Paýtagtymyzda ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy | TDH
Ykdysadyýet

Paýtagtymyzda ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

опубликованно 23.09.2019 // 165 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp, Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi öz işine başlady. Däp boýunça ählihalk baýramynyň öň ýanynda geçirilýän giň gerimli sergide ýurdumyzyň döredijiligiň, okgunly ykdysady ösüşiň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadançylygyň ýolunda gazanan täze üstünlikleriniň bitewi toplumy görkezildi.

Serginiň guramaçysy — ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy ykdysadyýetimiziň döwlete degişli düzümleriniň hem-de maliýe-bank toplumynyň, bilim we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynyň we hususy işewürligiň kärhanalarynyň giň gerimli gazananlaryny görkezýär. Bu gezekki sergide dürli kärhanalaryň 70-den gowragy, şol sanda şereketleriň we kompaniýalaryň, hususy telekeçiligiň düzümleriniň onlarçasy öz mümkinçiliklerini, ýokary hilli önümlerini hem-de ýerine ýetirýän dürli hyzmatlaryny hödürleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň halkara hyzmatdaşlyk, içerki maýa goýum syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty berkidildi, degişli durmuş, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik düzümleri kemala getirildi. Bu syýasat ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, öňdebaryjy usullaryň hem-de ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bäsdeşlige ukyply önümçiligiň geljekde hem giňeldilmegini nazarlaýan öňdebaryjy tehnologiýalar we nou-haular esasynda işleýän köppudaklaýyn senagatyň kemala gelmegi dowam etdirilýär.

Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Aýdym-saz ýaňlanýar, döredijilik toparlary halk tanslaryny ýerine ýetirýärler, milli lybasdaky gyzlar myhmanlara duz-çörek hödürleýärler.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň ýolbaşçylary hem-de deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň wekilleri, öňde boljak Halk Maslahatynyň wekilleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyna gatnaşyjy wekiller, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň baştutanlary, şeýle hem ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna iberen Gutlagynda: «Ýurdumyzda giň gerim bilen gurlup, işe girizilýän, häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybap gelýän kärhanalar, şolarda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümlerimiz halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär» diýip belleýär.

Milli Liderimiz berkarar döwletimizi mundan beýläk-de güýçli depginde ösdürip, ata Watanymyzy dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek baradaky syýasatymyzyň amala aşýandygyny bu gün bütin dünýäniň biragyzdan ykrar edýändigini nygtady.

Sergi merkezinde pudaklaýyn sergi bölümleri ýerleşdirildi, şolarda döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan, gerimi boýunça görlüp-eşidilmedik döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak işleri barada gürrüň berilýär.

«Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň sergi bölümlerinde kartalaryň we pannolaryň üsti bilen halk hojalyk toplumynyň binýatlaýyn pudaklarynyň okgunly ösüşi beýan edilýär. Olar ýokary depginde ösdürilýän düzümler, nebitiň hem-de gazyň özleşdirilen we häzirki wagtda özleşdirilýän känleri, daşary ýurtlara «mawy ýangyjy» ibermegiň häzirki hereket edýän ugurlary hem-de geljekki ýollary, beýleki ýerasty baýlyklaryň känleri, şeýle hem ýurdumyzyň tutuş çägi boýunça çekilen müňlerçe kilometrlik elektrik geçiriji ulgamlardyr.

Aragatnaşyk we ulag ulgamynyň edaralary hem öz diwarlyklaryny guradylar. Halkara ulag geçelgeleri bu ulgamyň garamagyna degişlidir, şolar paýtagtymyzy dünýä ýurtlary bilen birleşdirýär. Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň sergi bölümlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamynda oňyn başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalar, bu ugurlaryň geljekde hem ösdürilmegi barada gürrüň berilýär.

Serginiň aýratyn bölümi ýol gurluşygyna bagyşlanypdyr. Bu gün Türkmenistanda ulag düzümini döretmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Awtobanlar, köprüler, estakadalar, ýolaýrytlar gurulýar, bu desgalar gurlanda, aýratyn inžener-tehniki çözgütler we iň täze tehnologiýalar talap edilýär. Şol sebäpli hem sergide ýurdumyzyň möhüm ähmiýetli ýollarynda köprüleri hem-de köp derejeli aýrytlary gurmaga ýöriteleşen kompaniýalaryň diwarlyklary uly gyzyklanma döredýär.

Ugurdaş edaralaryň, şeýle hem timarlaýyş daşlary, sement, kerpiç, panel toplumlary, magdan däl gurluşyk serişdelerini hem-de turba önümlerini, armaturany we timarlaýyş, lak, reňkleýji örtük serişdelerini, santehniki hem-de elektrotehniki önümleri öndürýän pudagyň iri kärhanalarynyň diwarlyklary ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň okgunly ösüşini hem-de ajaýyp üstünliklerini has doly açyp görkezýär.

Sergide obasenagat toplumynyň diwarlyklarynda türkmen ekerançylarynyň üstünlikleri aýdyň görkezilýär, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwaty, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürmekde dünýä belli kompaniýalaryň döwrebap enjamlary bilen tanyşdyrylýar. Ekologiýa taýdan arassa ýerli çig malyň esasynda çaga iýmitini, miwe we gök önümlerden içgileriň, şireleriň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanylan önümleriň, balyk önümleriniň, ýogurtlaryň, şöhlatlaryň, dürli süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Sergi bölümlerinde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda we soňky wagtlarda işjeň ösdürilýän ýyladyşhana hojalyklarynda ýetişdirilen miweleriň, gök we bakja önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugry obasenagat toplumynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitledi.

Bu ýerde şeýle hem dürli görnüşli «Akdaş» miwe içgileri, «8 ýap», «Saba» hem-de «Joş» söwda nyşanly miwe şireleri, «Hazar balyk» nyşanly balyk önümleri, «Elin» we «Salkyn» nyşanly köp dürli süýt we peýnir önümleri görkezilýär. Özüniň ýokary hili bilen alyjylaryň arasynda uly meşhurlyk gazanan «Hasar» süýji önümleriniň owadan gaplary ünsüňi çekýär.

Ýurdumyzda ary balynyň görnüşleriniň artýandygyny bellemek gerek. Ýerli ösümliklerden alnan ary balynyň dürli görnüşleri hem-de bejerijilik häsiýeti bolan propolis, mumyýa ýaly serişdeler sergide görkezilýär.

Azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, içerki bazarlaryň dürli harytlar bilen doldurylmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine döwlet Baştutanymyz möhüm ähmiýet berýär. Welaýatlaryň wekilleri tarapyndan döredilen bölümler munuň şeýledigine güwä geçýär. Bu bölümler her welaýata mahsus önümleriň işlenip taýýarlanylýandygyny görkezip, mähriban ýurdumyza özboluşly gezelenji guramaga mümkinçilik berýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bölüminde ýurdumyzyň birnäçe ýokanç keselleri aradan aýyrmak boýunça ýeten derejesini ykrar edýän halkara güwänamalaryň nusgalary goýlupdyr.

Onda hormatly Prezidentimiziň ylmy işleri, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklere bagyşlanan kitaplary görkezilýär. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, lukmançylyk ulgamynda düýpli ylmy-barlag işleriniň awtory Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini hem-de dünýä saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän lukmançylygyň milli ösüş nusgasyny döretdi.

Sergide derman serişdeleriniň köp görnüşleri, dürli gurallar, lukmançylyk hyzmatlary, dürli ugurlarda işjeň ulanylýan täzeçil işläp taýýarlamalar, tebigy serişdeler we başga-da köp ugurlara degişli maglumatlar goýlupdyr. Lukmançylygyň dürli ugurlaryna işjeň ornaşdyrylýan innowasion ylmy işläp taýýarlamalar, ýokary kompýuter tehnologiýalary görkezilýän bölümler hünärmenleriň aýratyn gyzyklanmalaryna eýe boldy.

Agaç nahallaryny, seýilgäh aýmançalaryny, bezeg serişdelerini we gurallaryny öndürmek bilen meşgullanýan şereketleriň harytlary-da sergide görkezilýär. Köp sanly dürli güller hem-de beýleki bezeg ösümlikleri şäheriň binagärlik ulgamynda we bezeg işlerinde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýan edýär.

«Ýaşyl ösüş» strategiýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli ýörelgä esaslanýan ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň esasy gurallarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ekologiýa ösüş syýasaty adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, milli tebigatymyz bilen sazlaşyga, daşky gurşawyň has-da sagdynlaşmagyna we döwletimiziň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Ekologiýa meselelerini çözmekde Türkmenistanyň tejribesi köp sanly ýurtlar, ilkinji nobatda bolsa, senagat taýdan ösen döwletler üçin nusgalyk bolup durýar.

Ýurdumyzyň ýeten derejesi ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet konsernleriniň we assosiasiýalarynyň, banklaryň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de aýry-aýry kärhanalaryň ýöriteleşdirilen bölümlerinde aýdyň görünýär. Sport we syýahatçylyk ulgamy, sport senagaty hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berýän bölümleriň ýany köp adamly boldy.

Dynç alyş we syýahatçylyk senagatynyň binýadynda bar bolan ägirt uly mümkinçilikler özüniň oňyn netijesini berýär. Ol ýurdumyzyň syýahatçylyk bazaryny höweslendirip, baý medeni-taryhy we tebigy mirasymyzy dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam berýär. Geljekde syýahatçylyk senagatynyň mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagy onuň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň birine öwrülmegine ýardam eder.

Ynsanperwer ulgama, şol sanda bilim we ylym ugurlaryna degişli bölümlerde ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň gazananlary giňden görkezilýär. Ylymlar akademiýasynyň diwarlygynda tehniki işläp taýýarlamalar, täzeçillikler, şeýle hem Türkmenistanyň çägindäki bar bolan gadymy şäherlerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, alymlaryň ýüze çykaran taryhy tapyndylary goýlupdyr. Bilim ministrliginiň bölüminde mekdepleriň synp otaglarynyň döwrebap enjamlary, türkmen ýaşlarynyň abraýly aň-paýhas olimpiadalarynda we sport bäsleşiklerinde gazanan medallary hem-de kuboklary görkezilýär.

Ýurdumyzyň häzirki zaman poligrafiýa we neşir işini görkezýän Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bölüminde meşhur türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserlerine, çagalar çeper edebiýatyna, şol sanda terjime edilen kitaplaryň köp görnüşine möhüm orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli dillerinde neşir edilen we daşary ýurtly okyjylaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolan eserleri, şol sanda watandaşlarymyza Garaşsyzlyk güni mynasybetli ajaýyp sowgada öwrülen «Türkmen alabaýy» atly milli taryhy-medeni ýörelgelerimizi açyp görkezýän kitaby sergä gelýänleriň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy.

Bu ýerde görkezilýän gymmatlyklaryň hatarynda Türkmenistan, onuň taryhy, özboluşly medeni däpleri we häzirki döwür barada gürrüň berýän bezegli, döwürleýin neşirler, publisistik we ylmy-populýar kitaplar hem bar.

Dokma senagaty ministrligi sergide «Türkmenistanda öndürildi» nyşany bilen pagta, ýüpek süýümleri we ýüplükleri, dürli görnüşli matalar, tikin hem-de sowgatlyk önümleriň örän baý görnüşlerini görkezýär.

Döwrebap hem-de iň täze enjamlar bilen üpjün edilen pagta egriji fabrikler, çig maly gaýtadan işlemekden taýýar önümlere çenli doly önümçiligi özünde jemleýän dokma toplumlary, tikinçilik fabrikleri we ýüpek kärhanalary pudagyň esasyny düzýär.

Haly we amaly-haşam sungatynyň önümleri görkezilýän bölümiň guramaçylary sergä örän döredijilikli çemeleşipdirler. Gözelligi, dürli görnüşli ölçegleri hem-de bezegi boýunça ajaýyp halylar, elde dokalan haly önümleri, ýüňden dokalan önümler, milli tahýalar we nepis nagyşlar owadanlygy bilen haýran galdyrýar.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi we täjirçilik banklarynyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň diwarlyklary söwda ulgamynyň işini guramakda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň, telekeçilik işini höweslendirmegiň oňyn täsirini açyp görkezýär. Häzirki wagtda bazar gatnaşyklarynda hususy telekeçilige möhüm orun degişlidir.

Hususy kompaniýalar we firmalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldawyna daýanmak bilen, dürli ugurlarda ýurdumyzyň bazarlaryny özleşdirýärler. Energiýa we suw üpjünçiligi, durmuş himiýasyna degişli harytlar, dokma hem-de mebel önümleriniň önümçiligi we beýlekiler olaryň gazananlaryny açyp görkezýär.

Şolaryň köpüsi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarydyr, olara edara ediş binalarynyň, önümçilik we durmuş maksatly toplumlaryň, ýokary amatlylygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, okuw mekdepleriniň, saglyk merkezleriniň, ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän sport desgalarynyň gurluşygy boýunça döwlet sargytlary ynanylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň sebitleri ösdürmek boýunça syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde welaýatlaryň we etraplaryň, ak mermerli Aşgabadyň keşbi düýpli özgerýär.

Sergi Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly netijeleri gazanýandygyny görkezdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň düýpli özgerdilmegine gönükdirilýändigine şaýatlyk edýär.

Şanly sene bolan mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda wajyp waka öwrülen ykdysady gazananlaryň sergisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragynyň ösüşini aýdyň görkezdi.

Ertir sergi işini dowam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter