Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi bellemek hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi bellemek hakynda

опубликованно 30.08.2019 // 139 - просмотров
 

Saglygy goraýyş ulgamyny we derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň tutanýerli zähmetini, ilatymyzyň sagdyn ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge goşýan uly goşantlaryny dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi her ýylyň 10-njy oktýabrynda belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. Şu Perman 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 30-njy awgusty.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter