Sebitlerde lukmançylyk-durmuş düzüminiň kämilleşdirilmegine telekeçileriň goşandy | TDH
Jemgyýet

Sebitlerde lukmançylyk-durmuş düzüminiň kämilleşdirilmegine telekeçileriň goşandy

опубликованно 08.09.2019 // 322 - просмотров
 

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmeklige hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan we durmuş üpjünçiligini esasy ugur edinýän syýasatynda möhüm orun berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman köpugurly hassahanalar, bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahana-dynç alyş toplumlary ulanmaga berildi we olaryň gurulmagy dowam edýär. Şeýle düzümlerde täzeçil tehnologiýalar, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlary adamlaryň saglygynyň goraglylygyna gönükdirilýär.

Türkmenistanyň häzirki zaman saglygy goraýyş strategiýasy, bir tarapdan, adamlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen öňüni alyş çärelerini geçirmekden, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, ilaty, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmekden, beýleki tarapdan bolsa bu ýörelge ýokary hilli lukmançylyk kömegini öz wagtynda bermekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bejeriş edaralaryny we ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli lukmançylyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şeýlelikde, Türkmenbaşy şäherinde täze açylan dermanhana bu ugra degişli düzümleriň üstüni ýetirdi. Ol şäheriň Kenar etrabynda “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasy tarapyndan açyldy.

Etrabyň Magtymguly köçesiniň ugrunda gurlan dermanhananyň umumy eýeleýän meýdany 366 inedördül metrden gowrak bolup, ilata derman serişdeleri bilen baglanyşykly hyzmatlary ýola goýýan ugurdaş desgalara bildirilýän ähli talaplara doly laýyk gelýär.

Dermanhananyň giň zalynda derman serişdeleriniň, lukmançylyk önümleriniň, anyklaýyş gurallarynyň we Türkmenistanda hem-de Ýewropa ýurtlarynda öndürilen beýleki enjamlaryň söwdasyny guraýan bölümler ýerleşdirildi. Önümleriň ýokary hilli we elýeter bahadan bolmagy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bildirilýän möhüm talaplaryň biridir. Mundan başga-da, taslama laýyklykda, müşderilere, şol sanda hassahanalaryň lukmanlaryna we tiz lukmançylyk kömegi toparlaryna hyzmat edýän otaglar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ýerde arassalaýyş bölümi, ammar we beýleki desgalar bar.

Arakesmesiz we dynç günsüz işleýän dermanhananyň işgärler düzümi ýokary derejeli hünärmenlerden ybaratdyr. Munuň özi alyjylara diňe zerur serişdeleri däl, eýsem, gyssagly hem-de ýokary derejeli maslahatlary almaga hem mümkinçilik berýär. Bu ýerde şeýle hem sorag-jogap gullugyny döretmek meýilleşdirilýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň derman senagatynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri bilen mynasyp bäsleşik edýän ýokary hilli derman serişdeleriniň ýüzlerçe görnüşi öndürilýär. Bu babatda ýerli dermanlyk ösümliklerden derman serişdelerini öndürýän kärhanalar açyldy.

Ýurdumyzyň dermanhana işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli düýpli ylmy işlerinden maglumat alyp, ýerli ösümlik çig mallaryndan dermanlyk serişdeleriniň täze görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar hem-de olaryň önümçilik möçberlerini we görnüşlerini artdyrýarlar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge täzeçil çemeleşmeler talap edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna, hususy kompaniýalara möhüm orun degişli bolup durýar.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan telekeçiler ýurdumyzyň çäklerine dünýä belli dermançylyk kompaniýalarynyň we lukmançylyk enjamlaryny öndürýän düzümleriň serişdelerini getirýärler hem-de anyklaýyş-maslahat beriş hyzmatlaryny, lukmançylyk tehnikasyna hyzmat etmek işlerini amala aşyrýarlar.

Halkymyzyň saglygy Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde esasy itergi berýän güýçleriň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär hem-de milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine, ata Watanymyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak, durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, pudaga maýa goýum serişdeleriniň çekilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter