Baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açyşlary | TDH
Jemgyýet

Baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açyşlary

опубликованно 21.09.2019 // 252 - просмотров
 

Şu gün ak mermerli paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp, täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Parahat — 7/3 ýaşaýyş jaý toplumynda iki sany belent ýaşaýyş jaýy, şeýle hem paýtagtymyzyň çäklerinde günebakar ýagyny we un öndürýän kärhana gurlup, ulanylmaga berildi.

Säher bilen döwrebap derejede bezelen täze binalaryň ýanynda türkmen toýlaryna mahsus ýagdaý emele geldi. Şanly waka mynasybetli guralan dabara Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we köp sanly şäher ilaty gatnaşdy.

Bu ýerde mähriban Watanymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary belent ruha beslenen çykyşlary bilen bu ýere ýygnananlary gutladylar.

Dabara gatnaşyjylar Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar we döredijilikli durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmegi barada yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary netijesinde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde şäherleriň we obalaryň keşbini özgertmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häzirki zaman senagat, durmuş we medeni maksatly döwrebap desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Ähli amatlyklary bolan we häzirki zaman we hil ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary bilen türkmenistanlylary doly üpjün etmek milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi beýik döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini esasy ugur edinýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjeginde emele gelen Parahat — 7 etrapçasy ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini äşgär edýär. Bu ýerde paýtagtymyzyň müňlerçe maşgalalary täze jaýlara göçüp geldiler.

Parahat — 7/3 ýaşaýyş jaý toplumy hem bu künjegiň batly depginler bilen ösýän ýeri bolup durýar. Ýunus Emre, Alty Garlyýew, Baba Annanow adyndaky we “10 ýyl Abadançylyk” köçeleriniň aralygynda 30 gektardan gowrak meýdany bolan bu ýerde soňky ýyllarda dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 100-den gowragy guruldy. Mundan başga-da, ýene-de 23 ýaşaýyş jaýyny bina etmek meýilleşdirilýär.

Şu günki guralan dabarada 108 we 54 öýli ýaşaýyş jaýlaryna 162 maşgala göçüp geldi. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan we goşmaça kömekçi desgalary bolan jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr. Täze jaýlara göçüp gelenler ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täzeçil çözgütler esasynda taslamalaşdyrylan jaýlaryň bezeg işlerinde döwrebap serişdeler ulanyldy. Olarda zerur enjamlar bilen üpjün edilen aşhana, eýwan hem-de ähli amatlylygy özünde jemleýän giň otaglar bar. Häzirki zaman ölçegi esasynda taýýarlanylan mebeller telekeçileriň önümleri bolup durýar.

Ýaşaýyş jaýlarynyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, ol ýerde çagalaryň oýun we uly ýaşlylaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin meýdançalar döredildi. Şeýle hem bu çäkde gök zolaklar döredildi, dürli güller ekildi. Yşyklandyryş ulgamy döwrüň talabyna laýyk gelýär.

Täze jaýlaryň açylyşy mynasybetli guralan dabarada halkymyzyň medeni däpleri, häzirki zaman milli sungatymyz öz beýanyny tapdy. Zehinleriň sazlaşygyndan medeni çäräniň dabarasy belende galdy. Dabara gatnaşyjylar mähriban Watanymyza we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan buýsançlaryny beýan etdiler.

Asyrlar aşyp gelýän asylly däbe görä, dabaranyň myhmanlaryna toý pişmeleri we beýleki dürli tagamlar hödür edildi. Şatlyklaryny paýlaşmak üçin myhmanlar täze jaýlara çagyryldylar.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri täze jaýa göçmegi durmuşyň örän ähmiýetli wakalarynyň biri hasaplaýar. Şu gün hem myhmanlar hödürlenýän tagamlardan dadyp, gapylaryny giňden açan öýlere girip, jaý eýelerini gutladylar.

Täze jaýlaryň öňündäki meýdançada durmuş toýunyň ähli dessurlaryny özünde jemleýän çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Täze jaýyň işigine gelnalyjy gelip saklanýar. Şunlukda, gelni öýe salmak däbi görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň özboluşly däp-dessury, gadymy wagtlarda bolşy ýaly, häzirki wagtda hem täze ösüşe eýe boldy. Olar özüniň ruhy-medeni köklerine we gadymy maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan türkmen halkynyň durmuşynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu gadymy däp-dessur täze jaýlaryň açylyşy mynasybetli guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Bu ýerde guralan jaý toýlary, täze maşgalanyň gelmegi mynasybetli guralan dabara bilen utgaşdy.

Soňra täze gelen gelniň öýüň işiginden ilkinji gezek ätlemegi mynasybetli geçirilýän dessurlara orun berildi.

Şol wagtyň özünde täze jaýlaryň ýene biriniň ýanynda türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän “gelin toýy” dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde gelin gelmeginiň öňüsyrasynda geçirilýän atgulak asmak çäresi görkezildi.

Däbe görä, toý güni guda tarapdan gelenler gelinligiň gapysyny saklaýan zenanlara sowgat berýärler. Däp-dessurlara laýyklykda, gelni halynyň üstünde oturdýarlar, onuň ýanynda bolsa gelnejesi oturýar. Gelniň garyndaşlaryna dürli görnüşli sowgatlary paýlaýarlar. Soňra zenanlaryň biri gelnalyjyny uzak saklamaly däldigini ýatladýar. Şondan soňra gelnejesi gyzy gelnalyjy awtoulagyna mündürýär. Dabaraly ugradyşdan soňra gelnalyjy öýlenýän ýigidiň öýüne tarap ugraýar.

Täze durmuş guran ýaşlar hormatly Prezidentimize ýaş maşgalalar hakynda hemişe alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edýärler. Häzirki wagtda olar şeýle ajaýyp öýlerde ýaşamaga mümkinçilik aldylar.

Goňşy öýde hem goşa toý bolýar, olar täze öýe göçüp gelmekleri mynasybetli hem-de bäbek toýuny edýärler, bu dabaralar hem milli däp-dessurlara laýyklykda geçirilýär. Çaga ýaňy ýöräp başlanynda, “ýörjen-ýörjen” diýilmegi, “galpak toýy” we beýleki däp-dessurlar türkmen maşgalalarynda çagalaryň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalýandygynyň mysallarydyr. Ösüp gelýän körpä geljekde bagtyýar durmuş, berk jan saglyk we ähli gowulyklaryň arzuw edilmegi çagalar bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň özenini düzýär.

Maşgala, ene-atalar, çagalar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň durmuşynyň hiliniň gowulandyrylmagyna, jemgyýetiň ruhy, aň-paýhas, döredijilik mümkinçilikleriniň doly açylmagyna gönükdirilen milli ykdysady strategiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şu gün ulanmaga berilýän täze desgalaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda gurlan günebakar ýagyny we un öndürýän kärhana hem bar.

Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň doly üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Obasenagat önümlerini gaýtadan işleýän pudagyň we azyk senagatynyň ösdürilmegine, bu ulgamda ýurdumyzyň haryt öndürijilerine berilýän hemmetaraplaýyn döwlet goldawy netijesinde uly sepgitlere ýetildi.

Bu şanly waka daşyndan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda ýene bir möhüm ädimdir. Häzirki zaman obasenagat düzümleriniň ösdürilmegine uly möçberli maýa serişdeleri goýberilýär, munuň özi döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Türkmen telekeçileri döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldawa daýanmak bilen, ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply dürli harytlaryň önümçiligini yzygiderli artdyrýarlar.

2 gektar meýdany eýeleýän günebakar ýagynyň we unuň önümçiligi boýunça kärhana “Gündogar akymy” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri tarapyndan bina edildi. Bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 7 müň 200 tonna günebakar ýagyny we 20 müň tonna un öndürmäge deňdir. Täze desganyň çäklerinde häzirki zaman gaýtadan işleýän önümçiliginiň ähli düzümleri — önümçilik bölümleri, ammarlar, barlaghana, ýyladyş ulgamy, dolandyryş-durmuş binasy ykjam ýerleşdirilendir. Toplumyň çäkleri abadanlaşdyryldy we agaç nahallary ekildi.

Täze desga awtomatlaşdyrylan guýujy we ýuwujy ulgamlar, iň täze barlaghana enjamlary, kompýuter arkaly dolandyryş ulgamy, ýangyn howpsuzlygy ulgamy bilen üpjün edilendir. Arassaçylyk kadalarynyň ähli talaplaryny berjaý etmek, işgärler üçin amatly durmuş şertleri göz öňünde tutulandyr.

Bu kärhananyň ulanmaga berilmegi netijesinde onlarça täze iş orunlary dörediler, bu ýerde diňe bir ýokary hilli günebakar ýagyny we un öndürmek bilen çäklenmän, önümçiligiň galyndylaryny maldarçylyk we guşçulyk hojalyklarynda ot-iým hökmünde peýdalanmak hem göz öňünde tutulýar. Häzirlikçe önümçilik üçin çig mal şertnama esasynda Gazagystandan satyn alynýar, emma geljekde telekeçiler zerur bolan ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin birnäçe gektar meýdany kärendesine almagy göz öňünde tutýarlar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan içerki bazary ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek, olary eksporta ibermek, oba hojalyk çig malyny gaýtadan işlemek boýunça dürli önümçilikleriň gurluşyk işlerini çaltlandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşýan goşantlaryny yzygiderli artdyrýarlar. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan gaýtadan işleýän kärhanalaryň köp sanlysy guruldy we bu işleriň depginleri barha artdyrylýar.

Kärhananyň işgärleri telekeçiligiň ösdürilmegini höweslendirmek, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmek meselelerine uly üns berýändigi, ähli babatda türkmen halkynyň mynasyp durmuşynyň üpjün edilmegi baradaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter