Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Mulikow I.H. hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Mulikow I.H. hakynda

опубликованно 01.10.2019 // 946 - просмотров
 

Polisiýanyň general-leýtenanty Mulikow Isgender Handurdyýewiçi, işinde we garamagyndaky düzümlere ýolbaşçylyk etmekde goýberen düýpli kemçilikleri, gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanandygy hem-de wezipe borçlaryny gödek bozandygy üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatmaly we ýörite adyny polisiýanyň maýory ýörite adyna çenli peseltmeli, şeýle hem ähli döwlet sylaglaryndan mahrum etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabry.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter