Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen barlaghanasy BSGG-niň ählumumy ulgamyna girizildi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen barlaghanasy BSGG-niň ählumumy ulgamyna girizildi

опубликованно 22.09.2019 // 219 - просмотров
 

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň milli barlaghanasyna (Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümi) dümew keseli boýunça Milli merkez derejesiniň we şol bir wagtda dümew keseliniň ýaýramagyna garşy göreşmek gözegçiligi we jogap çärelerini kabul etmek boýunça Global ulgamynyň agzasy derejesiniň berlendigi hakynda hoş habar gelip gowuşdy.

Munuň özi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent derejeleriniň nobatdaky subutnamasydyr, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär, ýurdumyzyň lukmançylyk düzümleriniň ösdürilmegine, onuň iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň goýberilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ulgamda BMG-niň, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda Aşgabatda, Saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, milli Liderimiziň gatnaşmagynda, beýleki üç ugurdaş lukmançylyk merkezleri bilen bilelikde açyldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn özgertmek işleri üstünlikli amala aşyryldy.

Bu merkez Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň möhüm düzüm bölegi, bu gullugyň welaýat bölümleriniň barlaghanalary bilen işlemek meseleleri boýunça utgaşdyryjy edara bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem bu ugurda merkeziň maglumat-seljeriş, ylmy işine we sanjym geçirmek meseleleri boýunça işlerine aýratyn ähmiýet berýär.

Bu merkez, hakykatdan-da, innowasiýa häsiýetli kärhanadyr, onda alnyp barylýan işler durmuş we biologiýa şertleriniň umuman ilatyň saglygyna ýetirýän täsiri ulgamynda ylmy-barlaglaryň geçirilmegine, ekologiýa taýdan arassa azyk tehnologiýalarynyň we sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu maksatlar bilen merkez iň häzirki zaman barlaghanasy we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir, bu bolsa merkeziň işinde amaly we ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmaga mümkinçilik berýär.

Bu edaranyň dürli ugurlar — azyk fiziki-himiýa, azyk bakteriologiýasy, azyk molekulýar-genetika, toksikologiýa, radiologiýa, daşky gurşawyň şertlerini öwrenmek boýunça we wirusologiýa, parazitologiýa, bakteriologiýa, şeýle hem aýratyn howply ýokanç keselleri barlaghanasy (biohowpsuzlygyň 3-nji derejeli barlaghanasy) ýaly on sany referens-barlaghanalary göwnejaý derejede enjamlaşdyrylandyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu edaranyň işe girizilmegi bilen häzirki zaman ylmy tehnologiýa çemeleşmeleri arkaly saglygy goraýyş ulgamynda milli strategiýalary we maksatnamalary, şol sanda “Türkmenistanda 2003 — 2020-nji ýyla çenli döwür üçin immuno-öňüni alyş milli Maksatnamasyny” ýokary guramaçylyk derejesinde durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Üç ýylyň dowamynda merkezde iýmit önümleriniň hilini barlamagyň usullaryny kämilleşdirmek, molekulýar-genetiki barlaglar, durmuş-hojalyk maksatly desgalaryň toksikologiýa seljerilmegi boýunça, mysal üçin, egin-eşikleriň, mekdep esbaplarynyň, çagalaryň oýunjaklarynyň we beýlekileriň toksikologiýa seljermesi boýunça işleri kämilleşdirmekde uly üstünlikler gazanyldy.

Şeýle hem bu ýerde howanyň, suwuň we topragyň giň gerimli barlaglary geçirilýär. Merkeziň işgärleri ýokanç keselleriň öňüni almakda, olary anyklamakda ýokary netijeler gazandylar.

Referens-barlaghanaly wirusologiýa bölüminde gurnalan ýokary takykly enjamlar örän gysga möhletlerde wiruslary anyklamaga mümkinçilik berýär, bu ýerde şeýle hem wiruslary howpsuz saklamak üçin awtomatlaşdyrylan ulgam bilen enjamlaşdyrylan biologik bank döredildi. Merkezde hil taýdan täze usulyýetler boýunça immunoferment seljermesi, polimeraz yzygiderli reaksiýalar, wiruslary emeli usulda ýetişdirmek hem-de DNK barlaglary geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, BSGG ýurdumyzda wirus ýokanç keselleriniň aradan aýrylandygyny ykrar etdi. Indi köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda gyzamyk we gyzylja keselleri bilen kesellän bir adam hem bellige alynmady. Bularyň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli geçirilýän işleriň oňyn netijesidir.

Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda dümew wiruslary ýaýraýar, bu keselleri döredýän wiruslaryň täze görnüşleri peýda bolýar, olaryň çalt ýaýramak howpy ýüze çykýar. Aşgabatdaky Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň barlaghanasy bolsa ştammlary örän gysga wagtda ýokary derejeli takyklykda kesgitlemek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.

Hut şol sebäpli hem bu edara Dümew keseli boýunça milli merkez derejesine mynasyp boldy, munuň özi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan resmi ykrarnamany alamatlandyrýar, bu gurama Aşgabatdaky merkeze BSGG-niň aýratyn maksatnamasy bolup durýan Dümew keseliniň ýaýramagyna garşy göreşmek gözegçiligi we jogap çärelerini kabul etmek boýunça Global ulgamynyň işine gatnaşmaga ygtyýar berdi.

Bu global hyzmatdaşlygyň çäklerinde dümew boýunça milli merkezler dümew keseliniň ýaýramagyna garşy gözegçiligi gije-gündizleýin amala aşyrýarlar, öz ýurtlarynda kliniki nusgalary ýygnaýarlar we synagdan geçirýärler hem-de dümew keseli ulgamynda maglumatlar we barlaglar boýunça BSGG-niň merkezleri bilen dümew wiruslaryny alyşýarlar, munuň özi wirusologiýa maglumatlary seljermäge hem-de öňde boljak dümew möwsümi üçin dümewe garşy derman serişdesiniň düzümini maslahat bermäge mümkinçilik döredýär.

Mundan başga-da, hyzmatdaşlyk edýän merkezler ýaýraýan ştammlaryň wirus serişdelerine garşy duýgurlygynyň häsiýetnamasyny kesgitleýärler we barlaghana teswirnamalaryny we täzelenen reagentleri berýärler.

Şeýle hem Dümew keseliniň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy we jogap çärelerini kabul etmek boýunça Global ulgam pandemiki ugurly dümew wiruslarynyň peýda bolmagy barada global öňüni alyş guraly hökmünde çykyş edýär, olary alyşmak 2011-nji ýylyň maý aýynda Saglygy goraýyş bütindünýä assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda kabul edilen Pandemiki dümewe taýýarlygy üpjün etmegiň guralyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň wirusologiýa bölüminde referens-barlaghananyň täze derejesi bu merkeziň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda maglumatlary alyşmakda gatnaşyklary işjeňleşdirýändigini hem-de giňeldýändigini alamatlandyrýar. Şeýle hem ýylda iki gezek barlaghana nusgalary we ony barlamagyň netijeleri seljermäniň dogrulygyny tassyklatmak üçin BSGG-niň Londondaky merkezine iberiler.

Bu maglumatlaryň ählisiniň esasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy her ýyl alnan netijelerden ugur alyp waksinalary işläp taýýarlamak boýunça maslahatlary berýär. Mysal üçin, Ýer ýüzüniň gündogar bölegi üçin, eger-de şol ýerde dümewiň belli görnüşi ýaýranda, waksinanyň aýratyn görnüşi talap edilýär, dünýäniň günbatar, demirgazyk we günorta bölekleri üçin hem aýratynlykda şeýledir. Dümewe garşy waksinalaryň netijeliligi ýaýraýan wiruslar bilen waksinanyň düzüminde bar bolan wiruslar bilen meňzeşlik derejesine baglydyr.

Dümewleriň dürli görnüşleri bar, möwsümleýin dümew, şeýle hem pandemiki häsiýete eýe bolan onuň aýratyn görnüşleri bardyr. Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döredilen ýokanç keselleriň öňüni almagyň giň gerimli ulgamy, arassaçylyk ýagdaýyna berk gözegçilik edilmegi hem-de ilat arasynda giňden sanjym çäresiniň geçirilmegi netijesinde dümewiň aýratyn howply görnüşleri ýüze çykmaýar, emma islendik beýleki ýurtda bolşy ýaly, onuň möwsümleýin görnüşleri bardyr, olary hem berk gözegçilikde saklamak gerek.

Ýurdumyzda geçirilýän sanjym çäreleriniň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär. Şu ýyl bu çäre bilen gurşalan ilatyň sany geçen ýylky bilen deňeşdirilende, 20 göterim artdyrylar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi ýurdumyzda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça yzygiderli çäreleri halkara derejede amala aşyrýar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň goldaw bermeginde bu merkez tarapyndan ilatyň arasynda dümewe garşy öňüni alyş çäreleriniň köp sanlysy geçirildi, berk barlaghana gözegçiligi alnyp barylýar. Merkeziň wirusologiýa barlaghanasynda bölünip çykarylan dümewi döredýän wiruslaryň izolýatlaryny identifikasiýalaşdyrmak işleri doly öwrenildi we ýola goýuldy.

Geçen bäş ýylyň dowamynda barlaghanada daşky baha beriş işleriň çäklerinde BSGG-niň hyzmatdaşlyk merkezi bolan Gonkong şäherindäki dümew merkeziniň barlaghanasyndan yzygiderli iberilen näbelli nusgalyklar barlanyldy we netijeleri kanagatlanarly hasaplanylyp, her ýyl bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň güwänamalary alyndy.

Mundan başga-da, wirusologiýa barlaghanasynyň hünärmenleri BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasy bilen hyzmatdaşlyk edýän merkezi bolup durýan Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Smorodinsew adyndaky Dümew ylmy-barlag institutyna birnäçe gezek iberilip hem-de şol institutyň hünärmenleri biziň ýurdumyza çagyrylyp, öz barlaghana şertlerimizde bu işi doly gurnamagyň we ýerine ýetirmegiň usulyýetleri doly özleşdirildi.

2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Merkeziň wirusologiýa barlaghanasynda bölünip çykarylan dümew wiruslarynyň nusgalyklary Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýän Frensis Krik adyndaky Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hyzmatdaşlyk merkezine degişli barlaglara iberildi we barlaghanada bu ugur boýunça işleriň doly we talabalaýyk geçirilendigi olar tarapyndan doly tassyklanyldy. Netijede, wirusologiýa barlaghanasynyň işi “Lukmançylyk barlaghanalary. Hile we başarnyga bildirilýän ýörite talaplar” ISO halkara standartynyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça güwänama mynasyp boldy.

Şu ýylyň aprel aýynda BSGG-niň hünärmenleri tarapyndan hyzmatdaşlyk edýän merkezi tarapyndan Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň milli referens-wirusologiýa barlaghanasyna bilermenler bahasy berildi, onuň jemleri boýunça bu barlaghana dümew keseli boýunça Milli merkez derejesi berildi.

Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan başga-da, BMG-niň saglygy goraýyş ulgamyna degişli beýleki edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Olar BMG-niň Ilat gaznasy — UNFPA (reproduktiw saglygy goraýyş we ýetginjekleriň hem-de eneleriň saglygyny goramak meseleleri), Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) guramalarydyr.

Saglygy goraýşyň köp meselelerine BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşi (EKOSOS), şeýle hem gönüden-göni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan garalýar. Mysal üçin, geçen ýyl sentýabr aýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasyna hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreş meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.

Bu forumyň barşynda ýürek, böwrek, onkologiýa we süýji keselleri zerarly adamlary wagtyndan ozal ölümden goramak üçin çäreleri üpjün etmekde global we milli derejelerde ýetilen sepgitlere ählumumy syn berildi.

Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan temmäkiniň ýaýramagyna garşy gözegçilik boýunça milli model nusgalyk mysal hökmünde getirildi, bu maksatnama ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär we BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan beýleki ýurtlarda ulanmak üçin maslahat berildi. Bellenilişi ýaly, 2018-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda alkogolly içgilerden çendenaşa peýdalanmagyň öňüni almak, raýatlaryň beden taýdan işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de ilatyň ruhy saglygyny goramak boýunça milli strategiýalar kabul edildi.

Ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda durmuş-lukmançylyk iş tejribesiniň aýry-aýry ugurlary boýunça beýleki çäreler hem geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýyl ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň ýolbaşçylygynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyn geňeşmek arkaly guralan saglygy goraýyş hyzmatlary bilen hemmetaraplaýyn giň gerimli gurşap almak boýunça ýokary derejeli maslahatyň işine gatnaşarlar.

Munuň özi bu ugurda iň ähmiýetli syýasy duşuşyk bolar hem-de degişli jarnama onuň jemi bolar, ol agza döwletler bilen ylalaşylar we durnukly ösüş maksatnamalarynyň 3.8 maksadyna laýyklykda gymmat bolmadyk we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek boýunça global tagallalar üçin binýat bolup hyzmat eder.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibiniň çäklerinde ähli ýurtlar 2030-njy ýyla çenli saglygy goraýyş hyzmatlaryna, şol sanda ýokary hilli esasy lukmançylyk hyzmatlaryna we hemmeler üçin howpsuz, netijeli, ýokary hilli we elýeterli esasy dermanlara we waksinalara ählumumy elýeterlilik gerimine ýetmäge borçlandylar.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyran ilkinji ýurtlaryň biri bolmak bilen, olara ýetmegiň ýolunda eýýäm uly üstünlikler gazandy we şunda öňdäkileriň biri hökmünde ykrar edildi. Durnukly ösüş maksatlary möhüm döwlet maksatnamalaryna girizildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olary ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde kesgitledi. Şu ýyl Türkmenistan Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň ştab-kwartirasynda ýokary derejeli Syýasy forumda dünýä bileleşigine Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça birinji Meýletin milli syny hödürledi.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda geçirilýän yzygiderli çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan strategiýasynda öz anyk beýanyny tapýar. Bu strategiýa durmuş ugurly bolmak bilen, döwletimiziň ägirt uly ykdysady kuwwatyna daýanýar hem-de bir asylly maksada — halkymyzyň bagtyýar durmuşy, jemgyýetiň we her bir adamyň sagdynlygy ugrunda wezipäniň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen köp sanly dürli ugurlary öz içine alýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter