Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamak hakynda

опубликованно 25.09.2019 // 213 - просмотров
 

Ata Watanymyz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşleriň ak ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygardan ugur alnyp, mähriban halkymyzyň durmuşynyň mynasyp derejesini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň düzümlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň durnukly ösüşi gazanylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty karar edýär:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň taryhy maslahatda eden çykyşynda öňde goýan wezipelerini — Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamaly.

2. Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky teklibi biragyzdan goldamaly hem-de Türkmenistanyň Mejlisine Konstitusion topar bilen bilelikde degişli işleri geçirip, taýýarlanylan resminamalary 2020-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine hödürlemegi tabşyrmaly.

3. Döwlet häkimiýet edaralary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter