesine garaldy. Bu ýerde Bütindünýä bankynyň we Aziýanyň ösüş bankynyň we Kataryň esasy kompaniýalarynyň biri bolan «Al Qamra Holdingiň» ýokary wezipeli wekilleri çykyş etdiler.

Üçünji bölümçe «Senagatlaşdyrmak — geljege garaýyş» diýlip atlandyryldy. Ony bu ulgamda işewürligiň ornuna aýratyn ähmiýet beren Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit baştutany geçirdi. Bu bölümçede milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan amala aşyrylýan iri senagat taslamalary, işewürligi kanunçylyk taýdan goldamagyň Azerbaýjan tejribesine hem-de Gruziýanyň Poti port şäherinde SIZ mysalynda — erkin senagat zolagynyň şowly nusgasyna seredildi.

Iri kompaniýalaryň, banklaryň, assosiasiýalaryň we birleşikleriň 90-synyň wekilleri we ýolbaşçylaryň 300-e golaýy gatnaşan işewürler maslahatynyň ahyrynda Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň çäklerinde geçirilen birža söwdalarynyň jemleri yglan edildi.

Umumy bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna deň bolan geleşikleriň jemi 72-si bellige alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden, Beýik Britaniýadan, Lýuksemburgdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, ABŞ-dan, Singapurdan, Gonkgokdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, A-80 markaly awtobenzini, L-0,2-62 we L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjyny, TC-1 markaly uçar kerosinini nebit koksyny, EKO-5 kysymly gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda işlenip çykarylan EKO-93 markaly awtobenzini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen “B” kysymly karbamid we tehniki ýod walýuta geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, pagta süýümi, portlandsement we aýna önümleri ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, BAE, Özbegistan.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 43 million manatlyk polipropilen satyn aldylar.

Işewürler duşuşygynda edilen jemleýji çykyşda Türkmenistanyň anyk hem-de strategik ugurlary boýunça Hazarýaka döwletleri bilen hem, beýleki sebitleriň ýurtlary bilen hem hyzmatdaşlyga taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezendigi bellenildi.

Şeýle derejeli we köptaraply görnüşdäki duşuşyklar heniz herekete getirilmedik mümkinçiligi açmaga we ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini bökdeýän meseleleri kesgitlemäge ýardam eder. Şeýle çäreler bu meseleleriň üstünde işläp başlamak hem-de umumy çözgüde gelmek üçin zerurdyr.

Bu çäre hem mümkinçilikleri birleşdirmäge täze itergi berer, şu günki geçirilen pikir alyşmalar, beýan edilen oňyn teklipler bolsa dürli ulgamlarda aýanlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda geljekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ugur edinmeginiň halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda geoykdysady taýdan amatly ýerleşmegi, üsti açylan uglewodorod serişdeleriniň iri gorlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň innowasion ösüşi ugur edinýän ykdysady strategiýasy ýaly ygtybarly binýatlara daýanýandygy nygtaldy.

Soňra HYF-2019-yň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we mejlisleriň barşynda gazanylan ylalaşyklary berkidýän resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Umuman, dürli derejelerde halkara resminamalaryň 57-si kabul edildi, olar maglumatlar tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we maliýe ulgamy, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba we suw hojalygy, sport we beýlekiler ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk meselelerine degişlidir.

Soňra güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. Olaryň biri bilen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisini we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergini gurandygy üçin, Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasy sylaglandy. Bu barada «Messe Frankfurt» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Sergeý Gorskiý gürrüň berdi, onuň wekilçilik edýän kompaniýasy awtomobil senagatynyň sergilerini guramakda dünýäde öňdebaryjylaryň biridir.

Biz bu güwänamany gowşurmak bilen, Türkmenbaşy şäherinde guralan öňdebaryjy tehnologiýalaryň sergisini hem-de ilkinji awtomobil sergisini geçirmek boýunça hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyny gutlaýarys, bu sergi senagatda täze tehnologiýalary, şol sanda awtomobil gurluşyk tehnologiýasyny ilerletmäge ýardam edýär diýip, jenap Gorskiý aýtdy.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula güwänamalary gowşurdylar.

ISO standartlaryna laýyk güwänamany Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna Hazar sebiti boýunça «Tatžiýet» kompaniýasynyň baş dolandyryjy direktory Azer Mamadow gowşurdy.

Bu güwänama auditorlar tarapyndan geçirilýän SGS barlagyndan soňra uly işleriň netijeleri boýunça gowşurylýar, ol birža tarapyndan ýerine ýetirilen işlere hem-de ahyrky netijä ýokary baha bermegiň nyşany bolup durýar.

Dabara tamamlanandan soň işewür toparlaryň duşuşygynyň jemleri boýunça habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Onda ara alyp maslahatlaşylan esasy meseleler, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň bar bolan mümkinçilikleri baradaky netijeler jemlenildi, şeýle hem Türkmenistanyň köpugurly maýa goýum mümkinçiliklerine oýlanyşykly, hemmetaraplaýyn baha berildi.

Onda Hazar ykdysady forumynyň ilkinji gününiň jemleri jemlendi.

Onuň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar ykdysady forumyny döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti ýene bir gezek nygtaldy. Sebitiň ýurtlarynyň we olaryň halkara hyzmatdaşlarynyň gepleşiklerini täze meýdançasynyň işe girizilmegini alamatlandyran forumda «Hazar bäşliginiň» durmuş-ykdysady taýdan ösüşi we geljegi uly meýilnamalary babatda doly we hakyky maglumatlary almak, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda iň täze dünýä meýilleri babatda pikir alyşmak, gyzyklandyrýan meseleler boýunça hökümetleriň wekillerinden, ugurdaş ministrliklerden we pudaklaýyn edaralardan, işleri şowly işewürlerden, esasy halkara bilermenlerinden maslahatlary almak mümkindir.

Şu gün açylan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergi munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň çäklerinde Hazar sebitiniň ýurtlarynyň milli diwarlyklarynyň, şeýle hem Türkiýeden, Belarusdan, Fransiýadan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Özbegistandan, Niderlandlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hytaýdan, Finlýandiýadan we beýleki ýurtlardan gelen kompaniýalaryň önümleriniň görkezilişi boldy.

Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň ykdysadyýet ministrleriniň duşuşygy hem şu günüň esasy wakalarynyň biri boldy. Onuň jemleri boýunça Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle hem ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ministrleriniň duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, telekeçilik meseleleri boýunça Türkmen-astrahan işewürlik geňeşiniň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-bolgar hökümetara toparynyň mejlisleri geçirildi.

Şu günüň maksatnamasyna «Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmaklygyň mümkinçilikleri: sebitiň tejribesi» atly okuw maslahaty hem girizildi. Ol «Deňiz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Bütindünýä söwda guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Olar tanyşdyryşy geçirdiler we halkara söwda syýasatynda guramanyň ornuny we ýurduň ykdysadyýetinde oňa agza bolmagyň täsirini açmak bilen diňleýjileriň soraglaryna jogap berdiler.

«Hazar» myhmanhanasynda şol bir wagtda ýene bir çäre — «2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň çäklerinde Gün tertibini durmuşa geçirmegi goldamak maksady bilen maliýeleşdirmek» atly maslahat geçirildi.

Bu maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky Hemişelik wekilhanasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde gurady. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda maslahata BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, şeýle hem köp sanly halkara guramalaryň we maliýe edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Olar Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri üçin ykdysady we durmuş komissiýasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky, Aziýa ösüş banky ýaly maliýe edaralarydyr.

Maslahata Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň we işewürler toparlarynyň 150-den gowrak wekili gatnaşdylar.

Olar 2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň howandarlygynda Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli syýasy forumda dünýä bileleşigine beýan edilen Türkmenistanyň Meýletin milli syny bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň monitoring ulgamynyň institusional düzümi tassyklanyldy, şol sanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça iş topary döredildi, onuň düzümine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň 50-den gowragynyň wekilleri girýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde özgerişligiň monitoringini amala aşyrmak maksady bilen utgaşdyryjy edara hökmünde bellenildi, şeýle hem ýöriteleşdirilen düzüm döredildi, Durnukly ösüş maksatlary babatynda seljermeleri amala aşyrmak boýunça wezipeler we işler onuň üstüne ýüklenildi.

Pikir alyşmalar wagtynda Bütindünýä bankynyň Ösüşi maliýeleşdirmek maksatnamasyny ilerletmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlaryna nähili goldaw berýändigi barada gürrüň edildi. BMGÖM-niň wekili tarapyndan Merkezi Aziýa sebitinde Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň möhüm meýilleri kesgitlenildi, bu ugurda Hazarýaka döwletleri üçin anyk maslahatlar berildi.

Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň wekili durnukly ösüşe ýardam etmek üçin hususy bölege we hususy maýa nähili goldaw berip boljakdygy hem-de ilkinji nobatda, maýadarlardan we hökümetlerden telekeçilere nähili kömek gerekdigi baradaky garaýyşlaryny beýan etdi. Aziýa ösüş bankynyň wekili bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirmekde ýetmezçiligi aradan aýyrmak üçin has netijeli maýa gurallary hakynda gürrüň berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistan tarapyndan gün tertibi — 2030-yň amala aşyrylmagyny maliýeleşdirmegiň toplumlaýyn gurallarynyň işlenilişiniň taýýarlanandygy we olary ähli derejelerde durmuşa geçirmeklik üpjün edilendigi bellenildi.

Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda bilimi, saglygy goraýşy, durmuş üpjünçiligini hasaba almak bilen durmuş ulgamyna gönükdirilýän býujet serişdeleriniň paýy 70 göterimden hem ýokarydyr. Mundan başga-da, býujet serişdeleri ýokary hilli, elýeterli, gymmat bolmadyk, ygtybarly hem-de durnukly ulag düzümlerini, energetika, suw üpjünçilik we hemmeler üçin arassaçylyk ulgamlarynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. Bu çäreler obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde göz öňünde tutulýar, 2019 — 2025-nji ýyllarda bu maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin, takmynan, 10 milliard manat gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň toplumlaýyn wezipelerine ýetmek üçin şol bir wagtda halkara maliýe serişdeleriniň hem-de hususy bölegiň serişdeleriniň çekilmeginiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýoly bilen garyşyk maliýeleşdirmegiň usullarynyň we gurallarynyň ösdürilmegi barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Onuň ösdürilmegi ugrunda amatly şertleri döretmek üçin Türkmenistanyň hökümeti kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça birnäçe çäreleri geçirdi hem-de hususy bölegi goldamagyň maksatnamasyny işläp taýýarlady. Bu çäreler hususy bölegiň ykdysadyýetiň pudaklaryna gatnaşmagynyň paýyny artdyrmaga, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ugruny ösdürmek boýunça geçirilýän çäreleri çuňlaşdyrmak üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter