«Arçabil» topary «Şark taronalari» XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişinde 2-nji orna mynasyp boldy | TDH
Medeniýet

«Arçabil» topary «Şark taronalari» XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişinde 2-nji orna mynasyp boldy

опубликованно 30.08.2019 // 282 - просмотров
 

Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň dabaraly ýapylyşynyň dowamynda abraýly bäsleşigiň ýeňijilerine we onda baýrakly orunlary eýelänlere baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Şu ýyl Özbegistanda geçirilen medeniýet forumyna dünýä ýurtlarynyň 72-sinden sungat muşdaklarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar, onda 32 döwletden aýdymçylar, tansçylar we sazandalar gözden geçirilişiň baýraklary hem diplomlary ugrunda bäsleşdiler.

Samarkant welaýatynyň häkiminiň «Şark taronalari» gözden geçirilişiniň myhmanlaryna hem-de oňa gatnaşyjylara gutlagyndan we özbek estradasynyň ýyldyzlarynyň konsertinden soň, abraýly halkara eminler topary ses berlişigiň netijesini yglan etdiler, onuň hatarynda ildeşimiz, Türkmenistanyň at gazanan artisti, dirižýor, kompozitor we Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymy Omar Igamow hem bardy.

Aşgabatdan «Arçabil» topary 2-nji orna mynasyp boldy, tomaşaçylar we saz bilermenleri tarapyndan gyzgyn garşylanan topara «Şark taronalari» XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň degişli diplomy, pul baýragy we ýörüte baýragy gowşuryldy.

Medeniýet forumynyň baýragyna, şeýle hem Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň we Russiýanyň wekilleri mynasyp boldular.

Günorta Koreýanyň, Estoniýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň sungat wekilleri «iň gowy lybas», «özboluşly owazy», «Gündogar sazlaryny ösdürmäge goşan goşandy» we ş.m. ugurlarda höweslendirij baýraklar bilen sylaglandylar.

Täsirli sazlary bilen ýerli tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan ABŞ-dan «Henhouse Prowlers» toparynyň aristlerine gözden geçirilişiň eminler toparynyň ýörite baýragy berildi.

Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň dabaraly ýapylşynyň ahyrynda Registan meýdançaynyň asmanyna baýramçylyk feýerwerki gözellik çaýdy.

Indiki, XIII «Şark taronalari» gözden geçirilişi 2021-nji ýylda geçiriler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter