Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi | TDH
Jemgyýet

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi

опубликованно 23.09.2019 // 243 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi. Asylly däbe görä, ählihalk baýramyna — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp guralýan maslahatyň işine beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly türkmenler, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar.

Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyga daýanýan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti bolmak bilen, dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek boýunça işlere uly üns berýär, ýylyň-ýylyna daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen işleşmegiň many-mazmuny çuňlaşdyrylýar we gerimi giňeldilýär, ylym we bilim, medeniýet, sungat, neşir işleri, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport, telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny Ýer ýüzünde wagyz etmek, taryhyny we dilini öwrenmek işlerinde aýratyn orny eýeleýär. Birleşigiň daşary ýurtly agzalary Halk Maslahatynyň mejlislerine, milli dabaralara, festiwallara we baýramçylyk çärelerine gatnaşýarlar, öz ýaşaýan ýurtlarynda şeýle çäreleri guraýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlarda türkmen diliniň, özboluşly dessurlarynyň saklanmagy boýunça alnyp barylýan işlere möhüm üns berýär we durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyna goldaw berýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan bina edilen Magtymguly Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdep şeýle mysallaryň biridir. Bu ýerde sebitdäki iň köp sanly türkmenler kowçum bolup ýaşaýar. Şu okuw ýylynda bu mekdepde türkmen dili hem öwrenilip başlanyldy. Munuň özi daşary ýurtly watandaşlarymyzyň ýaş nesline öz taryhy Watanynyň medeni däplerini we baý edebi mirasyny öwrenmäge hem tutuşlygyna iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berer.

DTYB-nyň maslahaty başlanmazdan ozal onuň wekilleri döwlet Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp guralýan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Daşary ýurtly watandaşlarymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dürli ulgamlary ösdürmekde geçirilýän giň gerimli işler, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýan ägirt uly taslamalar barada aýdyň düşünje berýän sergi bilen tanşyp, oňyn ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny has-da artdyrdylar.

Günüň ikinji ýarymynda “Mekan” köşgüniň mejlisler zalynda maslahatyň açylyş dabarasy boldy, oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, DTYB-nyň toparlaýyn agzalary bolup durýan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan Birleşigiň şahsy agzalary, ylym we medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy maslahatyň dabaraly bölüminiň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny ägirt uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bu forumyň dünýä türkmenleriniň mundan beýläk-de jebisleşmegine, olaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, parahatçylygyň we dostlugyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gadymy döwürlerden gözbaş alýan watansöýüjiligimizi we milli ýörelgelerimizi dünýä ýüzünde giňden dabaralandyrmak hem-de döretmek we gurmak ýoly bilen eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýmak biziň ählimiziň esasy maksadymyz bolmalydyr. Milli Liderimiziň “Watan — biziň baş baýlygymyz, ol şöhratly geçmişimiz, häzirki bagtyýar durmuşymyz we beýik geljegimiz” diýen ýürekden çykýan sözleri dabara gatnaşyjylaryň her biriniň kalbynda tolgundyryjy duýgulary oýardy.

Döwlet Baştutanymyzyň maslahatyň wekillerine iberen Gutlagyny bu ýere ýygnananlar ör turup, “Arkadaga şöhrat!” diýen sözleri gaýtalap, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Mejlisiň dowamynda abraýly halkara gurama, ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem giňden meşhur Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp baran işleri hakynda hasabat diňlenildi. Baýramlara baý bolan sentýabr aýynda geçirilen möhüm halkara wakalara aýratyn üns berildi. Baş Assambleýanyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-niň agza döwletleriniň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasy Milletler Bileleşiginiň resmi dillerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.

Bellenilişi ýaly, bularyň ählisi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň belende göterilýändiginiň, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň, şol sanda energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, daşky gurşawy we Hazaryň tebigy serişdeleriniň goralmagy, Aral deňziniň halas edilmegi, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly teklipleriň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ynsanperwer gymmatlyklary dabaralandyrýan syýasaty alyp barýandygy üçin hoşallyk bildirildi. Şeýle hem milli Liderimiziň adyna mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna ajaýyp sowgat bolan kitaby — halkymyzyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýan türkmen alabaýlaryna bagyşlanan täze eseri üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň 15 ýurdunda — Russiýada, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Şwesiýada, Türkiýede, Eýranda, Owganystanda, Pakistanda, BAE-de, Saud Arabystanynda, Ukrainada, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleriniň 27-si bardyr. Onuň düzümine toparlaryň 364-si we ýüzlerçe şahsy agza girýär. Olaryň 358-si daşary ýurt döwletlerinde ýaşaýar.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ulag we energetika ulgamlarynda başyny başlan iri halkara taslamalarynyň, hususan-da, diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän Gazagystan —Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýol böleginiň, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň we ýurdumyzyň iri howa menzilleriniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylara ýurdumyzy ösen senagat döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen iri taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada maglumatlar berildi.

Maslahatda nygtalyşy ýaly, ildeşlerimiziň jebisleşmegini üpjün etmek, dünýäde Türkmenistanyň ynsanperwer syýasatyny, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny, däp-dessurlaryny we adatlaryny, ýurdumyzyň häzirki zamanda gazananlaryny wagyz etmek daşary ýurtda kowçum bolup ýaşaýan watandaşlarymyz bilen alnyp barylmaly işleriň esasy ugurlarydyr. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny we oňyn ählumumy başlangyçlaryny wagyz etmekde hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň orny uludyr.

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip atlandyrylan 2019-njy ýylda birleşigiň daşary ýurtlardaky bölümleri Watanymyzyň şan-şöhratynyň arşa göterilmegine, dürli ulgamlarda ýurdumyzyň gazananlaryny wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreleri geçirýärler. Ol medeni mirasyň goralyp saklanylmagyna we wagyz edilmegine bagyşlanandyr. Daşary ýurtly ildeşlerimiz öz makalalaryny, şeýle hem edebi eserlerini “Türkmen dünýäsi” gazetinde we Türkmenistanyň beýleki neşirlerinde ýerleşdirýärler.

Maslahatyň dowamynda Russiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Eýrandan we beýleki ýurtlardan gelen ildeşlerimiz Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümleriniň işi hakynda gürrüň berdiler. Olar pursatdan peýdalanyp, milli Liderimize daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiz hakynda edýän, hakykatdan-da, atalyk aladasy we berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Maslahata gatnaşyjylar Owganystana durmuş-ykdysady taýdan berilýän ýardamy we goldawy, ýurdumyzyň hasabyna döwletleriň birnäçesinde gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk we ynsanperwer syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine mysal hökmünde görkezdiler.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ähli oňyn halkara başlangyçlary, durmuşa geçirýän oňyn syýasaty döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat edýär. Olar tutuş dünýäde parahatçylyga, abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilendir.

Türkmen medeniýetini we onuň görnükli wekillerini wagyz etmäge ýardam berýän çäreleriň geçirilişi hakynda habar berildi. Maslahata gatnaşyjylar şeýle hem milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ýörelgelerine laýyklykda, dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeňlerini hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy, forumyň ahyrynda bolsa oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk Ýüzlenmesini kabul etdiler. Onda milli Liderimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy bilen gutladylar hem-de Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny pugtalandyrmagyň, milletimiziň ruhy taýdan galkynmagynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz zähmeti hem-de daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň işine berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy, Konsert Türkmenistanyň Döwlet hory tarapyndan ýerine ýetirilen “Biz Arkadag bilen” atly watançylyk aýdymy bilen açyldy. “Mekan” köşgünde mähriban Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzy, mähriban topragymyzyň gözelligini şöhratlandyrýan milli aýdymlar we sazlar kalplary joşduryp ýaňlandy, tans we saz sahnalary ýerine ýetirildi.

Konsertde ýurdumyzyň artistleri bilen birlikde, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Owganystandaky Magtymguly adyndaky medeniýet merkeziniň daşary ýurt bölüminiň wekili hem çykyş etdi. Dutarçy “Türkmenistan ýaşasyn” diýen özüniň täze aýdymyny ýerine ýetirdi. Bu aýdym tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Köşgüň eýwanynda we mejlisler zalynyň öňünde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Onda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen baglanyşykly gymmatlyklar görkezildi. Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman neşir önümleri görkezildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlerine hormatly orun berlipdir. Olaryň hatarynda milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly täze eseri bar.

***

Daşary ýurtly ildeşlerimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine hem gatnaşarlar. Olar üçin muzeýlere we teatra, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, paýtagtymyzdaky we onuň töweregindäki beýleki ajaýyp künjeklere baryp görmegi öz içine alýan uly medeni maksatnama taýýarlanyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter