Türkmenistan – Azerbaýjan: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädim | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan – Azerbaýjan: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädim

опубликованно 13.09.2019 // 220 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi.

Iki dostlukly ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we esasy hünärmenleriniň gatnaşan duşuşygynyň gün tertibine döwletara ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilmegine degişli meseleleriň giň görnüşi, şeýle hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji we 2018-nji ýyllarda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewyň ýokary derejedäki duşuşyklarynyň ähmiýeti nygtaldy. Olaryň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren möhüm hökümetara ylalaşyklarynyň birnäçesine we beýleki resminamalara gol çekildi. Şu ýylyň awgustynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumy sebitiň döwletleriniň köpugurly gepleşiklerine täze depgin berdi.

Häzirki mejlisiň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy köpugurlaşdyrmaga ýardam bermäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy we bellenildi. Şunda, eksport-import amallarynyň artdyrylmagynyň, getirilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmeginyň, şeýle hem iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen goşmaça çäreleri kabul etmegiň zerurdygy bellenildi.

Özara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika ulgamy görkezildi. Türkmenistan we Azerbaýjan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna we häzirki zaman pudaklaýyn düzümlere eýe bolmak bilen dünýä bazarlaryna energiýa göterijilerini ibermegiň ýollaryny köpugurlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Munuň özi bu ulgamda netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Hazar deňzinde iki ýurduň çäk taýdan goňşy bolmagy yklymara üstaşyr--ulag geçelgelerini emele getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Ýükleri daşamagyň iň amatly ugurlaryny we olaryň halkara ulag düzümine goşulyşmagyny üpjün edýän üstaşyr-ulag geçelgeleri sebit we ählumumy möçberde durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

Hususan-da, iki ýurduň deňiz portlarynyň arasynda awtomobil-parom we demirýol-parom gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meselelere seredildi. Ýewropa çykalgaly Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lazurit) halkara ulag geçelgesiniň ähmiýeti bellenildi. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýanyň, Hazaryň we Gara deňziň ýakalarynyň, Ortaýer deňziniň sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Oba hojalygy we senagat ulgamlarynda, hususy telekeçiligiň ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak boýunça düýpli pikiralyşmalar boldy.

Şunuň bilen birlikde, däbe öwrülen ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, bilim, ylym, medeniýet, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary höweslendirmegiň,türkmen-azerbaýjan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän bilelikdäki çäreleri geçirmegiň tejribesini dowam etmegiň ähmiýeti nygtaldy. Daşky gurşawy goramak ulgamynda ysnyşykly özara gatnaşyklaryň zerurdygy bellenildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunýa hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň işiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter