Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 04.09.2019 // 473 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmyrat Gurbannazarowy başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 10/2-nji karary tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletgeldi Jumadurdyýewiç Rejepowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 10/3-nji karary tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletgeldi Jumadurdyýewiç Rejepowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellemek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2019-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran 10/4-nji karary tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter