Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

опубликованно 27.09.2019 // 366 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi milli baýramçylyk — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanan üstünlikleri umumy ykrar edilendir. Siziň ýurduňyz halkara abraýa mynasyp bolup, Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge uly goşant goşýar.

Dostlugyň we birek-biregi hormatlamagyň asylly däplerine esaslanýan rus-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belleýärin. Biziň döwletlerimiziň arasynda baý mazmunly gatnaşyklar, dürli ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Iki ýurduň halklarynyň bähbidine bilelikdäki tagallalarymyz bilen Russiýanyň we Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny we üstünlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Hytaýyň hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmegi özüm üçin uly hormat hasaplaýaryn.

Men ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine uly üns berýärin hem-de hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygy biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine täze derejä çykarmak üçin Siz bilen bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardyryn.

Dostlukly Türkmenistana gülläp ösüşi we has-da kuwwatlanmagy, onuň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size hem-de türkmen halkyna mähirli gutlaglarymy ýollaýaryn.

Germaniýa geljekde hem ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek we jemgyýetiň açyklygyny ýokarlandyrmak ugrunda Siziň ýurduňyza goldaw bermäge taýýardyr.

Size we türkmen halkyna asuda, erkin ösmegi we abadan durmuşda ýaşamagy arzuw edýärin.

Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramçylygy mynasybetli Size tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, türkmen halkyna bagtyýarlyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.

Men ýurtlarymyzyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň, hususan-da, indi Daşary işler ministrliklerimiziň arasynda her ýyl geçirilýän geňeşmeler netijesinde giňelýän gatnaşyklaryň dowam edýändigine guwanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Ýewropa we daşary işler ministriniň ýanyndaky Döwlet sekretary Žan-Batista Lemuanyň Aşgabada amala aşyran saparyny makullaýaryn, ol bu ýerde mähirli kabul edildi.

Men şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berýärin, 2019-njy ýylyň 11 —12-nji awgustynda Awazada Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Medeni, ylym hem-de bilim ulgamlarynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Türkmenistanyň eýe bolan köp sanly artykmaçlyklaryny amala aşyrmak arkaly Siziň ýurduňyzyň ykdysadyýetini berkitmek maksady bilen, kompaniýalarymyzyň taslamalaryny goldamak babatda meniň hyjuwlylygyma bil baglap bilersiňiz.

Hormatly jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Emmanuel MAKRON,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize öz adymdan, halkymyzyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetiniň adyndan mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberendigime örän şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we öňe gitmegi arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Siziň doganyňyz,
Iki mukaddesligiň hyzmatkäri
Salman Ben Abdul-Aziz AL SAUD,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Hindistanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan, şeýle hem öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň durnukly ösüş, mäkäm hyzmatdaşlyk hem-de iki ýurduň halklarynyň ýakyn gatnaşyklary bilen häsiýetlenýändigini uly kanagatlanma duýgusy bilen bellemek isleýärin. Hindistan Türkmenistan bilen ýola goýlan köpugurly gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, şolaryň ýurtlarymyzyň bähbidine has-da berkidilmegine ygrarlydyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglygyny we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa durnukly ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ram Nath KOWIND,
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň ýurtlarymyzyň dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürýändigine tüýs ýürekden guwanýaryn. Hususan-da, şu ýyl Türkmenistana amala aşyran döwlet saparymyzyň çäklerinde, biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmegiň ugurlaryny düýpli ara alyp maslahatlaşdyk. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň dowam etjekdigine tüýs ýürekden umyt edýärin.

Koreýanyň hem-de Türkmenistanyň umumy rowaçlygyny gazanmak üçin hyzmatdaşlygyň we ikitaraplaýyn alyşmalaryň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy çuňlaşdyrmaga hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Size saglyk we üstünlikler, şeýle hem Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Mun Çže IN,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!

Özbegistan Respublikasynyň köpmilletli halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Sizi we doganlyk türkmen halkyny milli baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda geçirilýän parasatly we öňdengörüjilikli syýasat, ähli ugurlarda giň gerimli özgertmeler netijesinde Türkmenistan bu gün ynamly hem-de sazlaşykly ösmegini dowam edip, öz senagat we intellektual kuwwatyny artdyrýar.

Siziň çuňňur oýlanyşykly oňyn Bitaraplygyň daşary syýasy ugry hem-de halkara bileleşigiň goldan möhüm ählumumy we sebit başlangyçlaryňyz dünýä giňişliginde ýurduň abraýynyň ýokarlanmagyna, Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge ýardam edýär.

Pursatdan peýdalanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejede üstünlikli geçirilmegi mynasybetli hem gutlaglarymy kabul ediň!

Özbek-türkmen gatnaşyklarynyň, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň işjeň ilerledilmeginiň biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine kybap gelýändigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, döredijilikli işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna ýurduňyzyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we mähirli arzuwlarymy ibermek mende kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Täjigistan biziň ýurtlarymyzyň arasynda çuňňur taryhy kökleri bolan dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmek işine ygrarly bolmagynda galýar.

Döwletara täjik-türkmen gatnaşyklarynyň birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanmak bilen geljekde hem özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine umyt edýärin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Özygtyýarly ösüş ýyllarynda Siziň ýurduňyz döwlet gurluşy, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, halkyň hal-ýagdaýyny we halkara abraýyny ýokarlandyrmak işinde uly üstünlikleri gazandy.

Gazagystanda Türkmenistanyň gazananlaryna guwanýarlar hem-de biziň döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly we ynamly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berýärler.

Biziň bilelikdäki netijeli işlerimiziň gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde we çuňlaşdyrmakda üstünligiň kepili bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan we öz adymdan Sizi hem-de türkmen halkyny ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň!

Strategik we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanan Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde hem döwletlerimiziň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet işiňizde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Sooronbaý ŽEENBEKOW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi we doganlyk türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan milli gurluşynda, durmuş we ykdysady taýdan ösüşinde, halkara giňişlikde eýeleýän ornuny berkitmekde belent sepgitlere ýetdi.

Belarusda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň we birek-birege goldawyň has-da ösdürilmegine umyt edýärler.

Umumy tagallalarymyz bilen iki halkyň bähbidine doly kybap gelýän belarus-türkmen gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarjakdygymyza ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglygyny hem-de meýilnamalary amala aşyrmakda üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa parahatçylygy we abadançylygy tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ukrainanyň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Sizi milli baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ukrainanyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hormat we birek-birege düşünişmek häsiýetleri mahsus bolan hyzmatdaşlygyň biziň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat döredýändigine ynanýaryn.

Size berk jan saglygyny, jogapkärli döwlet işiňizde egsilmez gujur-gaýrat we täze üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, agzybirlik we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Wladimir ZELENSKIÝ,
Ukrainanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny jar eden pursadyndan bäri geçen döwrüň içinde ýurduň durnuklylygyny we ösüşini üpjün etmegiň ýolunda umumy ykrar edilen üstünlikleri gazanmagy başardy.

Biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň birek-biregi hormatlamak we dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak ýaly asylly däpleriniň dürli ugurlarda mümkinçilikleri açmaga hem-de özara bähbitli taslamalary amala aşyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ähli gowulyklary, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Armen SARKISÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Gruziýanyň halkynyň adyndan we öz adymdan Sizi Türkmenistanyň döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyzlygyň geçen ýyllarynyň içinde, giň gerimli özgertmeleri we toplumlaýyn reformalary durmuşa geçirmegiň ýolunda Türkmenistan halkara giňişlikde ýurduň döwletliligini we abraýyny pugtalandyrmak işinde uly netijeleri gazanmagy başardy.

Ýurduňyz Siziň ýolbaşçylygyňyzda durnukly ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän milli meýilnamalary we maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen, aýdyň durmuş ugurly syýasaty alyp barýar.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan belent halkara münberlerden parahatçylykly başlangyçlary öňe sürmek bilen, diňe sebitde däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmak işine mynasyp goşant goşýar.

Dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanan ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine ynanýaryn. Şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara täze itergi bermek maksady bilen, Siz bilen ýakyn wagtda duşuşmak isleginden ugur alýandygymy aýtmak isleýärin.

Sizi şu şanly baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn hem-de Size berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, dostlukly Türkmenistana bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Salome ZURABIŞWILI,
Gruziýanyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter