Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

опубликованно 27.09.2019 // 268 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Türk halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyzlyga eýe bolan gününden bäri, aýratyn hem Siziň Alyhezretiňiziň baştutanlygynda Türkmenistan möhüm başlangyçlary öňe sürüp, öz raýatlarynyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etdi, sebit durnuklylygyny saklady.

Diliň, ynamyň, medeniýetiň, taryhyň we gymmatlyklaryň umumylygyndan gözbaş alýan häzirki doganlyk we dostluk gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça has-da pugtalandyrylmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize, gadyrly doganyma berk jan saglyk, bagt we üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Azerbaýjan halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň milli baýramy --Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we goldamak ýörelgelerine esaslanýar. Döwletara gatnaşyklarymyzyň hem-de hyzmatdaşlygymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine we giňeljekdigine ynanýaryn.

Şu şanly günde, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, Siziň işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi maňa Italiýa Respublikasynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size mähirli gutlaglarymy we dostlukly türkmen halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýollamaga ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Siziň Alyhezretiňiziň boljak saparynyň biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy hem-de Aşgabat bilen Rimi syýasy, ykdysady we medeni derejelerde baglanyşdyrýan gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin möhüm waka boljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz bilen Kwirinalda duşuşyga garaşmak bilen, men ýene-de bir gezek Size hem-de Siziň ýurduňyza abadançylyk arzuw edýärin.

Serjio Mattarella,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli men Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollamaga örän şatdyryn.

Size rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we bagt arzuw edýärin.

Aleksandr Wan der Bellen,
Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Size berk jan saglyk we möhüm jogapkärli başlangyçlaryňyzda mundan beýläk-de üstünlikler, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Bolgariýa Respublikasy Türkmenistan bilen ýola goýlan durnukly we hoşniýetli gatnaşyklara ýokary baha berýär.

Umumy gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň ählisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna, Bolgariýa Respublikasy we Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Biziň döwletlerimiziň bähbidine iki halkyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygymyzy ýene-de bir gezek tassyklap, Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Rumen Radew,
Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gresiýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy ýollaýaryn.

Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Prokopios W.Pawlopulos,
Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy hem-de abadançylyk, türkmen halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.

Marselo Rebelo de Souza,
Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize we Siziň dostlukly halkyňyza Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglary ýollamak meniň üçin uly şatlykdyr we hormatdyr. Şeýle hem türkmen halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň halkynyň şu mynasybetli olaryň şatlygyny paýlaşýandygyny ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Meniň iň gowy arzuwlarymy we dostlugymy hem-de hormat-sarpamy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Ysraýyl Döwletiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we türkmen halkyny tüýs ýürekden hem-de mähirli gutlaýaryn.

Biz Ysraýylda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara sarpa goýýarys we gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Sizi Ierusalim topragynda mübäreklemek baradaky umydymyzy beýan etmäge rugsat ediň.

Hormatlamak bilen,
Reuwen Riwlin,
Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň milli baýramy -- Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, türkmen halkyna bolsa gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Karl Gustaw,
Şwesiýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.

Filipp,
Belgiýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiziň başarnykly ýolbaşçylygynda biziň doganlyk ýurtlarymyzyň arasynda mähirli we ajaýyp gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Al-Sultan Abdullah Ri’ Aýatuddin Al-Mustafa
Billah Şah Ibni Al-Marhum Sultan Haji Ahmad
Şah Al-Musta’ In Billah,
Malaýziýanyň Patyşasy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter