Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany O.D.Kononenko «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany O.D.Kononenko «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

опубликованно 25.09.2019 // 323 - просмотров
 

Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny, älem giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen özleşdirmekde görkezen şahsy gahrymançylygyny we gazanan üstünliklerini, döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, ýokary hünär ussatlygyny, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:

Russiýa Federasiýasynyň uçarman-kosmonawty, «Kosmonawtlary taýýarlaýan Ý.A.Gagarin adyndaky Ylmy-barlag synag merkezi» Federal döwlet býujet edarasynyň kosmos işi boýunça «ROSKOSMOS» döwlet korporasiýasynyň tälimçi — kosmonawt — synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Dmitriýewiç Kononenko Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn medalyny gowşurmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter