«Şark taronalari-2019» gözden geçirilişinde «Arçabil» toparynyň çykyşyna tomaşaçylar ýokary baha berdiler | TDH
Medeniýet

«Şark taronalari-2019» gözden geçirilişinde «Arçabil» toparynyň çykyşyna tomaşaçylar ýokary baha berdiler

опубликованно 27.08.2019 // 133 - просмотров
 

Samarkantda geçirilýän «Şark taronalari-2019» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň birinji gününde dürli ýurtlardan folklor toparlarynyň birnäçesi, şol sanda Türkmenistana wekilçilik edýän «Arçabil» topary çykyş etdiler.

Artistlerimiz folk stilinde özboluşly kompozisiýalaryň üçüsini ýerine ýetirdiler. Dutar, gyjak, akkordeon we deprek sazyna Guwanç Ýazmämmedowyň aýdan aýdymy gyzgyn garşylandy, olar türkmen artistleriniň ýerine ýetiren her aýdymyny şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler.

Urulyp çalynýan türkmen saz gurallarynda ajaýyp sazlary nepislik bilen ýerine ýetiren Hakberdi Allamyradowyň özbaşdak çykyşy halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň baýramçylyk ruhuny has belende göterdi.

Anna güni, 30-njy awgustda «Şark taronalari-2019» gözden geçirilişiniň ýeňijileri hem-de onda baýrakly orunlary eýelänler belli bolar we emin agzalarynyň pikiri boýunça zehinli aýdymçy hem-de sazanda diýlip ykrar edilen artistlere sylaglar gowşurylar.

Şol gününň özünde hem her iki ýyldan tutuş dünýä ýüzünden halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýänleri ýygnaýan Samarkant halkara gözden geçirilişiniň ýapylyş dabarasy bolar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter