Türkmen sazandalarynyň ussatlygyna Wagneriň Watanynda baha berdiler | TDH
Medeniýet

Türkmen sazandalarynyň ussatlygyna Wagneriň Watanynda baha berdiler

опубликованно 19.08.2019 // 312 - просмотров
 

Germaniýa Federatiw Respublikasynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary uly üstünlik bilen geçdi. Olar Baýroýt şäherinde geçirilen ýaş artistleriň 69-njy halkara festiwalyna hem gatnaşdylar.

Biziň saz sungatymyzyň ussatlarynyň maksatnamasyna kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde halk sazlary we nusgawy eserler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan Watanymyzyň üstünliklerini görkezýän fotosergi guraldy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy we baý mirasy bar. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy düýpli öwrenmek, ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, ony dünýäde wagyz etmek, ynsanperwer aragatnaşyklary pugtalandyrmak möhüm wezipe bolup durýar.

Germaniýada Türkmenistanyň sahna ussatlarynyň çykyşlary iki dostlukly halkyň medeni gatnaşygyny has-da ösdürmekde, döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde uly goşanda öwrüldi.

Tutuş bir ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda geçirilen «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» diýen arheologiýa sergisini hem belläp geçmek ýerlikli bolar. Sergi Berlinde, Gamburgda, Mangeýmde ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalarynyň gadymy gymmatlyklaryny görkezdi. Gözden geçiriliş ynsanperwer ulgamda özara bähbitli türkmen-german gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasy, ýewropalylaryň türkmen halkynyň mirasynyň täze sahypalaryny açmagynyň ýolunda möhüm waka boldy.

Festiwalyň resmi açylyş dabarasy nusgawy saz eserlerini döredijiler — R.Wagneriň we F.Listiň şäheri — Baýroýtda geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, esaslandyryjysy Rihard Wagner bolan her ýyl geçirilýän festiwalyň netijesinde bütindünýä meşhurlyga eýe bolan nemes şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Türkmenistanly artistleriň çykyşy uly gyzyklanma hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Türkmen halk saz gurallarynda ýerine ýetirilen folklor kompozisiýasy, Nury Halmämmedowyň, Pýotr Çaýkowskiniň, Astor Pýassollanyň hem-de bütin dünýä meşhur beýleki kompozitorlaryň nusgawy eserleri ýaňlandy. Olary kamera orkestri ýerine ýetirdi.

Döredijilik iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň artistleri 10-a golaý konsert bilen çykyş etdiler. Olaryň her biri halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň ýolunda ähmiýetli täze ädime öwrüldi.

Her çykyşyň öň ýanynda guralan fotosergi we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermeginde goralyp saklanylýan we dowam etdirilýän özboluşly däp-dessurlarymyz görkezildi. Sergide görkezilen şekiller häzirki Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri bilen tanyşmaga hem-de dürli eýýamlaryň taryhy-medeni ýadygärliklerini, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri aýdyň görmäge mümkinçilik berdi.

Festiwalyň ahyrynda ajaýyp halkara taslama guraldy: Türkmenistanyň kamera orkestri, Ysraýylyň kirişli gurallar orkestri, Rumyniýanyň üflenip çalynýan saz gurallar kwinteti hem-de Germaniýanyň jaz topary bilelikde nemes kompozitory we altçysy Rudolf Hakeniň ýörite şu waka üçin ýazan saz eserini ýerine ýetirdiler. Bu çykyş sungata bolan söýginiň üsti bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň adamlaryny birleşdirdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter