Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 13.09.2019 // 528 - просмотров
 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny, şeýle hem berkarar döwletimizde amala aşyrylýan tutumly işleri, merdana halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, täze öwüşginlere eýe bolan milli däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler we şu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Karary “Edebiýat we sungat” gazetinde dolulygyna çap edilýär.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter