Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň duşuşygy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň duşuşygy

опубликованно 12.08.2019 // 200 - просмотров
 

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda duşuşyk boldy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli russiýaly myhmanyny mähirli mübärekläp, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Türkmenistana häzirki iş saparynyň netijeli döwletara gepleşiklerini çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýollaryny mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Dmitriý Medwedew mähirli kabul edilendigi, oňat arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň salamyny ýetirdi. Belent mertebeli myhman nobatdaky duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilkinji nobatdaky wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikdigini belläp, döwlet Baştutanymyzy Hazaryň türkmen kenaryna diňe bir sebitiň ýurtlarynyň däl, eýsem, ýakyn we alys ýurtlaryň wekillerini hem jemlän şeýle ähmiýetli forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz nobatynda Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden çykýan iň oňat arzuwlaryny aýdyp, Russiýanyň biziň döwletimiziň Bitaraplyk derejesine bolan oňyn gatnaşygyna we şu ýörelgä esaslanýan daşary syýasat ugruna Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini nygtady.

Ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna mizemez eýermek bilen umumy parahatçylygy goldamak, howpsuzlygy berkitmek we durnukly ösüşi üpjün etmek işine işjeň gatnaşýar, ähli gyzyklanýan taraplaryň garaýyşlaryny we mümkinçiliklerini nazara almak bilen giň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ugrunda çykyş edýär.

Milli Liderimiz bular barada aýdyp, Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy, şol sanda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky teklibini goldandygy üçin Russiýanyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Dmitriý Medwedew pursatdan peýdalanyp, soňky bäş ýylda hil taýdan täze derejä çykan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän şahsy ýardamy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk bildirdi.

Iki döwletiň işewür bähbitlerine laýyk gelýän sebit derejesindäki gatnaşyklaryň — Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg şäheri, Russiýa Federasiýasynyň beýleki düzümleri bilen gatnaşyklaryň oňyn ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýanyň Tatarystan Respublikasyna bolan ýakyndaky sapary bu köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen Lideri we Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedew bar bolan şertnamalary durmuşa geçirmekde oňyn üstünlikleri belläp, täze ugurlary we mümkinçilikleri kesgitlemek nukdaýnazaryndan, şeýle hem birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary hasaba almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ýaýbaňlandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýeti boýunça ygtyýarly düzümleriň wekilleriniň ýakynda bolan duşuşygynyň, şol sanda Türkmenistan bilen Russiýanyň, şeýle hem şu ýylyň maý aýynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça guralan Hökümetara türkmen-rus toparynyň 11-nji mejlisiniň barşynda döredilen telekeçilik meseleleri boýunça türkmen-astrahan işewürlik geňeşiniň netijelidigi bellenildi.

Ýokarda agzalan çäreleriň ähmiýetliligi olaryň Hazarda we oňa ýanaşyk sebitlerde köpugurly hyzmatdaşlyga kuwwatly depgin bermäge, maýa goýum işini ýaýbaňlandyrmaga, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berjek häzirki birinji Hazar ykdysady forumynyň “meýdanlarynda” guralandygy baradaky ýagdaý bilen hem kesgitlenildi.

Taraplar häzirki forumyň barşynda garalan meseleleriň işjeň häsiýete eýedigini belläp, häzirki döwrüň ählumumy wezipeleriniň çözgüdinden özara gatnaşyklaryň has giň görnüşlerine gönükdirilip, öňe sürlen nobatdaky netijeli teklipler babatda pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi hem ara alyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew haryt dolanyşygynda oňyn ugry aňladýan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini nygtap, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara türkmen-rus toparynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýanynda döredilen milli işewür geňeşleriniň, iki ýurduň ähli gyzyklanýan ministrlikleriniň we edaralarynyň, kärhanalarynyň işjeň işiniň özara import-eksport işiniň we sebitara gatnaşyklarynyň çäginiň giňeldilmegine ýardam berýändigi nygtaldy. Russiýanyň esasy kompaniýalarynyň Türkmenistandaky netijeli işleri şowly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr.

Ýangyç-energetika toplumy, gämi gurluşygy, awtomobil gurluşygy, Hazar boýunça deňiz ýük daşalyşy, oba hojalygy, şol sanda azyk önümleriniň Russiýanyň bazarlaryna iberilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ugurlary hökmünde atlandyryldy. Bähbitleriň bilelikde goşulmagy üçin esasy ulgamlaryň hatarynda giň mümkinçilikleri açýan maýa goýum hyzmatdaşlygy kesgitlenildi.

Duşuşygyň barşynda gadymdan gelýän dostlyk we hoşniýetli döwletara gatnaşyklaryň häzirki döwürde ynsanperwer ugurda hem täze many-mazmun bilen doldurylýandygy bellenildi. Ylym, bilim we medeniýet işgärleriniň iki ýurtda geçirilýän halkara maslahatlaryň işine, sergilere, döredijilik festiwallaryna gatnaşmagy yzygiderli häsiýete eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bularyň biziň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna ýardam edýändigini we Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda dostlugyň we doganlygyň pugtalanmagynyň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini belläp, bu ugurda netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy barada aýtdylar.

Milli Liderimiz we belent mertebeli russiýaly myhman halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, energiýa serişdeleriň iberilişiniň ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmek we onuň hukuk esaslaryny kemala getirmek, Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlaryny işjeňleşdirmek we ekologiýa wezipelerini çözmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm görnüşlerine üns berdiler.

Türkmen döwletiniň Baştutany we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy ynanyşmak we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygy tamamlap, onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklara mundan beýläk-de täze depgin berjekdigine berk ynam bildirip, özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny ýaýbaňlandyrmaga taraplaryň ikitaraplaýyn gyzyklanýandyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter