Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady | TDH
Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady

опубликованно 20.08.2019 // 225 - просмотров
 

Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr, munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýşynyň derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ulgamda oba hojalygynyň netijeli ösdürilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz 19-njy awgustda obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyp geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň barşynda daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga, eksport mümkinçiliklerini gowulandyrmaga itergi berýän ýokary hilli harytlaryň giň görnüşleriniň öndürilýändigini nygtady.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen köpugurly özgertmeleriň, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň nobatdaky tapgyry badalga aldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygynyň dolandyrylyşyny we toplumlaýyn üýtgedilip gurulmagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, topragyň gurplulygyny we oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary we iň soňky ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak maksady bilen öňde goýan wezipelerini çözmek ugrunda anyk çäreler görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz agrosenagat önümçiliginiň mundan beýläk-de köpugurlylaşdyrylmagyny, gaýtadan işleýän we hyzmat edýän düzümleriň, oba hojalyk önümleri öndürijileriň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny öňde duran möhüm işleriň hatarynda kesgitledi. Oba hojalyk işleri alnyp barlanda agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi, ekerançylyk ýerleriniň suw bilen üpjünçiligini sazlaşykly gowulandyrmak babatda obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suwy rejeli peýdalanmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleriň çözülmegi suwaryş ulgamlarynyň işleýşiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ulgama innowasion tehnologiýalarynyň, ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam berer diýip belledi hem-de bu meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistan döwlet Baştutanymyzyň suw meselesi boýunça wezipeleri çözmek babatdaky strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen halkara bileleşigiň tagallalaryna saldamly goşandyny goşýar. Bu mesele dünýä ähmiýetine eýedir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylan suw diplomatiýasy diňe bir bu möhüm ulgamda uzak möhletli hyzmatdaşlygy aňlatmak bilen çäklenmän, eýsem, öňdebaryjy tejribeleri işläp taýýarlamagy hem alamatlandyrýar. Şolaryň netijeliligi tutuş adamzada hyzmat edip biler.

Türkmenistan suwdan rejeli peýdalanmagyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan baý tejribesine eýe bolmak bilen, ählumumy ýagdaýlary nazara alyp, ony iň häzirki zaman çemeleşmeleriniň esasynda ösdürýär hem-de halkara ekologiýa başlangyçlary bilen çykyş edýär.

Şol başlangyçlaryň biri hem Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmekdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda çykyş edip, suw meselesiniň şu merkeziň işiniň aýratyn ugurlarynyň biri bolup biljekdigini belledi.

Suwdan peýdalanmak babatdaky hereketleriň oýlanyşyklylygynyň hem-de oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň derejesiniň, azyk howpsuzlygynyň arasyndaky özara baglanyşygyň bardygy äşgärdir. Beýleki tarapdan, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ekologiýa çäreleri milli ykdysadyýetiň ösüşiniň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň çäklerinde tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin ygtybarly esasa öwrülýär.

Suw hojalygy pudaklaryna ekologiýa nukdaýnazaryndan suw ulgamyna has döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar, şeýle hem suw gorlarynyň rejeli ulanylmagyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen degişli çäreler görülýär.

Suwuň strategik ätiýaçlyk gorlaryny döretmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän deňi-taýy bolmadyk taslamanyň maksatlarynyň biridir. Munuň özi Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. Ol daşky gurşawa, şol sanda geologik köpdürlüligiň artdyrylmagyna oňyn täsir edýär.

Onuň zeýkeşlerinde balyklaryň dürli görnüşleri mesgen tutupdyr hem-de kölüň kenarlarynda emele gelen tokaýlyklarda guşlaryň köp görnüşine duş gelmek bolýar. Kölüň suw ulgamy çölüň gazaply howasynyň ýumşamagyna hem oňyn täsirini ýetirer.

Türkmen kölüni gurmagyň möhüm wezipeleriniň biri Amyderýanyň hapalanmagynyň öňüni almak bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslama tutuş Orta Aziýa üçin hem ägirt uly ähmiýete eýedir. Onuň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzyň oba we suw hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri hem-de gözýetimleri açmak bilen çäklenmän, eýsem tutuş sebitiň ekologiýasyna oňyn täsirini ýetirer.

Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň baha bermegine görä, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasynyň ýokary düşewüntliligi şübhesizdir. Galyberse-de, onuň ykdysady peýdasy wagtyň geçmegi bilen has-da artar, çünki bu gidrotehniki desganyň işlemegi oba hojalygynda kadaly suw ýagdaýyny döretmek üçin uly çykdajylaryň azaldylmagy, tebigy baýlyklaryň aýawly saklanmagy hem-de artdyrylmagy bilen bagly bolar.

Oba hojalyk ulgamynda amala aşyrylýan iri özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bitewi ulgamy emele geldi. Düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, oba hojalygyny we hyzmat edýän pudaklary, şol sanda oba ýerlerinde gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça kärhanalary gurmaga tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga gönükdirilýän maýa goýumlaryny goýmak onuň esasy düzüm bölekleriniň biridir. Ýerleriň suwarylyşyna we meliorasiýasyna, ylmyň, seçgiçiligiň we tohumçylygyň ösdürilmegine düýpli serişdeler gönükdirilýär.

Geçen galla oragynyň üstünlikli jemleri bu tagallalaryň anyk netijesi boldy. Möwsümiň barşynda 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy. Munuň özi ýurdumyzy galla bilen üpjün etmäge doly esas berýär. Mundan başga-da, Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyl bäri artyk ýetişdirilen azyklyk bugdaýy eksport etmäge mümkinçilik alýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumynda iň bir ähmiýetli wakalaryň biri bolan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde türkmen oba senagat innowasion tehnologiýasynyň köpmaksatly mümkinçilikleri görkezildi. Sergä gelenler bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän möhüm taslamalaryň tejribeleri, ýurdumyzyň oba we suw hojalyk ulgamlarynyň gazananlary, ýokary hilli önümler we ekologiýany goramak ulgamynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Häzirki wagtda türkmen topragynda öndürilen harytlaryň birža söwdalarynyň üsti bilen daşary ýurtlaryň 40-dan gowragyna, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaýa, Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Singapura, Türkiýä, Bangladeşe we beýleki ýurtlara eksporta ugradylýandygyny bellemek gerek.

Bu harytlaryň içinde daşary ýurtly müşderileri ýokary hilliligi we bäsdeşlige ukyplylygy bilen özüne çekýän pagta süýümi, goýun, geçi we düýe ýüňi, buýan köki we beýleki oba hojalyk önümleri dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Zähmetiň mehanizmleşdirilmeginiň we awtomatlaşdyrylmagynyň ýokarylygy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ösdürmegiň esasy girewidir. Bu ulgamdaky maksadaokgunly işler obada işçi hünärleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaşlary zähmete çekmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Galla oragy, pagta ýygymy we ekiş döwürlerinde meýdanlara çykarylýan häzirki zaman tehnikalary — «John Deere W540» we «TUGANA 430» («CLAAS») ýaly kombaýnlar, «John Deere 9970» kombaýny, sürüm we köpugurly traktorlar, şeýle hem azallar, däne ekijiler ekerançylara düýpli tehniki goldaw boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, «Umah Trade GmbH» (Germaniýa) we «John Deere Internatrional GmbH» (Şweýsariýa) kompaniýalary bilen Türkmenistana 2017 — 2020-nji ýyllarda tapgyrlaýyn oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň uly toparyny satyn almak barada şertnamalaryň baglaşylandygyny bellemek gerek.

Mundan başga-da, pagta ýygyjy kombaýnlar we meýdanlarda gowaçanyň açylmadyk gozalaryny ýygnamaga hem-de ondan süýüm almaga niýetlenen ýöriteleşdirilen maşynlar «Uzagrotehsanoatholding» paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan iri şertnamanyň çäklerinde Özbegistandan getirilýär.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tarp ýerler özleşdirilýär. Bugdaý we pagta bilen birlikde, ýeralma, şugundyr, tüwi, mekgejöwen, nohut, künji, arpa, beýleki gök önümlere, däne we bakja ekinlerine hem ýer bölekleri bölünip berilýär. Bularyň hemmesi oba hojalygynyň tehniki taýdan enjamlaşdyryş derejesiniň hemişe ýokary bolmagyny, häzirki zaman tehnikalaryna, aýry-aýry tehnologik ýagdaýlaryň mehanizmleşdirilmegine we awtomatlaşdyrylmagyna bolan islegi şertlendirýär. 2018-nji ýylyň noýabrynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Türkmenistanyň Hökümetiniň we «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. Bu resminamada oba hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak ulgamynda amerikan işewürleri bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, şol sanda pudaga sanly elektron dolandyryş ulgamyny, täze tehnologiýalary we innowasiýalary girizmek, bu işlere tehniki parkyň üstüni ýokary tehnologiýaly oba hojalyk enjamlarynyň täze nusgalary bilen ýetirmek, ekerançylygy mehanizmleşdirmegiň derejesini ýokarlandyrmagyň hasabyna zähmet öndürijiligini artdyrmak ýaly ugurlar hem girýär.

Şeýlelikde, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň birnäçe daýhan birleşikleriniň gowaça meýdanlarynda sanly telemetrik ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan «John Deere 6195M» kysymly täze köpugurly traktorlar synagdan geçirilýär. Bu maşynlar meýdanlarda topragy işläp taýýarlamak, ekişe ideg etmekde bolşy ýaly, ýük ýüklemek, düşürmek we beýleki ulag işlerinde hem deň derejede üstünlikli ulanylýar.

Ine, şu tapgyrdan, ýagny radiokanallar arkaly topragyň we ösümlikleriň ýagdaýy barada maglumat berýän görkezijiler we sensorlar kabul ediji enjamlar oturdylandan soň, oba hojalyk maşynlarynda «akylly» we anyk ekerançylyk işi başlanýar. Sanly tehnologiýany ornaşdyrmagy ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny artdyrmaga, tohum serişdelerini, döküni we ösümlikleri goramak serişdelerini, suwaryş suwyny we ýangyjy düýpli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Söhbedi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, kesellere we zyýan berijilere durnukly, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan oba hojalyk ekinleriniň ýokary hilli görnüşleriniň peýdalanylmagynyň, ýokary hasylyň binýady bolup durýandygyny bellemek gerek.

Türkmen ekerançy alymlarynyň, oba hojalyk boýunça ýokary okuw bilim ojaklarynyň ylmy-barlag merkezleriniň işgärleriniň goşandy bu işde kesgitlenilýär. Seçgiçilik we tohumçylyk işleri, dürli ekinleri ýetişdirmegiň agrotehnikasyny, şol sanda agromelliorasiýada innowasion tehnologiýalara baha bermek, geçirilýän çäreleriň netijeliligini seljermek olaryň wezipesine girýär.

Ýurdumyzyň ekin meýdanlaryna ornaşdyrylan, şol sanda bugdaýyň «Türkmenbaşy», «Bitarap», «Lebap — 1», «Ýolöten — 1», «Ýolöten — 3», «Miras», «Garaşsyzlyk», «Berkarar», «Bagtyýarlyk», «Döwletli» ýaly ýumşak, «Türkmenbaşy — 1», «Akbaş» ýaly gaty görnüşleri, şeýle hem «Bereket» tüwüsi, «Sona» arpasy, «Paýtagt» we «Laçyn» mekgejöweni, «Bereketli» mäşi ýurdumyzyň seçgiçileriniň döreden görnüşleridir.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň maýynda Aşgabatda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agrar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça gazanylan üstünlikler aýratyn bellenildi.

Ýerli tebigat howa şertlerine — ýokary gögerijilik, süýümiň berkligi, uzynlygy we arassalygy ýerli seçgiçileriň ýetişdirýän gowaça görnüşleriniň hiline berýän ünsleriniň esasy ugurlarydyr. Mälim bolşy ýaly, orta süýümli gowaça ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. «Ýolöten — 7», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 144», «Serdar», «С — 4727», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «С — 2606» ýaly görnüşlere aýratyn artykmaçlyk berilýär. Gowaçanyň inçe süýümli görnüşi bolsa, hususan-da, «Ýolöten — 14» görnüşi Ahal we Mary welaýatlarynda ýetişdirilýär.

Şu ýyl gowaça 550 müň gektar ýer bölünip berildi. Umumy alanyňda, «ak altynyň» 1 million 50 müň tonnasyny ýygnamak bellenilýär. Mundan başga-da, oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer bölegini alan oba hojalyk önümlerini hususy öndürijiler 25 müň 567 gektar ýerde gowaça ýetişdirmäge ilkinji gezek girişdiler.

Oba hojalyk ýerleriniň peýdalanylyşyny işjeňleşdirmek boýunça işler dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, geljek ýylda bugdaý ekiljek meýdanyň möçberi 760 müňden 690 müň gektara çenli azaldylar. Bugdaý taýýarlamagyň möçberini 1 million 400 müň tonna çenli azaltmak meýilnamalaşdyrylýar. Güýzlük bugdaýdan boşan ýerler gowaça ekmäge berler.

Şu ýyl bugdaýyň satyn alnyş nyrhy iki esse ýokarlandyryldy. Munuň üstesine-de, ekerançylara ýer üçin iň az töleg bellenildi. Olar salgytdan doly boşadyldy. Kärendeçiler we daýhan birleşikleri tehnika, tohum, mineral dökünler, suw we hyzmatyň beýleki görnüşleri bilen hem ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär. Şeýlelikde, gallaçylaryň çykdajylarynyň ýarsyndan gowragyny döwlet öz üstüne alýar.

Mundan başga-da, hil häsiýetlerini nazarda tutmak bilen, pagta we pilä ýokary täze bahalar girizildi. Şeýle hem oba ýaşaýjylary ýüpekçilik bilen gowaçany we bugdaýy ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Ýüpek gurçugy isleg bildirýänlere tölegsiz paýlanylýar. Ýüpek gurçugynyň iýmiti bolan ýaprak üçin bolsa hiç hili töleg ýok.

Sebitlerde tut ekilen ýerler her ýyl giňeldilýär. Nahallar ekerançylyk ýerleriniň gyralaryna oturdylýar. Munuň özi oba hojalyk ekinleri üçin oňat gorag bolup hyzmat edýär, suwaryş akabalarynyň kenarlarynyň berkemegine ýardam berýär.

Şeýlelikde, bu iş bilen meşgullanmak ähli babatda peýdalydyr. Ýurdumyzyň ýüpekçileri şu möwsümde döwlete dokma senagaty üçin 2 müň 262 tonnadan gowrak gymmatly çig mal tabşyryp, pile taýýarlamak boýunça borçnamalaryna artygy bilen hötde geldiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ähli welaýatlarda öňdebaryjy tejribelere esaslanýan, häzirki zaman tehnologiýasy ornaşdyrylýan maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, oba hojalyk çig mallaryny işläp taýýarlamak boýunça kärhanalary we ýyladyş toplumlaryny öz içine alýan obasenagat ulgamlary döredilýär.

Et, süýt we çörek önümleridir beýleki azyklyk harytlary öndürýän kärhanalar yzygiderli işe girizilýär. Ýokarda agzalan pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýan ykdysadyýetiň hususy böleginiň wekilleri bu giň gerimli işe işjeň gatnaşýarlar.

Şu ýylyň fewralynda Ahal welaýatynda gurluşygyna başlanylan agrosenagat toplumyny bu ugurda görkezmek bolar. Onuň düzümine ýylda 360 müň tonna ýokary hilli sygyr etini we goýun etini öndürmäge niýetlenen kärhana girýär. Munuň özi bu et önümlerini eksporta ibermäge hem mümkinçilik berer. Balygy ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek boýunça ferma hem gurlar. Onuň taslama kuwwatlylygy ýylda 240 tonna barabar bolar. Bu ýerde balygy ýetişdirmegiň doly aýlawyny üpjün edýän, işläp bejeriji bölümleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerden taýýar önümler mundan beýläk işläp taýýarlamak üçin kakadyjy we beýleki bölümlere iberiler.

Toplumyň desgalarynyň hatarynda gaplanan önümleri, şol sanda mürepbäni, şiräni, süýji içgileriniň, doňdurylan miwe we bakja önümlerini, marinatlary öndürmek boýunça bölümi, şeýle hem Gökdepe etrabynda ýetişdirilýän üzümden işlenip taýýarlanjak çakyr zawodyny görkezmek bolar.

170 gektar ýerde bolsa ýyladyşhanalaryň dördüsi gurlup, olarda limon, pomidor, hyýar, gök we bakja önümleri ýetişdiriler, şol hatarda, tohum hem ýetişdiriler. Agrosenagat toplumynyň doly önümçilik kuwwatynda işlemegi üçin daýhanlar we telekeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, olara tohum we dökün berler. Ýetişdirilen hasyl bolsa satyn alnar.

Tutuşlygyna alanyňda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlarynyň dogrudygyny aýdyň görkezýär. Ol maglumatlara laýyklykda, ýurdumyzda un, çörek we çörek önümlerini, et, süýt, ýumurtga, gök we bakja önümlerini öndürmegiň möçberi durnukly artýar.

Oba hojalyk önümlerini öndürmekde döwlete degişli däl ulgamyň paýy ortaça 90 göterimden gowrakdyr. Azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilmesi düýpli kemeldi, esasan, gök-miwe önümleriniň hasabyna olaryň eksporta iberilişiniň möçberi artdy.

Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we ylmy-barlag institutlaryna, kärendeçilere, hususy telekeçilere we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere berilýän ýeňillikli bank karzlary agroişewürligiň işjeňleşmegine köp babatda ýardam berdi.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň banklary tarapyndan eksport önümlerini we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça önümçiligi giňeltmek üçin berilýän karzlaryň möçberi, 2018-nji ýylda 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 10,2 göterim, döwlete degişli däl ulgam boýunça bolsa 20 göterimden gowrak artdy. 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda bu görkeziji degişlilikde, 10 we 14,8 göterime barabar boldy.

Halk Maslahatynyň çözgütlerine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, maldarçylyk hojalyklarynda olaryň garamagyndaky fermalaryň jaýlaryny, iri şahly mallary, goýunlary, düýeleri, guşlary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmaga bermek, ýer bölekleriniň eýelerine bellenen tertiplerde ýer böleklerini bermek göz öňünde tutulýar.

Şu ýyl Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan maldarçylyk toplumlarynyň dördüsi bu täze gurluşyklaryň ýerine ýetirijilerine — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna berildi. Ozal Balkan we Mary welaýatlarynda gurlan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumlary Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni satmak ýoly bilen hususylaşdyryldy.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek meselesiniň çözgütleri durmuş ugurly meýilnamalaryň wezipeleri bilen ugurdaşdyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu maksatnama netijesinde diňe bir önümçilik ulgamy däl, eýsem, durmuş düzümleriniň ösüşi hem täze depgin aldy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň kartasynda peýda bolan: Daşoguz welaýatyndaky Bagtyýar zaman, Lebap welaýatyndaky Berkarar zaman, Mary welaýatyndaky Döwletli zaman, şeýle hem Ahal welaýatyndaky Bereketli zaman obalary munuň aýdyň mysalydyr.

Maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýerleşýän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze döwrebap obanyň giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň düýbüniň tutulmagy şu ýylyň aýratyn ähmiýetli wakasy hökmünde tapawutlanýar.

Ümmülmez Garagumuň merkezindäki ajaýyp suw desgasynyň kenarynda täze häzirki zaman obasynyň gurulmagy çöl ýerleriniň özleşdirilmegine depgin berer, maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmäge mümkinçilik berer.

2019 — 2025-nji ýyllarda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek boýunça konsepsiýa hut şuňa gönükdirilendir. Munuň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologiýa nukdaýnazaryndan hem örän ähmiýetlidir.

Tutuşlygyna alanyňda, Garagum sährasynda iri emeli suw howdanynyň döredilmegi sebitlerimiziň ählisiniň suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga, topragyň şorlaşmagy, batgalaşmak we gurakçylyk bilen baglanyşykly köp meseleleri çözmäge mümkinçilik berdi.

Şeýlelikde, ýurdumyzda ätiýaçlyk suw gory döredilýär. Ony tebigy taýdan arassalanmagy we häzirki zaman tehnologiýasyny ulanmak arkaly oba hojalyk toplumynyň, şol sanda täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, baglary suwarmak, tehniki zerurlyklar üçin peýdalanmak bolar. Ylymlar akademiýasynyň alymlary tarapyndan bu ugurda degişli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde berk saklanylýan Türkmen köli taslamasynyň durmuşa geçirilmegi hakykat ýüzünde innowasion taslamadyr, ol Ýer ýüzüniň suw serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözgüdine ýurdumyzyň saldamly goşant goşýandygyny subut edýär. Türkmenistan suwarymly ekerançylygyň we gurak zolakda suwdan peýdalanmagyň ägirt uly tejribesine eýe bolmak, beýleki döwletleri suw serişdelerine şeýle tygşytly peýdalanmaga çagyrmak bilen, bu ulgamdaky ylmy-barlag işleriniň öň hatarynda çykyş edýär. Bu taslama giň halkara jemgyýetçilikde ýokary baha mynasyp boldy. Onda tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga Türkmenistanyň goşýan saldamly goşandy hökmünde baha berilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, täze obalar Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynda gurlar. Bular geljek ýedi ýylda sebitlerimizde guruljak täze gurluşyklaryň diňe bir bölegidir. Obasenagat toplumynyň kuwwatlylygyny mundan beýläk-de artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň işe girizilmegi, onuň innowasion ösüşiniň döwlet taýdan goldanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň berk esasyny döretmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter