Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça tabşyryklar berdi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça tabşyryklar berdi

опубликованно 01.10.2019 // 401 - просмотров
 

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi. Paýtagtymyzyň daşky keşbi onuň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyň, halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmündäki derejesini şöhlelendirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we hökümet agzalaryna degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şäherde döwrebap we oňaýly gurşawy döretmek meseleleri onuň ekologiýa abadançylygynyň derejesi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Aşgabadyň ähli künjeklerinde arassaçylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek hem hökmany talap bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz okgunly ösýän paýtagtyň keşbiniň özgerýändigine garamazdan, şäheriň taryhy merkeziniň özüniň özboluşlylygyny saklaýandygyny belläp, ýetginjeklik we talyplyk ýyllarynda bu ýere ýygy-ýygydan gelýändigini ýatlady. Ýerli oňaýly seýilgähde baglaryň saýasynda dynç almak hem-de kitap okamak bilen meşgullanmak bolýardy.

Häzirki döwürde hem bu ýer aşgabatlylaryň söýgüli seýilgäh zolaklarynyň biridir. Bu ýere raýatlarymyz maşgalasy bilen dynç almaga gelýärler. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, toý tutýan ýaş çatynjalaryň we olaryň myhmanlarynyň bu ýere şanly waka barada ýadygärlik surata düşýändikleri hem tötänden däldir diýip belledi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabatda şäherlileriň ençeme nesillerini baglanyşdyrýan şeýle ýerleriň ähmiýetini saklamagyň, ýaşaýjylar üçin olaryň özüne çekijiligini saklap galmagyň wajypdygyny nygtady.

Ähli ýerlerde bolşy ýaly, paýtagtymyzdaky şeýle künjeklerde baglara we güllere ideg etmek, estetiki we sazlaşykly giňişligi hem-de adamlaryň dynç almaklary üçin şertleri döretmek boýunça işleri yzygiderli alyp barmagyň wajypdygyny belläp, şäheri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Seýilgähler we seýilbaglar paýtagtymyzyň hakyky bezegi, rahatlygyň ýaşyl zolaklary bolmalydyr. Şol ýerde raýatlarymyzyň wagtyny peýdaly geçirmekleri, dynç almaklary, ajaýyp görnüşlere syn etmekleri üçin ähli şertler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Şunlukda, milli Liderimiz seýilgäh zolaklaryny guramaga döwrebap çemeleşmeleri, landşaft binagärligiň we bezegiň kämil usullaryny ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berip, Aşgabadyň abadançylygyna bildirilýän esasy talaplary kesgitledi. Bu işde esasy zat adam hakyndaky alada bilen baglanyşyklydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň we jemgyýetiň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän ählihalk baýramçylyklarynyň ähmiýetini belläp, öňümizdäki şanly senelere mynasyp taýýarlyk görülmelidigini, olara gabatlanyp geçiriljek dabaralaryň hem-de türkmen paýtagtynda guraljak iri halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi talap etdi.

Şeýle hem Aşgabadyň binagärlik babatda özboluşlylygyny kemala getirmek, ak mermerli paýtagtymyzyň gaýtalanmajak keşbini döretmek üçin kiçi we monumental binagärligiň sazlaşygyny emele getirmek meselelerine içgin we oýlanyşykly çemeleşmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärligiň däplerini hem-de häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgelerini şöhlelendirýän Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen birlikde ýol-ulag düzüminiň, yşyklandyryş ulgamlarynyň we beýleki şäher kommunikasiýalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyny ünsi çekip, bu ulgama öňdebaryjy tejribäni, iň täze tehnologiýalary hem-de sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şolar paýtagtymyzyň “akylly” megapolise öwrülmegine ýardam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter