Türkmenistanyň Prezidenti «Altkomyň» direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti «Altkomyň» direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi

опубликованно 26.09.2019 // 387 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altkom» maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni hem-de düýn geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň dakylmagy bilen gutlady.

Milli Liderimiz ukrainaly işewüri mübärekläp, gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy hem-de «Altkomyň» öňdebaryjy tejribesini we ýurdumyz bilen bilelikde amala aşyrýan taslamalaryny belledi.

Maliýe-senagat toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, milli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşynda açylan uly mümkinçilikleri belledi. Şunuň bilen baglylykda, myhman milli Liderimiziň Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berdi. Bu forum ilkinji gezek Awazada geçirildi hem-de uly üstünlige eýe bolup, netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrüldi.

Myhman işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijidigini hem-de gatnaşyklaryň, şol sanda dürli desgalary we awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyň uly kuwwata eýedigini belledi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan dürli taslamalara gatnaşmagy babatdaky teklipleri beýan etdi hem-de «Altkomyň» jogapkärli wezipeleri çözmek üçin özüniň ähli inžener-tehniki mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ukrainaly hyzmatdaşlaryň özara gatnaşyklara işewür çemeleşmesini makullap, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrýan Türkmenistanyň dostlukly ýurduň kompaniýalarynyň pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryna hem-de ulag ulgamynda iri taslamalara gatnaşmagyna degişli tekliplere garamaga hemişe taýýardygyny belledi.

Myhman bildirilýän ynam üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, tutuş dünýäde abraýy barha artýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmagyň uly hormatdygyny nygtady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter