Milli ýygyndy toparlarymyzyň hasabynda iki altyn medal | TDH
Sport

Milli ýygyndy toparlarymyzyň hasabynda iki altyn medal

опубликованно 17.08.2019 // 300 - просмотров
 

17-nji awgustda Daşkentde ýeňil atletika boýunça Özbegistanyň kubogyny almak ugrunda açyk halkara ýaryşy badalga aldy.

Ýygyndy toparymyzyň wekili, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şakirjan Durdyýew garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik bermedi. Ýaş türkmen türgeni 10 müň metr aralygy 32 minut 34 sekuntda geçip, altyn medal gazandy.

Şol birwagtda Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk şäherinde arbaletden ok atmak boýunça XX dünýä çempionaty tamamlandy. Ol 350-den gowrak türgeniň gatnaşan sany boýunça rekord görkezijä eýe boldy.

Dünýäniň otuz bäş döwleti arbaletden ok atmagyň halkara birleşiginiň (IAU) howandarlygynda geçen ýaryşa gatnaşmak üçin iň oňat ýaý atyjylaryny iberdi. Oňa biziň ýurdumyz hem gatnaşdy. Ýaryşda Türkmenistanyň Ýaý atyjylyk federasiýasynyň başlygy Wepa Sähedow ýurdumyzyň abraýyny gorady.

Türkmen türgeni «2019-njy ýylda türgenleşige girişen türgenleriň arasynda arbaletden ok atmak» görnüşinde 1451 utuk toplady.

W.Sähedowyň çykyşynyň netijesi — birinji orun we dünýä çempiony diýen at.

Türkmenistanda soňky ýyllarda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine örän uly üns berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işi bedenterbiýäni we sporty wagyz etmäge gönükdirilendir, ýurdumyzda sport hereketini ösdürmäge hemme şertler döredilýär. Türgenlerimiziň şu gazananlary milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter