Daşoguzyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler | TDH
Ykdysadyýet

Daşoguzyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler

опубликованно 18.09.2019 // 211 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, «ak altyn» ýygymyna ýurdumyzyň beýleki sebitlerindäkiden biraz gijräk girişýän Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar.

Welaýat häkimliginde geçirilen iş maslahatynda ýygym möwsümini, takyk işleri hem-de degişli ähli gulluklaryň sazlaşykly hereket etmegini guramaçylykly geçirmek boýunça esasy wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Demirgazyk sebitdäki gowaça meýdany 140 müň gektar meýdany eýeläp, şonça meýdandan «ak altynyň» 230 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär. Welaýatyň ekerançylary «Daşoguz — 120», «Serdar», «C — 4727», «Jeýhun», «149F» we beýleki orta süýümli görnüşli ekinlere aýratyn ähmiýet berýär.

Häzirki zamanyň oba hojalyk tehnikalary meýdan işleriniň üznüksiz depginini üpjün eder. Meýdanlara «John Deere» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlar çykaryldy. Olaryň sany şu günler täze tehnikalar bilen artyp başlady. Möwsümde Özbegistanda öndürilen «MX-1,8» kysymly pagta ýygyjy tehnikalary ulanmak meýilleşdirilýär.

Pagtany daşamakda ýük awtomobilleriniň we tirkegli traktorlaryň köpsanlysy hereket edýär. Kabul ediş bölümleriniň 44-si hem-de «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy zawodlarynyň 9-sy gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi.

Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalarda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýarlar.

Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, alym oba hojalykçylar, tejribeli agronomlar, kombaýnçylar, sürüjiler we kärendeçi pagtaçylar gatnaşdylar.

Ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleriniň rowaç we tutuş türkmen halkymyzyň durmuşynyň abadan bolmagyny Beýik Biribardan dileg edip, «Harmanyňyza bereket!» diýen sözler bilen pagta ýygymy möwsümine ak pata berdiler.

Soňra Döwlet baýdagymyz, halylar hem-de şygarlar bilen bezelen üsti «ak altyn» ýüklenen awtoulaglar we tirkegli traktorlar Köneürgenç etrabynda ýerleşýän pagta arassalaýjy zawoda tarap ugradylar.

Dabaralaryň çäklerinde çärä gatnaşyjylar «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşen binagärlik ýadygärliklerine hem aýlandylar.

Oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de welaýatyň obasenagat toplumynyň öndürýän önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatyň aýdym-saz we folklor-tans toparlary ajaýyp konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Sportuň milli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter