Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakynda

опубликованно 30.08.2019 // 181 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, täze belentliklere ýetmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününiň ýokary derejede we guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. «Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Nebitgaz, energetika we geologiýa senagatynyň işgärleriniň toý gününi Ählihalk milli baýram etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykaran 3878-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaky 6-njy ýygyndysynyň 232-nji maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 30-njy awgusty.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter