Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

опубликованно 07.09.2019 // 514 - просмотров
 

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň şöhratly wakalaryna beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen barha ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak, Garaşsyz ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça has-da ösdürmek ugrunda iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda täze medeni-durmuş maksatly binalar, döwrebap desgalar, zawod-fabrikler yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Berkarar döwletimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgam ornaşdyrylyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da artýar. Hemişelik Bitarap döwletimizde halkara derejede geçirilýän iri forumlar, maslahatlar, festiwallar, sergiler we beýleki çäreler mähriban Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä doldurýar.

Ýurdumyzda ähli pudaklar bilen birlikde, medeniýet ulgamyny hem yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň döredijilik işgärleri — suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, bagşy-sazandalar, aýdymçylar, kompozitorlar, artistler türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň täze eserler bilen baýlaşmagyna hem-de kämilleşmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Ýurdumyzyň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşige edebiýat we sungat işgärleriniň ençemesi yzygiderli gatnaşýar. Bu bäsleşik her ýylda ýurdumyzda täze zehinleri ýüze çykarmaga, döredijilik işgärleriniň hünär-başarnyklaryny kämilleşdirmäge, türkmen sungatyny we edebiýatyny kämil eserler bilen baýlaşdyrmaga uly ýardam berýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň, dünýä ýüzündäki belent at-abraýynyň, ýurdumyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, jemgyýetimiziň asudalygynyň, edebiýatymyzda, medeniýetimizde, sungatymyzda gazanan üstünliklerimiziň taryhy ähmiýetini, gadyr-gymmatyny giňden şöhlelendirýän täze, kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, medeniýet ulgamyny ösdürmäge netijeli goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

1. Şu döredijilik işgärlerini edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we şu baýraklar bilen sylaglamaly:

Iň gowy goşgular we poemalar üçin:

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen edebiýaty we edebi gatnaşyklar bölüminiň baş ylmy işgäri Ahmet Mämmedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Esger» gazetiniň uly habarçysy Maksat Sapargeldiýewiç Hudaýberdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Sülgün Bazarowna Bazarowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Nazly Tuwakgylyjowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bag kärendeçisi Ogulmeňli Ruslanowna Ýaraşowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we
3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesiniň ýaşaýjysy Rozygül Agajumaýewna Ýazhanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy makalalar we oçerkler üçin:

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň zähmet gory bölüminiň baş hünärmeni Maýagözel Amanmyradowna Babaýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Beýik Serdar ýoly» gümrük postunyň uly gözegçisi Orazberdi Annamuhammedowiç Mülkiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň demokratiýa meseleleri we halkara gatnaşyklary bölüminiň ylmy işgäriniň wezipesini ýerine ýetiriji Daýanç Allaberdiýewiç Annadurdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy Mähri Gurbanmyradowna Perdeliýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýmyrat Balbaýewiç Pirjikowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Türkmenistan» gazetiniň öz habarçysy Aýgül Batyrowna Rahymowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň medeniýet we taryhy miras bölüminiň redaktory Aleksandrina Witalýewna Ýewstigneýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we
3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Adalat» gazetiniň öz habarçysy Laçyn Atadurdyýewna Pürjäýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň öz habarçysy Aýdu Azymowiç Şekerowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň mugallymy Täçdurdy Abdyýewiç Kerimowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň başlygy Göwher Täçgulyýewna Hydyrowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we
3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Abdy Jumadurdyýewiç Abdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we
3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Türkmenistan» gazetiniň Mary welaýaty boýunça öz habarçysy Muhammet Berdimuradowiç Bekgiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy hekaýalar, terjimeler, powestler we romanlar üçin:

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» radioýaýlymynyň baş redaktory Nurberdi Dädebaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy kitaplar, neşir önümleri we dizaýn-bezeg işleri üçin:

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň umumy bölüminiň ýolbaşçysynyň kätibi Annatäç Jepbarowna Baýramowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölüminiň braýl boýunça redaktory Aşirmuhammet Tüýliýewiç Moýtyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň ussasy Hoşgeldi Mätgeldiýewiç Altybaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň kompýuter operatory Annageldi Nurjanowiç Nurýagdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Öwezdurdy Tejenowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy teleradio gepleşikler toplumy üçin:

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» habarlar bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Batyr Ýazmuhammedowiç Açylowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň çagalar we ýetginjekler bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Gülbahar Orazgeldiýewna Amangeldiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň tolkuna goýberiş bölümi we beýleki işgärler bölüminiň müdiri Aýgözel Rejepmyradowna Annamämmedowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň terjime bölüminiň alyp baryjysy Sapardurdy Handurdyýewiç Handurdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Teleradiomerkezi» döwlet kärhanasynyň «Watan» habarlar gepleşigi sehiniň tehnigi Guwanç Kanalberdiýewiç Garaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň jogapkär kätibi Döwran Nurgeldiýewiç Berdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy kinofilmler, sahna oýunlary we çykyşlary üçin:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň drama artisti Baýramdurdy Nurmämmedowiç Rahymowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we
3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti Humargül Bäşimowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we
3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň artisti Mihail Wladimirowiç Rogowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň drama artisti Ogulgerek Halmyratowna Şihyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy tans, halk döredijilik we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary üçin:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Altyn asyr» estrada orkestrini (ýolbaşçysy Baýramgeldi Agamyradowiç Jumaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Mukam» skripkaçylar toparyny (çeper ýolbaşçysy Garold Isaakowiç Neýmark) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparyny (ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhamedowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

20016-njy harby bölümiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestrini (ýolbaşçysy Azamat Açylowiç Awliýakulyýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» orkestrini (ýolbaşçysy Töre Şamyradowiç Orazgeldiýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň «Altyn serpaý» skripkaçylar toparyny (ýolbaşçysy Anžela Ýurýewna Ýalkapowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet tans toparyny (ýolbaşçysy Didar Bäşimowiç Agaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Meňli» tans ansamblyny (ýolbaşçysy Maral Öwezgeldiýewna Aşyralyýewa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor-tans toparyny (ýolbaşçysy Merdan Myratgulyýewiç Abaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor toparyny (ýolbaşçysy Maýsagül Gylyçmyradowna Eminowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Folklor-etnografiýa studiýasynyň «Serpaý» döredijilik toparyny (ýolbaşçysy Myratgeldi Baýramberdiýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik merkeziniň tans toparyny (ýolbaşçysy Gözel Gurbanmyradowna Gurbanowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor tans toparyny (ýolbaşçysy Allaberdi Tagandurdyýewiç Nazarow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş çagalar» tans toparyny (ýolbaşçysy Myrat Orazgulyýewiç Hakberdiýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» tans toparyny (ýolbaşçysy Jennet Geldiýewna Nyýazowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Şatlyk» tans toparyny (ýolbaşçysy Orazgül Nurmuhammedowna Kakageldiýewa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik-folklor tans toparyny (ýolbaşçysy Göwher Jumadurdyýewna Rejepowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor-etnografiýa toparyny (ýolbaşçysy Saryýa Karahanowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynyň «Dagdan» halk döredilijik toparyny (ýolbaşçysy Amanbibi Amangeldiýewna Mämmedowa)
10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň birleşen «Dessan» folklor toparyny (ýolbaşçysy Kakageldi Annadurdyýewiç Ärjanow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Meňli» tans ansamblynyň balet artisti Selbi Baýgeldiýewna Baýjanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Folklor-etnografiýa studiýasynyň balet toparynyň artisti Hydyrguly Annagurbanowiç Akmyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik merkeziniň artisti Suraý Altyýewna Gurbangeldiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaýid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň «Joşgun» tans gurnagynyň ýolbaşçysy Leýli Ýazyýewna Babaýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we
3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň artisti Gülşat Nurýagdyýewna Toýlyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik-folklor tans toparynyň artisti Söhbet Weliýewiç Annaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor-etnografiýa toparynyň artisti Gülruh Rustemowna Mämmettaganowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we
3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň medeniýet merkeziniň tans artisti Eziz Nazarowiç Törebaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Dostluk şäher medeniýet merkeziniň baýramçylyk konsertlerini geçirýän bölüminiň müdiri Beşi Hamydowiç Narkulowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgüniň tansçysy Arzygül Allagulyýewna Owlýagulyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin:

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Folklor-etnografiýa studiýasynyň aýdym-saz toparynyň artisti Han Pälwanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Sazandanyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin:

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýörite fortepiano kafedrasynyň mugallymy Aşir Annamyradowiç Aşirowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we
3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň mugallymy Bahram Bäşimowiç Dolyýewy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we
3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Owaz» estrada orkestriniň artisti-solisti, instrumentalisti Igor Leonidowiç Şewsowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Milli» saz gurallar orkestriniň artisti-solisti, instrumentalisti Söhbet Annaseidowiç Annamyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy aýdym-saz eserleri üçin:

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň ses operatory Mekan Amangeldiýewiç Nuryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Medeni-köpçülik çärelerini ýokary derejede gurandygy üçin:

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirliginiň başlygynyň orunbasary — döwlet ideologiýasyny wagyz ediş bölüminiň başlygy Muhammet Myratdurdyýewiç Babaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ses, yşyk, bezeg we tehniki enjamlar bölümüniň ses režissýory Batyr Gurbannazarowiç Saryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýadygärlikleri öwrenmek we hasaba almak bölüminiň müdiri Ejegül Ataýewna Myradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrap medeniýet merkeziniň direktory Begenç Amangeldiýewiç Ýegenowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Iň gowy şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, taslama-bezeg işleri üçin:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Kerim Nurmyradowiç Daňatarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Geldimyrat Orazgeldiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Danil Failýewiç Muhamadiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we
3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň suratkeşi Batyr Baýramgeldiýewiç Joraýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Iň gowy halylar, haly önümleri we keçeler üçin:

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Astanababa ýadygärligi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda» atly peýzaž halyny dokan toparyny (7 adam, ýolbaşçysy Arzygül Durdymuhammedowna Kakabaýewa) 4 900 (dört müň dokuz ýüz) manat;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Keýikli jülge» atly peýzaž halyny dokan toparyny (8 adam, ýolbaşçysy Babaýewa Bahar Kiçgeldiýewna) 5 600 (bäş müň alty ýüz) manat;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň «Sary çyrpy» nagyşly halyny dokan toparyny (2 adam, ýolbaşçysy Nurbibi Begmuhammedowna Begmuhammedowa) 1 400 (bir müň dört ýüz) manat;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň «Guşly gölli» gyzyl reňkli halyny dokan toparyny (12 adam, ýolbaşçysy Aýgözel Nurmämmedowna Esenowa) 8 400 (sekiz müň dört ýüz) manat;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň «Şa mülki» atly halyny dokan toparyny (17 adam, ýolbaşçysy Mährijemal Baýrammyradowna Weliýewa) 11 900 (on bir müň dokuz ýüz) manat;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň «Derweze» gölli halyny dokan toparyny (2 adam, ýolbaşçysy Jemile Ýazberdiýewna Hakyýewa)
1 400 (bir müň dört ýüz) manat;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň «Daşoguz gölli» atly halyny dokan toparyny (6 adam, ýolbaşçysy Täzegül Reýimbaýewna Babekowa) 4 200 (dört müň iki ýüz) manat;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň «Örtmen gölli» ak reňkli halyny dokan toparyny (3 adam, ýolbaşçysy Oguljan Aşyrowna Garlyýewa)
2 100 (iki müň bir ýüz) manat;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň «Gabsa gölli» halyny dokan toparyny (19 adam, ýolbaşçysy Kümüş Akmuradowna Kadyrowa) 13 300 (on üç müň üç ýüz) manat;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasy «Sekiz burçly» ak reňkli halyny dokan toparyny (84 adam, ýolbaşçysy Ogulmurat Güýçgeldiýewna Kullyýewa) 58 800 (elli sekiz müň sekiz ýüz) manat;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň «Ak guş» atly güwerçek peýzaž halyny dokan toparyny
(5 adam, ýolbaşçysy Aýbölek Amandurdyýewna Atajanowa) 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň «Guşly gölli» açyk ýaşyl halyny dokan toparyny (4 adam, ýolbaşçysy Aýnagözel Suwhanowa) 2 800 (iki müň sekiz ýüz) manat.

2. Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kararyň birinji böleginde görkezilen baýraklar üçin jemi 534 800 (bäş ýüz otuz dört müň sekiz ýüz) manat möçberdäki pul serişdelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan tölemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter