Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda | TDH
Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda

опубликованно 22.08.2019 // 193 - просмотров
 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Dokma senagatyny öňdebaryjy tehnologiýalar we ýurdumyzyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde birža söwdalary guraldy. Onuň dokma senagatyna degişli bölümine ABŞ-dan, Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan işewürler gatnaşdylar. Olar umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million 308 müň dollaryndan gowrak bolan nah ýüplügiň, flanel we jinsi matalarynyň söwdasy boýunça 19 geleşik baglaşdylar. Şeýle hem 96 müň 600 manatlyk bir geleşik amala aşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýan dokma senagatynyň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak, täze ýokary tehnologiýaly kärhanalary emele getirmek, çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligi boýunça gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek wezipeleri goýuldy.

Pudagyň kärhanalary makroykdysady görkezijileriň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän ugurlar boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýärler. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlary boýunça gazanylan maglumatlar munuň subutnamasy bolup durýar. Şeýlelikde, geçen ýedi aýda öndürilen önümleriň möçberleri 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende köp ugurlar boýunça ýokarlandy.

Hususan-da, nah ýüplügiň önümçiligi 35,9 göterim, nah matalaryň önümçiligi tüýjümek matalary hasaba alanyňda 75,6 göterim, ýüpek önümçiligi 91,8 göterim, tikin we örme önümleri 47,9 göterim, haly önümçiligi 16 göterimden gowrak artdy.

Şeýle hem bölek haryt dolanyşygynyň görkezijisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,6 göterim ýokarlanandygyny bellemeli. Dokma önümleriniň eksport möçberleriniň söwdasynyň ösüşi 38,8 göterime, ýüpegiňki 101,6 göterime, haly we haly önümleriniň söwdalarynyň ösüşi 53,8 göterime deň boldy.

Ýurdumyzyň dokma önümleri dünýä bazarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda 114 million amerikan dollaryna deň bolan nah ýüplükleriň 39,3 müň tonnasy daşary ýurtlara iberildi. Munuň özi geçen ýylyň görkezijisinden 24,3 göterim ýokarydyr. Şunlukda, nah matalaryň 60 million inedördül metre golaýy ugradylyp, onuň umumy bahasy 61,8 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu bolsa geçen ýylky görkezijiden 37,8 göterim ýokarydyr. Daşary ýurtlara ugradylan egin-eşikleriň we beýleki taýýar dokma önümleriniň umumy bahasy 38,1 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu bolsa 116,8 göterim ösüş gazanylandygyny görkezýär.

Ýokarda getirilen maglumatlardan görnüşi ýaly, pudagyň öňünde täze belentliklere çykmak üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, ägirt uly serişde mümkinçiliklerine eýe bolan dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini äşgär edýär.

Özüniň tebigy-howa şertleri boýunça ýurdumyz orta we inçe süýümli gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin amatly künjek bolup durýar. Täzeçil tehnologiýalara esaslanýan önümçiligiň häzirki zaman şertlerine laýyk derejede guralmagy bilen, arassa pagta süýümi iň gymmatly we bähbitli eksport harytlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde pagta süýümini gaýtadan işlemek 3 göterimden 51 göterime çenli ýokarlandy.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, bu pudakda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, anyk işler amala aşyrylýar. Dokma toplumlarynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegini we önümçilik kuwwatlyklarynyň çig mal serişdeleriniň bar ýerlerinde gurulmagy ugurdaş önümleriň maksadalaýyk derejede artdyrylmagyny üpjün edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi kärhanalaryň düşewüntliligi hem-de harytlaryň ahyrky bahasy bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki döwürde dokma pudagynda 85 kärhana hereket edýär. Şolaryň 63-si önümçilik, 15-si bolsa bilelikdäki kärhanalardyr. Olarda ýokary hilli nah we garyşyk ýüplükleriň, matalaryň, örme matalaryň, taýýar sütükli, tikin we jinsi önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Mundan başga-da, ýüpegi gaýtadan işleýän we aýakgap kärhanalary, deriniň ilkinji işlenmegini üpjün edýän zawodlar bar. Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda «Altyn Asyr» söwda merkezi we ýöriteleşdirilen dükanlaryň 11-si hereket edýär. Umuman pudagyň kärhanalarynda 30 müňe golaý işgär zähmet çekýär.

Döwrebap kärhanalaryň dünýäniň öňdebaryjylary bolan Ýaponiýanyň we Ýewropanyň meşhur kompaniýalarynyň, hususan-da, Şweýsariýanyň «Rieter», «Benninger», Germaniýanyň «Trützsсhler», «Sсhlafhorst», «Zinser», «Monforst», «Küsters» Italiýanyň «Marzoli», «Mario Сrosta», «Reggiani», «Arioli», «Savio», Belgiýanyň «Piсanol», Ýaponiýanyň «Tsudakoma», «Juki», «Murateс» ýaly kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilmegi öňde goýlan maksatlara ýetmegiň baş şertini emele getirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, öndürilýän önümleriň halkara hil ülňüsine we ekologiýa howpsuzlygyna laýyk gelmegine aýratyn üns berilmelidir. Şeýlelikde, kärhanalaryň önümleri «Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik etmek ulgamy» ISO 9001, «Daş-töweregi goramak» boýunça ISO 14001, «Zähmeti goramak we kärhanalarda tehniki howpsuzlygy» boýunça OHSAS 18001 ýaly güwänamalara mynasyp boldular.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we eksport ugurly harytlaryň möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegi toplumyň ähli düzüm bölümleriniň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Şunlukda, täze önümçilikleri döretmek we olaryň bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerine üns berilýär.

Öňde durýan wezipeleriň çözgüdine bolan işjeň çemeleşmeler ýokary hilli we elýeter bahaly ýerli harytlaryň giň görnüşini öndürmegiň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberlerini has-da azaltmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň dizaýnerleri içerki bazaryň isleglerini öwrenmek arkaly ilatyň möwsümleýin isleglerini nazara alyp, häzirki zaman görnüşdäki lybaslaryň we beýleki harytlaryň täze önümçilik ulgamlaryny taýýarlaýarlar we işe girizýärler.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň eksport ulgamynda dokma kärhanalarynyň önümleriniň ägirt uly goşandynyň bolmagy pudagyň giň mümkinçilikleriniň bardygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Munuň özi diňe bir daşary ýurtlarda isleg bildirilýän dürli görnüşli ýüplüklerden, matalardan we trikotaž önümlerinden däl, eýsem, taýýar önümlerden we hojalyk dokma harytlaryndan ybaratdyr.

Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda dokma toplumlarynyň düýbüniň tutulmagyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmegiň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezmek bolar. Şolaryň her biri ýylda ýüpek pagta süýüminiň 5 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Taslamalaryň ikisinde hem gaýtadan işlemekden başlap, ahyrky önümi öndürmäge çenli ähli tehnologik işler göz öňünde tutulýar. Olaryň düzümine egirme, dokma, boýag we tikin bölümleri girýär. Bu kärhanalaryň işe girizilmegi bilen, iş orunlarynyň 2 müň 650-ä golaýy dörediler. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çeken «Türkmenhaly» döwlet birleşigini Dokma senagaty ministrliginiň garamagyna bermek hakyndaky Karary dokma senagatynyň işini kämilleşdirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli amaly-haşam sungatyny ösdürmek babatda uly goldaw bermegi, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze kärhanalar işleýär. Şolarda halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de döredijilik babatdaky pikirlerini durmuşa geçirmegi üçin ähli zerur şertler döredildi.

Döwrebap derejede çig malyň ýokary hilli gaýtadan işlenilmeginiň we saryja goýunlaryň ýaz gyrkymyndan alnan ýüňden aýratyn berk ýüplügiň önümçiliginiň ýola goýulmagy däp bolan nagyşly we döwrebap haly önümlerini taýýarlamagyň möçberlerini artdyrmaga, şu pudagyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

«Argaç» ýüň egriji kärhanasy şu ugurdaky ýöriteleşdirilen kärhana bolup durýar. Tehnologiýa taýdan täzelenmeginiň netijesinde, häzirki wagtda bu kärhana arassa ýüňden öndürilen ýüplügiň 500 kilograma çenlisini, şol sanda boýalan ýüplügiň 250 kilogramyny çykarmaga ukyplydyr.

Marynyň ýüňi ilkinji işleýän kärhanasynda täze bölümiň açylmagy bilen, ýüň egriji fabrikler üçin çykarylýan çig malyň umumy möçberiniň ondan bir bölegi pudagyň isleglerini doly kanagatlandyrdy. Önümiň esasy bölegi içerki bazara gelip gowuşýar, beýleki bir bölegi bolsa daşary ýurtly sarp edijilere ugradylýar.

Şeýle hem Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde döwrebap çeper halyçylyk kärhanalarynyň gurluşygyna başlanandygyny bellemek möhümdir. Şolaryň ulanylmaga berilmegi bilen, täze iş orunlarynyň 500-si dörediler.

Ýüpekçilik dokma senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda bu pudagyň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gadymdan gelýän milli pudak gaýtadan dikeldilýär. Ýurdumyzda öndürilýän piläniň möçberlerini artdyrmak, ýöriteleşdirilen gaýtadan işleýän kärhanalary gymmatly çig mal bilen doly üpjün etmek we olary döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalaryň durky doly täzelendi hem-de öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edildi. Aşgabatdaky ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri — ýüpek çig malyny, örän inçe ýüpek ýüplügi, matalaryň dürli görnüşlerini çykarýar.

Häzirki wagtda bu kärhanalaryň önümlerine ýurdumyzyň dokma pudagynyň dokma we tikinçilik ulgamlaryndan başga-da, beýleki ençeme ugurda uly islegden peýdalanýar. Ýüplügiň şu görnüşine hem-de onlarça reňkdäki sapaklara islegleriň ep-esli artmagy hususy kärhanalarda elde dokalýan ýüpek halylarynyň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň köp görnüşleriniň öndürilmegi bilen şertlendirilendir.

Aşgabat şäheriniň Ruhabat dokma toplumlarynda netijeli “çig mal-taýýar önüm” tehnologik ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrdy. Şol kärhanalarda tehnologik taýdan taýýarlanylyşy dürli bolan eksport ugurly önümler öndürilýär.

Ýokary hilli dokma önümleriniň çykarylmagy tikinçilik we trikotaž ulgamlarynyň ösdürilmegine, içerki bazary özümizde öndürilýän döwrebap we ýokary hilli önümler bilen doldurmaga kuwwatly itergi berdi. Şol önümler bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga ukyplydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dokmaçylaryny şu wezipäni çözmäge ugrukdyrýar.

Ýurdumyzyň esasy tikin fabrikleriniň – Aşgabatdaky «Ahal» fabriginiň, Daşoguzdaky «Çeper» fabriginiň, Marydaky «Ýeňiş» fabriginiň, şeýle hem Türkmenabatdaky tikin fabriginiň durkunyň täzelenmegi taýýar lybaslaryň öndürilýän möçberini ep-esli artdyrmaga, şol sanda dürli pudaklaýyn edaralaryň işgärleri üçin ýörite egin-eşikleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.

Ýurdumyzda öň öndürilmeýän önümleri çykarmaga gönükdirilen senagat kärhanalary pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmaga hyzmat edýär. Aşgabadyň dokma toplumynyň binýadynda kuwwaty ýylda ýörite süýümiň 5 müň tonnasyna barabar bolan dokma galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça bölüm hereket edýär.

Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň ählisinde emele gelýän önümçilik galyndylarynyň umumy möçberleri bilen şertlendirilendir. Munuň özi pudagyň çig mal çykdajylaryny ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda ilkinji gezek ornaşdyrylan, galyndylary gaýtadan işleýän bu önümçilik ulgamy dünýäniň köp ýurtlarynda, hususan-da, Türkiýede, Hytaýda we beýleki döwletlerde uly isleg bildirilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmaga ýardam etdi.

Dokma senagatynyň ösüşiniň geljegi barada durup geçmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň tehniki, ykdysady we maliýe hojalyk ýagdaýynyň seljermesi esasynda 2019 —2025-nji ýyllar üçin degişli meýilnamanyň işlenip taýýarlanylandygyny bellemek gerek.

Bu resminama dünýä ykdysadyýeti ulgamynda bolup geçýän esasy özgerişlikleri we ýörelgeleri, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» bellenilen wezipeleri nazara almak arkaly taýýarlanyldy.

Pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, bäsdeşlige ukyply dokma hem-de haly önümleriniň görnüşlerini we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek öňde duran işleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Könelişen kärhanalaryň tapgyrlaýyn düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ähli welaýatlarda ýokary tehnologiýaly täze toplumlary hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmäge aýratyn üns berler. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Şunda ministrligiň öz hususy serişdeleri Maksatnamany durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdirmegiň çeşmesi bolar. Bary-ýogy 7 ýylyň dowamynda kärhanalaryň 38-siniň durkuny täzelemek we olary döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär hem-de hereket edýän 22 toplumyň binýadynda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Umuman, pudakda goşmaça 3 müň 150-ä golaý iş ornunyň döredilmegine garaşylýar.

Ýakyn geljekde dokma önümleriniň görnüşleri welwet matasynyň, dokalmaýan matalaryň dürli görnüşleriniň — spanbondyň, spanleýsiň, hollofaýberiň, tutynyň, şeýle hem sinteponyň we kowroliniň çykarylyşyny ýola goýmagyň hasabyna giňeldiler. Şular bilen bir hatarda emeli deriniň we galantereýa önümleriniň — nagyş örmeleriň, syrmalaryň, süýünýän jähekçäniň, gaýyş guşaklaryň önümçilik tehnologiýasyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýumşak çaga oýnawaçlaryny, çygly el süpürgiçleri we beýlekileri öndürmek meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, bazar gatnaşyklaryny we ykdysadyýetiň hususy böleginde kiçi, orta hem-de iri senagat kärhanalarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň kärhanalarynyň we bilelikdäki kärhanalaryň, paýdarlar jemgyýetleriniň açylmagyny göz öňünde tutýan hususy işewürligi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokarda agzalyp geçilen maksatnamasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Pudakda eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli täze kärhanalary döretmek ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna, döwlet býujetine salgyt tölegleriniň geçirilişiniň artdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, munuň özi raýatlaryň durmuş abadançylygynyň üpjün edilmeginde ähmiýetli şert bolar.

Şunuň bilen birlikde, Dokma senagaty ministrliginiň ýakyn geljekde bellenen çäreleriniň hatarynda onuň garamagynda duran fiziki we moral taýdan könelen, durkunyň täzelenilmegini we döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýän düşewüntsiz, hereket etmeýän kärhanalary, şeýle hem gurluşygy tamamlanmadyk desgalary hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Pudak boýunça hususy eýeçilige geçirilmegi meýilnamalaşdyrylan jemi 29 kärhananyň 18-si eýýäm hususylaşdyrylandyr, galanlary boýunça bolsa degişli işler alnyp barylýar. «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň hususylaşdyrylmagy meýilnamalaşdyrylan 19 kärhanasyndan bolsa häzire çenli 10-sy hususylaşdyryldy. Şeýle hem ýakyn ýyllarda pudagyň ylmy-tehnologik we işgär kuwwatlylygyny işjeňleşdirmek üçin ýöriteleşdirilen düzümleri döretmek göz öňünde tutulýar. Şunda möhüm we geljegi uly taslamalary kemala getirmek, önümçiligiň guralyşyny kämilleşdirmek üçin düýpli ylmy barlaglary geçirmek esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Bellenen çäreleriň toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň önümçiligi çig mal bilen üpjün etmek, zähmet serişdelerini we enjamlary netijeli peýdalanmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak, önümleriň täze görnüşlerini öndürmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilendir.

Tutuşlygyna alanyňda, meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi häzirki zaman, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda önümçilikleriň döredilmegini, olary toplumlaýyn dolandyrmagyň ulgamynyň kemala getirilmegini, şol sanda hyzmat ediş we marketing gullugynyň kämilleşdirilmegini göz öňünde tutýar.

Içerki islegleri we dünýä bazarynyň talaplaryny nazara almak bilen, aýratyn geljegi uly ugurlarda pudagyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanylmagy, maliýe-ykdysady görkezijileriň ösdürilmegi bilen birlikde, ýurdumyzyň dokma senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter