«Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara | TDH
Syýasat habarlary

«Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara

опубликованно 12.09.2019 // 471 - просмотров
 

Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Sizi ak mermerli Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Ýurdumyzyň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, döwrebap energetika enjamlaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda bu pudaga maýa goýum serişdeleriniň uly möçberiniň gönükdirilendigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Möhüm ähmiýetli bu pudagy ösdürmek arkaly ýurdumyzyň senagatyny kämilleşdirmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin oňaýly şertler döredilýär.

Öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary önümçilige işjeň ornaşdyrmak, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli şertleri döretmek ýurdumyzyň sebitlerini gurşap alan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmekde esasy ugurlar bolup durýar.

Bu pudakda amala aşyrylýan ägirt uly işler ýurdumyzy elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge hem-de ony goňşy döwletlere ibermäge mümkinçilik berýär.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň has-da artýan döwründe dünýäniň birnäçe döwletleri Türkmenistan bilen elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde energetika pudagynyň ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Beýleki iri taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi bilen ugurdaş gurulýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem bar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ägirt uly ähmiýete eýe bolar.

Bu halkara sergä we ylmy maslahata energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalary we işewürler gatnaşýarlar. Serginiň we ylmy maslahatyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly dostlar!
Hormatly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter