Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmegiň ilkinji tapgyrynyň jemleri | TDH
Syýasat habarlary

Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmegiň ilkinji tapgyrynyň jemleri

опубликованно 28.08.2019 // 176 - просмотров
 

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Iş toparynyň agzalary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça Meýletin milli synynyň tanyşdyryş çäreleriniň jemleri we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hökümet derejesinde ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryny kabul eden dünýäniň ilkinji döwletleriniň biri bolup durýar. Meýletin milli syn taýýarlanylanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl neşir edilen “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitaby esas edilip alyndy. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde halkara jemgyýetçilige giňden ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri ýurdumyzyň Ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmekde dünýä bileleşiginiň öňe sürýän maksatlaryna we wezipelerine pugta ygrarlydygynyň subutnamasydyr.

Meýletin milli syny taýýarlamak boýunça ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasyndaky işi utgaşdyrmak, maglumatlary ýygnamak, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatlary seljermek işlerini ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Daşary işler ministrlikleri ýerine ýetirdiler.

2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň ştab-kwartirasynda EKOSOS-nyň ýokary derejeli Syýasy forumynyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça Meýletin milli synyň birinji tapgyryny hödürledi. Ol foruma gatnaşyjy döwletler tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary foruma gatnaşyjylary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça taýýarlanylan esasy milli maksatnamalary amala aşyrmakda gazanylan netijeler bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň sebit hem-de halkara derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary, olary milli derejede ýerine ýetirmegiň esasy ugurlary barada degişli maglumatlar berildi. Maglumatlar wideoşekiller bilen utgaşdyryldy. Hususan-da, ulag, energetika, ekologiýa ýaly içeri we daşary syýasatyň möhüm ugurlaryna esasy üns berildi.

Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş Ilçisiniň tanyşdyryş çäresiniň esasy jemleri boýunça çykyş edendigini bellemeli. Türkmenistanyň wekili BMG tarapyndan ýokary derejeli foruma ýaş nesilleriň adyndan ýüzlenmek üçin saýlanyldy.

Forumyň başlygy we oňa gatnaşyjylar öz çykyşlarynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmek işlerine ýaşlary işjeň çekmek boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasaty Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek işine jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň tagallalaryny utgaşdyrmakda nusgalyk derejä eýedir.

Bu gezekki mejlise gatnaşyjylar ýokarda görkezilen forumda Meýletin milli syny beýan etmegiň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda döwletimiziň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak we olary döwlet maksatnamalarynda peýdalanmak boýunça ýeten derejesine aýratyn üns berildi.

Ýurduň durmuş-ykdysady ulgamynyň ähli pudaklarynyň ösüşini Durnukly ösüş maksatlaryna utgaşdyrmak meýilleriniň Türkmenistanyň nusgalyk göreldesidigi nygtaldy. Şeýle hem täzeçil çemeleşmeleriň, synda görkezilýän ählumumy wezipeleriň we ileri tutulýan ugurlaryň özara baglanyşygynyň Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň özboluşly aýratynlygydygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň milli syýasata doly utgaşdyrylandygy we häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň 84 göteriminiň durmuşa geçirilýän milli we pudaklaýyn maksatnamalarda öz beýanyny tapandygy bellenildi. Çykyşlarda Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça geljekki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň BMG-niň baş strategiýasy bolan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek işinde açyklygy nygtaldy.

Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-si hem kabul edildi. Şeýle hem onda görkezilen wezipeleriň 169-syndan 148-siniň ýurdumyz we onuň ilatymyz üçin kabul ederliklidigi ylalaşyldy.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa mejlisde çykyş edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça öňe sürýän işjeň başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny nygtady.

BMG-niň birnäçe wajyp konwensiýalaryna goşulmak bilen, biziň döwletimiz öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýerýär. Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryny milli meýilnamalara we maksatnamalara ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işleri alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ýardam bermeginde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerini ýerine ýetirmegiň usullaryny öwrenýärler.

Mejlisiň ahyrynda onuň jemleri jemlenildi. Maslahata gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmekdäki özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp, olary durmuşa ornaşdyrmakda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýeti bäsdeşlige ukyply esasda täzeçil usulda senagatlaşdyrmagy we halkyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmagy ugur edinýän hem-de Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtadylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter