Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 26.09.2019 // 341 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan köptaraply işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.

«Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk we döredijilik syýasaty netijesinde, dünýäniň has depginli ösýän döwletleriniň biri hökmünde halkara giňişliginde şöhrata eýe bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny wekilçilik edýän kompaniýasynyň maksat edinýändigini aýtdy.

Işewür ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýän köp döwletleriň wekillerini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna jemlän birinji Hazar ykdysady forumynyň işewür toparlar üçin ähmiýetini nygtady.

Myhman bu forumyň çäklerinde guralan innowasion tehnologiýalar sergisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşyň ähli ulgamlarynda Türkmen döwletiniň gazanýan üstünliklerini, milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwatyny açyp görkezmäge, daşary ýurtly gatnaşyjylar, şol sanda türk kompaniýalary üçin özleriniň geljegi uly taslamalaryny görkezmäge mümkinçilik berendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ösüşlere beslenen düýpli özgertmeler syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, innowasion tehnologiýalary ulanmaga hem-de daşary ýurtlaryň iň oňat tejribelerini çekmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan Türkiýäniň birnäçe iri kompaniýalary ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarydyr.

Duşuşygyň dowamynda holdingiň ýolbaşçysy kompaniýa ynanylan desgalarda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi hem-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly täze teklipleri hödürledi.

Türkmenistanda amala aşyrylýan halk hojalyk toplumynyň strategik taýdan möhüm pudaklaryny ösdürmek baradaky maksatnamalar bilen baglylykda açylýan mümkinçilikler söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Şu babatda milli Liderimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow kompaniýa ynanylan taslamalar ýerine ýetirilende ýokary hil talaplarynyň hem-de gurluşyklaryň şertnamada bellenilen tertibiniň we desgalary ulanmaga bermegiň möhletiniň berjaý edilmeginiň zerurdygyna işewüriň ünsüni çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny takyk ýerine ýetirmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter