Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 16.08.2019 // 473 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň jemleri hem-de gazanylan ylalaşyklar barada hasabat berdi. Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde gözegçilik edýän edaralary tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň hem-de ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň gazanan üstünlikleri görkezildi, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada birnäçe tanyşdyryş çäreleri geçirildi.

Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýet boýunça degişli edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň jemleri hem-de türkmen-bolgar işewür forumy we giňişleýin mejlis barada hasabat berildi. Şol mejlisde iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.

Hasabatda «Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmak boýunça ilkinji ädimler» atly maslahatyň, «2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi» atly maslahatyň, «Hazar sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk» hem-de «Hazar üçin «ýaşyl ykdysadyýet» atly mowzuklaýyn maslahatlaryň jemleri barada aýdyldy.

Wise-premýer Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan gol çekilen resminamalar barada hasabat berdi. Şolaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine we eksport kuwwatynyň hem-de maýa goýum işjeňliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda maliýe-ykdysady ulgamyň edaralarynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda aýdylan teklipleriň ählisini içgin öwrenmegiň hem-de olary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz esasy maliýe edaralary, şol sanda BMG-niň degişli düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagy öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynyň birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Gyýanlynyň polimer zawody we Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawody önümçilik kuwwatlyklaryny görkezdiler.

Halkara ähmiýetli wakalaryň çäklerinde guralan birža söwdalarynda nebitgazhimiýa önümlerini satyn almagyň umumy bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna barabar bolan geleşikler baglaşyldy. Daşarky bazara 460 müň tonna nebit önümleri, 18 müň tonna suwuklandyrylan gaz, 130 müň tonna ekologiýa taýdan arassa EÑO-93 benzin ýerlenildi.

«Hazar deňziniň energetika mümkinçilikleri» ady bilen geçirilen mowzuklaýyn mejlisde sebit hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary we düzümleýin taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazar sebitiniň halkara ykdysady gatnaşyklarynda, şol sanda dünýä ähmiýetli baý nebitgaz gorlary bilen wajyp orun eýeleýändigini belledi. Bar bolan ägirt uly energetika kuwwaty onuň çäk ýagdaýynyň aýratynlyklaryny has-da pugtalandyrýar. Hazar möhüm yklymüsti ulag geçelgesi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz senagatynyň önümçilik düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudaga daşary ýurt maýalaryny çekmek, täzeçil usuldaky nebit we gazhimiýa toplumlaryny gurmak, taýýar önümleriň dünýä bazarlaryna ugradylýan mukdaryny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri
amala aşyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzda önümçilik hem-de durmuş medeni maksatly desgalary gurmak, ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, energetika hem-de jemagat gulluklarynyň utgaşykly işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna paýtagtymyzyň abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, tehnikalar üçin zerur ätiýaçlyk şaýlary satyn almak baradaky teklip hödürlenildi.

Şeýle hem wise-premýer paýtagtymyzy elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalarynyň we energiýa tygşytlaýjy ulgamlaryň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümleri getirijileri seçip almak hem-de şertnamalaryň şertleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek babatda görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz köçelerde hem-de binalara ýanaşyk ýerlerde arassaçylygy saklamagyň döwrebap tehnikalary netijeli ulanmakdan başga-da, baglara yzygiderli ideg edilmelidigini hem göz öňünde tutýandygyny aýdyp, paýtagtymyzyň abadançylygyna toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz häzirki wagtda şäher hojalygynda energiýa babatda netijeli hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de giňden ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň energetika düzüminiň barha ösýändigini nazara almak bilen, onuň sanly ulgama geçirilmeginiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň hem-de onuň çäklerinde guralan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça senagat-kommunikasiýa toplumy tarapyndan amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Degişli düzümler daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň barşynda ulag, senagat-kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muňa aýratyn üns berýär. Şu ugurda ikitaraplaýyn resminamalaryň 17-sine gol çekildi.

Öndürilýän önümleri hem-de edilýän hyzmatlary mahabatlandyrmak maksady bilen, senagat-kommunikasiýa toplumynyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde özleriniň pawilýonlaryny görkezdiler.

Kazan dikuçar zawodynyň öndürýän lukmançylyk dikuçarlaryny satyn almak barada degişli ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem forumyň öňüsyrasynda porta täze “Rowaç” ýolagçy gämisiniň gelip gowşandygy bellenildi.

Geçirilen birža söwdalarynda umumy bahasy 6 million 308 müň amerikan dollardan gowrak bolan dokma önümleri ýerlenildi.

Döwlet Baştutanymyz birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň, şol sanda ýokarda agzalan halkara sergileriň ähmiýetini nygtap, özara bähbitli hyzmatdaşlygy höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni işewür gatnaşyklary ösdürmek hem-de ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini hem-de köpugurly kuwwatyny görkezmek bilen baglylykda, bu gözden geçirişleriň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen çäreleriň jemlerini içgin seljermegi, senagat we ulag-kommunikasiýa ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek, täze bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň edaralarynyň birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiren çäreleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleri bilen bilelikde, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisini hem-de «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisini gurady. Onda dünýäniň 22 ýurdunyň bölümleriniň 156-sy gurnaldy.

Serginiň maksatnamasyna ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we daşary ýurt kompaniýalarynyň mümkinçiliklerini öz içine alýan tanyşdyryş çäreleriniň 23-si girizildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 23-si geçirildi. Şol duşuşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden taryhy çykyşynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge uly üns berdi.

Forumyň çäklerinde Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy birža söwdalaryny gurady. Onda ýurdumyzda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli önümler görkezildi. Bu ýerde ECO-93 görnüşli awtobenzini, polietilen, polipropilen, karbamid, tehniki ýod, sement, reňksiz aýna, pagta süýümi, dokma önümleri we 28 görnüşli beýleki harytlar goýuldy.

Söwdalara 19 ýurtdan jemi 105 dellal gatnaşdy. BAE-den, Hytaýdan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Lýuksemburgdan, Singapurdan, Owganystandan, Russiýadan, Maltadan gelen alyjylar A-80 we ECO- 93 kysymly awtobenzini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, nebit koksuny, polietileni, karbamidi, tehniki ýody satyn aldylar. Şu ugurlar boýunça umumy bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna barabar bolan geleşikleriň 72-si baglaşyldy.

Türkiýeden we Şweýsariýadan gelen alyjylar pagta süýümini satyn aldylar. Olar bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 36 million 884 müň 555 dollary bolan geleşikleriň 4-si baglaşyldy. Russiýadan, BAE-den, ABŞ-dan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gruziýadan, Türkiýeden gelen alyjylar nah ýüplük, jinsi we beýleki görnüşli matalary satyn aldylar. Şeýlelikde, bahasy ABŞ-nyň 6 million 308 müň 500 dollary bolan geleşikleriň 19-sy baglaşyldy hem-de 96 müň 600 manatlyk milli walýutadaky bir geleşik hasaba alyndy.

Özbegistandan we Hytaýdan gelen alyjylar bilen jemi bahasy ABŞ-nyň
1 million 510 müň 125 dollary bolan geleşikleriň 9-sy baglaşylyp, olar reňksiz aýna we portland sementini satyn aldylar.

Şeýle hem içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri polietilen we polipropilen satyn aldylar. 43 million manatlyk söwda edilip, 151 geleşik baglaşyldy.

Şeýlelikde, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäginde geçirilen birža söwdalarynda geleşikleriň 256-sy hasaba alnyp, jemi ABŞ-nyň 380 million 179 müň 180 dollaryna barabar bolan we 43 million 96 müň 600 manat bolan harytlar ýerlenildi.

Şol bir wagtyň özünde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň 300-e golaýynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda işewür duşuşyklar geçirildi. Şonuň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, onuň jemleri boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen wezipelere laýyklykda, hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnamalaryň 15-sine we beýleki resminamalara gol çekildi.

Hazar ykdysady forumynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna birža söwdalarynyň ýokary guramaçylyk derejesini tassyklaýan ISO halkara hil güwänamasy gowşuryldy. Şeýle hem serginiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Germaniýanyň «Messe Frankfurt» kompaniýasy hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasy hem-de sergi senagatyny ösdürmäge goşan goşandy üçin Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşigi tarapyndan degişli diplomlar bilen sylaglanyldy.

Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda işewür duşuşyklaryň 19-sy guraldy.

Umuman, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça halkara resminamalaryň 60-a golaýyna gol çekildi. Şolar maglumat tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we maliýe pudaklary, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba hem-de suw hojalygy, sport we beýleki ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Awazada gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi hem-de hyzmatdaşlygy we onuň çärelerini işjeňleşdirmek boýunça möhüm ugurlara ünsi çekdi. Häzirki döwürde Türkmenistan senagat taýdan ösen döwlete öwrülýär. Halk hojalyk toplumynyň düşewüntliligini, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipesi bolup durýar.

Milli Liderimiz şu babatda dünýä döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribäniň we ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklarynyň ählumumy bazara işjeň goşulyşmagyny, geosyýasy, ykdysady, serişde we önümçilik mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny esasy ugur edinmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil we öňdebaryjy maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy işewürlik, öndürilýän harytlaryň mukdaryny artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny hem-de hyzmatlaryň döwrebap görnüşlerini döretmäge, elektron hyzmatlaryny ýola goýmaga kömek etjekdigini aýdyp, bu ulgamda döwlet düzümleriniň hem-de hususy pudagyň özara gatnaşyklaryny utgaşdyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň
1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçiriljek biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça her ýylda geçirilýän bu çäre ýol hereketiniň howpsuzlygyny berk üpjün etmekde we kadalaryny berjaý etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda hem-de olary düýpli azaltmakda oňyn netijelere eýe bolýar.

Meýilnama laýyklykda, sentýabr aýynyň dowamynda ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda mowzuklaýyn maslahatlar guralar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde degişli makalalar çap ediler we teleradioýaýlymlarda bu ugur boýunça gepleşikler taýýarlanylar. Ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak çärelerini guramak, ýol-ulag hadysalary mahalynda degişli lukmançylyk kömegini bermek we beýleki çäreler meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzyň IIM-niň we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen bilelikde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» şygary astynda geçirilýän biraýlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Oňa giň jemgyýetçiligiň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy wajyp bolup durýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmegine ýol gözegçilik gullugynyň eko-welosiped toparlarynyň işjeň çekilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz şeýle toparlaryň mekdepleriň ýanynda nobatçylygyny guramagyň zerurdygyny belläp, çagalaryň arasynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi ýollarda hereket howpsuzlygy boýunça bilimiň, başarnygyň bitewi ulgamynyň kemala gelmegini üpjün eder.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde sentýabr aýynda şanly waka mynasybetli iri çäreleriň ençemesiniň geçiriljekdigi bellenildi.

Döwlet münberiniň öňünden geçjek dabaraly ýörişe, hususan-da, sungat ussatlarynyň sahnalaşdyrylan çykyşlaryna hem-de ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda gazanýan üstünliklerini görkezýän mowzuklaýyn çykyşlara taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününe içgin taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz bu möhüm taryhy senä bagyşlanan çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini aýdyp, şolaryň umumadamzat ynsanperwer ýörelgelerine esaslanan döwlet syýasatynyň many-mazmunyny beýan etmelidigini nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew birinji Hazar ykdysady forumynyň we Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň jemleri hem-de oba hojalyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, ýurdumyzyň sebitleriniň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde obasenagat toplumynyň ministrligi we pudaklaýyn dolandyryş edaralary öz önümlerini görkezdiler. Sergä gatnaşyjylar ýurdumyzyň oba hem-de suw hojalygynda ýetilen sepgitler, öndürilýän ýokary hilli önümler we daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa babatda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdylar.

Umumy bahasy ABŞ-nyň 251 million 371 müň dollaryndan gowrak bolan oba hojalyk önümleriniň eksporty bilen baglanyşykly resminamalaryň 10-syna gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça GDA-nyň tohumçylyk meseleleri baradaky Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň, kompaniýalaryň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen gepleşikler geçirildi.

Häzirki döwürde welaýatlarda gowaçanyň hatarara bejergisi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş işleri hem-de zerur tohumlary taýýarlamak çäreleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygyny ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de obasenagat toplumynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, dürli görnüşli önümleriň mukdarynyň artdyrylmagyna, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine we ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň berkidilmegine gönükdirilen özgertmeleri netijeli amala aşyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyny mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmek, pudaga sanly elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu meseleleriň ählisi dünýäniň ösen tejribesini, täzeçil usullary, ylmy-tehniki gazananlaryny ulanmak arkaly, ýokary derejede amala aşyrylmalydyr. Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselesi ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilen iň täze tehnikalaryň hasabyna amala aşyrylmalydyr. Ýurdumyzyň telekeçileriniň mümkinçiliklerini hem-de tekliplerini hemmetaraplaýyn goldamak we giňden peýdalanmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekologiýa we suw meseleleri boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegiň, bu ugurda halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýerleri güýzlük bugdaý ekişine taýýarlamagyň depginini güýçlendirmek, gowaça ýokary hilli ideg işlerini ýerine ýetirmek hem-de pagta ýygymyna degişli derejede taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa DIM-niň alyp barýan işi, birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri barada hasabat berdi. Döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze esaslaryny döretmekde, sebit we sebitara möçberdäki özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde forumyň uly ähmiýeti boldy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda üstünlikli geçen forum diňe bir Hazarýaka ýurtlar üçin däl, eýsem, beýleki döwletler üçin hem taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylaryň sanawy, onuň çäklerinde geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi hem-de «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisi we 58 ýurduň wekiliýetleriniň, halkara guramalaryň 39-synyň wekilleriniň, 50 döwletden gelen işewürleriň, daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäreler, şeýle-de duşuşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň forumda eden taryhy, çuňňur manyly çykyşy hem-de Hazar sebit logistika merkezini, Hazaryň innowasion şäherini, täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek hakyndaky başlangyçlary we “ýaşyl diplomatiýanyň” usullaryny ulanmak boýunça teklipleri halkara jemgyýetçilikde giň seslenmä eýe boldy. Şolaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça zerur işlere girişildi.

Hazar ykdysady forumynyň dowamynda ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, maliýe, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba we suw hojalygy, maglumat tehnologiýalary hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyga degişli resminamalaryň 57-sine gol çekildi. Türkmen tarapyna birnäçe halkara diplomlar we güwänamalar gowşuryldy.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça Beýannama taýýarlanyldy. Ol ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.

Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy awgust aýynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Hazar sebitiniň döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, ýurdumyzyň Hazaryň bar bolan köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmündäki derejesini pugtalandyrmaga ägirt uly goşant goşýandygyny aýtdy.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň we onuň çäklerinde guralan çäreleriň we duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy ägirt uly tebigy hem-de uglewodorod serişdelerine, giň üstaşyr kuwwata eýe bolan bu sebitiň geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleriniň hem-de yklymlaýyn we ählumumy ähmiýetiniň artýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz birinji Hazar ykdysady forumynyň we onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň, gol çekilen resminamalaryň uzak möhletleýin esasda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin umumy tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňe sürýän täze başlangyçlaryna ünsi çekip, şolary öňe ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazjak, dürli ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň alyp barýan işi, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, şol sanda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk wajyp mesele bolup durýar. Häzirki döwürde guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Umumymilli forumyň gün tertibi boýunça gelip gowşan teklipler öwrenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, döwlet ösüşiniň çäklerinde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk meselelerine degip geçip, mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, onuň maksatnamasyny we degişli resminamalary işläp taýýarlamak ugrunda ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, öňde boljak baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanan dabaralaryň hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň öňünde durýan möhüm meselelere ünsi çekip, döwletimiziň oba zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini aýtdy we pagta ýygymyna toplumlaýyn taýýarlyk çäreleriniň gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylynyň ýakynlaşyp gelýändigini belläp, mekdep bazarlarynyň işini degişli derejede guramak, okuwçylary zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek babatda zerur tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz senagat-kommunikasiýa toplumynyň işi barada aýdyp, ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak hem-de ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli senagatlaşdyrmak maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz däp boýunça her ýylda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» biraýlygynyň guramaçylyk derejesine ünsi çekip, bu çärä ähli jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň işjeň çekilmelidigini we olaryň mowzuklaýyn wagyz-nesihat işlerine gatnaşmalydygyny belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektroenergetika ulgamyndaky özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň meseleleri barada aýdyp, bu ulgamyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy. Milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek boýunça taýýarlanylan meýilnamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy zerurdyr.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň başlangyjy esasynda guralan Hazarýaka döwletler üçin möhüm ähmiýeti bolan birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz öňde köp sanly dürli çäreleriň, şol sanda Halk Maslahatynyň mejlisiniň, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň jemini jemlemek çäreleriniň, Garaşsyzlyk baýramynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň bardygyny aýdyp, şolaryň hemmesiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter