Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ekologiýa hakynda alada - ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ekologiýa hakynda alada - ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada

опубликованно 21.08.2019 // 234 - просмотров
 

2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji maslahatynyň çäklerinde ösüş meseleleri boýunça duşuşykda çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä döwletleriniň we halklarynyň durmuş we ykdysady ösüşini daşky gurşaw hakynda alada etmezden gazanyp bolmaz diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşynda Aral deňzini halas etmek meselesini sebitiň ýurtlarynyň halkara bileleşik bilen hyzmatdaşlygynda örän möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi. Araly halas etmek meselesine eýýäm köp wagtdan bäri diňe içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez diýip, milli Liderimiz häzirki wagtda bu meseläniň üstünlikli çözülmegi üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, täze maksada gönükdirilen, toplumlaýyn halkara çemeleşilmesi, bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň we yzygiderli gatnaşmagy talap edilýär diýip belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň bu ugurda ädýän yzygiderli ädimleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Munuň şeýledigine abraýly halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän dürli çäreler hem şaýatlyk edýär. Olar daşky gurşawy goramak işinde, şol sanda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Şu gün paýtagtymyzda Aral ýakasynda daşky gurşawyň ýagdaýyny seljermek, onuň eneleriň we çagalaryň saglygyna täsirini öwrenmek meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde 2019 — 2020-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Aşgabatdaky wekilhanasy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guraldy.

Duşuşygyň gün tertibi Aral ýakasynyň daşky gurşawynyň enäniň we çaganyň saglygyna täsiri babatda onuň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň netijeleri bilen tanyşdyrmak, beýleki durmuş meselelerini çözmek, şeýle hem şu mesele boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleleri öz içine aldy.

Duşuşygyň işine gatnaşmaga Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, onuň garamagyndaky düzümleriň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, käbir jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy. ÝUNISEF-e saglygy goraýyş, azyk önümlerini getirmek we olaryň hili, çaga hukuklarynyň goralyşyna gözegçilik etmek baradaky meseleler boýunça utgaşdyryjylar wekilçilik etdiler. «Sanigest» kompaniýasynyň hünärmenleri halkara bilermenler hökmünde çykyş etdiler.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň baştutany Kristina Weýgand çärä gatnaşyjylary mübärekläp, Araly halas etmek boýunça halkara tagallalar babatda ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, ilkinji sebäbi sebitiň derýalarynyň gidrologik düzgüniniň üýtgemegi bilen bagly bolan Aral meselesi XX — XXI asyryň sepgidinde howply häsiýete eýe boldy we häzir dünýä bileleşiginiň üns merkezinde durýar.

Sebitiň suw gorlarynyň oýlanyşyksyz ulanylmagy bilen emele gelen ekologiýa meselesiniň täsirleri onuň ösümlik we haýwanat dünýäsine ýaramaz täsir edip, Aral deňzi sebitinde ýaşaýan köp adamyň durmuş şertleri bilen galtaşdy. Şunuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, häzir iň möhüm wezipe Aral deňziniň daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna ýaramaz täsirini peseltmekden ybarat bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynda 2017 — 2019-njy ýyllarda başlyklyk edýär. Bu wezipesini ýerine ýetirmäge girişmezden ozal, Konsepsiýany amala aşyrmak we beýleki degişli meseleler boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmak maksadynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Bütindünýä bankynyň, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň, Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk baradaky agentliginiň we beýleki düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara maslahat geçirildi.

2017-nji ýylda Aşgabatda AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öz işine başlady. Aral deňzi sebitiniň durmuş we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary işläp taýýarlamak, seljerme geçirmek hem-de amala aşyrmak onuň wezipeleriniň hataryna girýär.

2017 — 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň AHHG-a başlyklyk etmeginiň barşynda Gaznanyň müdirliginiň, onuň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň mejlislerini geçirmek üpjün edildi. 2017-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa Halkara ekologiýa forumy guraldy.

Gaznanyň işiniň netijeliligini kämilleşdirmäge we ýokarlandyrmaga, geljegi nazara almak bilen, Aral deňzi sebitindäki ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, ýörite işlenip taýýarlanan konsepsiýanyň esasynda AHHG-a başlyklyk etmek bilen, Türkmenistan bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge örän düýpli çemeleşýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Aral meseleleriniň derwaýyslygy Merkezi Aziýanyň çäklerinden alyslara çykýandygy aýdyňdyr, şonuň üçin abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, BMG bilen işjeň gatnaşyklarda döwletara hyzmatdaşlygy üçin mäkäm binýady döretmek zerur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» atly maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen BMG-niň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Durnukly ösüş boýunça sammitinde, BMG-niň tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden başlangyçlary hut şoňa gönükdirilendir.

Hususan-da, 2012-nji ýylyň iýunynda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Durnukly ösüş boýunça maslahatda (Rio+20) döwlet Baştutanymyz BMG-niň işiniň aýratyn ugruny işläp taýýarlamagy teklip edip, ony BMG-niň Aral üçin Ýörite maksatnamasy diýip atlandyrdy. Şol maksatnama Aral deňzi sebitindäki ýagdaýy durnuklaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalary öz içine alyp bilerdi.

Sebitde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin AHHG-nyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek şol maksatnamanyň esasy wezipesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, şeýle hem BMG-niň Araly halas etmek boýunça Ýörite maksatnamasyny hem-de BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak hakynda teklipleri bar.

Bu ugurda Türkmenistanyň görýän yzygiderli çäreleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Muňa Türkmenistan tarapyndan başy başlanyp, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň 85-nji umumy mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» diýen Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak baradaky bölüm Kararnamanyň esasy düzgüni boldy. Daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamany işläp taýýarlamagyň hem-de olary netijeli durmuşa geçirmekde Aral deňziniň giňişligindäki ýurtlara ýardam bermegiň wajypdygy aýratyn bellenildi.

Ýöriteleşdirilen edaralara we beýleki guramalara, BMG-niň ulgamynyň maksatnamalaryna we gaznalaryna, şeýle hem halkara maliýe edaralaryna Araly halas etmegiň halkara gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda geçirilen sammitiniň barşynda sebitiň ekologiýa ulgamynda gatnaşyk etmegiň görnüşi kesgitlenildi.

Howanyň üýtgemeginiň şertlerinde Aral deňziniň suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak we onuň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikde hereket etmekleri, suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady meselelerini çözmek boýunça hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, halkara guramalar bilen özara hereket etmek sammitiň barşynda içgin we giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bäş ýurduň Lideriniň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtap, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde taraplaryň ählisiniň bähbitlerini nazara almak bilen, Aralyň giňişliginde suw serişdelerini bilelikde we toplumlaýyn dolandyrmak hem-de oýlanyşykly peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça ozal kabul edilen çözgütlere ygrarlydyklaryny tassyklamagy ýokary derejedäki duşuşygyň esasy netijeleriniň biri boldy.

Türkmenistan Aralýakadaky durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, suwdan netijeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça oňyn gatnaşyklary ösdürmäge işjeň ýardam edýär, bu bolsa diňe bir sebit däl, eýsem-de, ählumumy möçberli uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyz dürli pudaklarda giň gerimli milli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirip, olary Durnukly ösüş maksatlarynyň ekologiýa düzüm bölümleri bilen yzygiderli utgaşdyrýar, bar bolan uly tejribäni hem-de döredijilik kuwwatyny umumy bähbitler üçin amala aşyrmaga ymtylýar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan ençeme abraýly halkara guramalar, şol sanda ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelerini dünýä görkezýär, nesilleriň abadançylygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde ykrar edilendir.

«Tegelek stoluň» işiniň dowamynda Daşoguz welaýatyndaky gözegçilik işleriniň netijeleri boýunça «Sanigest» kompaniýasynyň hünärmenleri hem-de Lebap welaýatynyň demirgazyk böleginde (Darganata) alnyp barlan işleriň netijeleri babatda paýtagtymyzyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi tarapyndan görkezilen tanyşdyrmalar hem-de meýilnamalar gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugurlary hem-de möhüm wezipeleri bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmeginiň, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde gazanylan Watanymyzyň saglygy goraýşynyň ýokary derejesi türkmenistanlylara tutuş ýurdumyz boýunça gurlan we gurulýan döwrebap klinikalaryň hem-de bejeriş-anyklaýyş merkezleriniň hödürleýän häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşlerini almaga mümkinçilik berdi.

Bu ulgamda kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamyny üstünlikli özgertmegiň hemişe aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Soňky wagtda ýurdumyzda birnäçe täze kanunlar, hususan-da, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Kanunlar we beýlekiler kabul edildi.

BMG-niň abraýly düzüminiň wekilleri milli saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny ösdürmek ulgamyndaky meseleler boýunça gyzyklanma bildirilen ara alnyp maslahatlaşylmanyň barşynda soňky ýyllarda ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan durmuş syýasatynyň bu ulgamynda ägirt uly ösüşlere ýetendigini bellediler.

Mälim bolşy ýaly, türkmenistanlylaryň saglygyny goramak, kesellere garşy göreşmek, aýallaryň we çagalaryň saglygy üçin amatly şertleri üpjün etmek boýunça giň gerimli tagallalar iri halkara düzümleriň we guramalaryň arasynda giňden ykrar edildi.

Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň birnäçe möhüm halkara şahadatnamalaryň eýesi bolmak bilen, ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär, saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy bilermenleriň we hünärmenleriň tejribesini öwrenýär. Bu ugurda ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy türkmen lukmanlarynyň işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup çykyş edýär.

Häzirki duşuşygyň işçi toparlarynyň mejlisleriniň dowamynda maşgalalara hem-de çagalara hödürlenilýän degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we usullaryny has-da kämilleşdirmek boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň çäklerinde Aral howpunyň ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny çözmäge ýardam berýän netijeli gatnaşyklary dowam etmek ugrunda biragyzdan pikirlerini beýan etdiler.

Bu ýere ýygnananlar «tegelek stoluň» işiniň netijelerini jemläp, onuň netijeli bolandygyny bellediler hem-de aýdylan oňyn teklipleriň Aral ýakasyndaky ekologiýa, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ýagdaýlaryň gowulandyrylmagyna gönükdirilen iş ýüzündäki anyk ädimlerde öz beýanyny tapjakdygyna, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlyga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Häzirki çäräniň Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýurt maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Türkmenistanda 2018 — 2022-nji ýyllar döwür üçin çaganyň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny ýerine ýetirmek babatda aýratyn wajypdygy nygtaldy.

ÝUNISEF-niň wekilleri hormatly Prezidentimiziň netijeli syýasy strategiýasyna ýokary baha berdiler. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz bu mesele bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipeleriň özara ylalaşykly we sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter