Türkmenistanyň Prezidenti «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 26.09.2019 // 296 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýetip gelen baýramçylyk — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady hem-de milli Liderimize we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk hem-de täze taryhy döwürde ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Işewür «NATA Holding» kompaniýasynyň çalt depginler bilen ösýän Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk edýändigine tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýdyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen Halk Maslahatynyň düýn geçirilen mejlisiniň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de mähirli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Senagat hem-de ulag-aragatnaşyk pudagyny ösdürmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň, köprüleriň hem-de demir ýol düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşýan «NATA Holding» bilen köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň netijelerine ýokary baha bermek bilen, işewür ulag ulgamynda täze bilelikdäki taslamalar babatda birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara bähbitli işewür gatnaşyklary berkitmek meselelerine türk hyzmatdaşlarynyň netijeli çemeleşýändigini nygtap, ýol-ulag desgalary gurlanda, täze tehnologik çözgütleri we öňdebaryjy ylmy işleri peýdalanmak, gurluşygyň ýokary hilini üpjün etmek potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy talap bolmagynda galýar diýip belledi.

Duşuşygyň ahyrynda «NATA Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi kompaniýanyň netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine, öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter