Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2020-nji ýylda çagyrmak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2020-nji ýylda çagyrmak hakynda

опубликованно 25.09.2019 // 211 - просмотров
 

Türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň baý taryhy tejribesini göz öňünde tutup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet ähmiýetli, giň gerimli işleri halkymyzyň wekilleri bilen giňden ara alyp maslahatlaşmak, döwletimizi we jemgyýetimizi milli demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi dowam etdirmek we kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty karar edýär:

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde çagyrmaly.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin girizmeli.

3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter