ESKATO-nyň ştab-kwartirasynda BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasy hakynda hasabat beýan edildi | TDH
Syýasat habarlary

ESKATO-nyň ştab-kwartirasynda BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasy hakynda hasabat beýan edildi

опубликованно 30.08.2019 // 96 - просмотров
 

2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda BMG-nyň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş toparynyň ştab-kwartirasynda «Daş töwerek we betbagtçylyklar:Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde nogsanlyklaryň öwezini dolmak» ugurdaş çäresiniň çäklerinde betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça Komitetiň Altynjy mejlisinide BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasy (UN SPAS) bilen tanyşdyryldy, diýlip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Çärä BMG agza ýurtlaryň wekilýetleriniň resmi wekilleri, BMG-nyň Bangkokda ýerleşýän düzümleýin edaralarynyň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ylmy bileleşigiň wekilleri gatnaşdylar.

Hasabatda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän orny we BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörüte maksatnamasynyň (UN SPAS) geljekki formatyny kesgitlemek boýunça köptaraplaýyn maslahatlaryň ähmiýeti nygtaldy.

Hasabat wagty wideoşekilli tanyşdyrylyş görkezildi, ol Türkmenistanyň «BMG-AHEHG» formatynda köptaraplaýyn maslahatlary taýýarlamakdaky we BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörüte maksatnamasynyň synag taslamasyna başlamagy babatda alyp barýan işleri barada anyk düşünje berdi.

Günüň ikinji ýarymynda BMG-nyň Bangkokdaky Maslahatlar merkezinde geçirilen betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça Komitetiň Altynjy mejlisinide BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasy barada hasabat berildi.

Mundan başga-da, Komiteitň mejlisiniň meýdançasynda ESKATO-nyň durnukly ösüş boýunça ýerine ýetirji direktorynyň orunbasary Kaweh Zahedi bilen duşuşykda Türkmenistanyň BMG-nyň Aral deňziniň töweregi üçin Ýörite maksatnamasyny ilerletmek boýunça tagallalary barada habar berildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter